flowers_
14.03.2024 19:09

Talybyň ýandepderçesinden.


Biziň bir mugallymymyz,   köplenç  şeýle sözleri gaýtalaýardy:  «Talyplyk bir «gezekli çemçe» ýalydyr. Eliňdekä  ondan geregiňi susup aljak bol! Soň munuň ýaly mümkinçilik tapdyryp durmaz».
Ylym-bilim «gazanyndan» geregini susup alyp, onuň eşretini görmek  üçin irginsiz okamak, öwrenmek zerur. Durmuşa nähili çemeleşseň, ol hem şoňa görä öz miwesini berer. Heniz özümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ylym-bilimden mazaly geregimizi  edinmelidiris. Sähelçe äwmezlik etsek, «boş» galarys…

***
Her gün şol bir duralgada durýaryn. Oňa awtobuslar yzly-yzyna garynja «gatnawyny» edip, gelip-geçip dur. Men her gezek awtobusa münüp-düşýän ýolagçylara syn edip, ömrüň duralgasy barada oýlanýaryn. Durmuşyň seni haýsy duralgada garşy aljakdygy belli däl.
Biz — durmuş atly duralganyň ýolagçylary. Ol duralganyň gatnawy kesiler ýaly däl. Yzy üzülmän gelýän awtobuslaryň içinden öz münmeli ulagyňa münmän, başga bir belgili ula-ga münseň, ol seni başga ýerlerden  çykarar.

***
Mosartyň 4 ýaşynda ilkinji sazyny ýazandygyny bilýärin. Bu diýseň täsin. Ýöne kiçijik Gulbabajygyň eýýäm 4 ýaşynda 100-e golaý aýdym aýdyp bilendigine has-da haýran galýaryn…

***
Talyplarda şeýleräk bir aýtgy bar: «Gapydan kowsalar penjireden gir!». Bu her bir ugurtapyjy talybyň şygary. Ol indi söýgi meselesinde-de has köp ulanylýar. Söýgi dünýäsiniň işiginden ätlän talyp ilki gapydan soň penjireden, ondan soň bolmasa, üçekden girmegi ýörelge edindiler. «Söýginiň gapysyny» kakmak üçin ilki onuň ýüregini «açmalydygyndan» olaryň habarlary-da ýok.

***
Arada talyplaryň biri şeýle sözler aýtdy: «Adamyň ömri sähelçe pursat. Onuň ömrüni düzýän ýyllar bolsa gysymyňdaky çäge ýaly ýele sowrulyp, gözden ýitip gidýär. Şonuň üçin ömrümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ony şemala sowurmaly däldiris». Bu sözleriň ýürekden çykandygy üçin ol ýüreklere hem ýetdi.  Şol pursat men içimden şeýle pikir etdim: «Günler haýal geçýär, aýlar ylgap geçýär, ýyllar bolsa uçup…»

31
72
ideallider
14 Mart 2024
@orhideya_, mmm. Zato 30 pikirlenmäge wagt bar 🙂👍
flowers_
14 Mart 2024
@orhideya_, "Yzy üzülmän gelýän awtobuslaryň içinden öz münmeli ulagyňa münmän, başga bir belgili ula-ga münseň, ol seni başga ýerlerden  çykarar." Gijä galmajak bolup, başga belgä münäýmäň:))
ideallider
14 Mart 2024
@orhideya_, 😄duralga programmany ulan
flowers_
14 Mart 2024
@tim_, ýazma ýatdan çykypdyr, Salam!
flowers_
14 Mart 2024
@tim_, https://newashgabat.com
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.