flowers_
16.03.2024 01:33
Güli bolmaly.


Müñ söýseñde ýaryñ,eziz dostlañam
Kalbyñda,törüñde ýeri bolmaly
Gaýgyñda gamlanyp,güleñde gülüp
Käte müñ derdiniñ emi bolmaly


Söýmeli söýen dek bagta çagyryp
Dünýäñ özi söýgä,bagta çakylyk
Hoşluk bilen geçip gidýär çagalyk
Her kimiñ geçmişde ýeri bolmaly


Bir görseñ ertedir,bir görseñ öýle
Käte dyrjaşýarys beýikden-beýge
Ynsan ogly neneñ takatsyz beýle?!
Nebsiñem,gahryñam öz ýeri bolmaly.


Söýgi baky bolar,ölmese ynam
(Ynamsyz,umytsyz ýaşamak ýaman)
Wagt bu bir salgym,geçmiş bir ýalan
Biz öz geljegmiziñ güli bolmaly.


Öwezowa Bilbil Aşyrowna.
38
52
💫Umudum
16 Mart 2024
Gowy gosgy eken💜
alma___
16 Mart 2024
Biz òz heljegmiziñ gùli bolmaly 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.