flowers_
11.03.2024 23:50

«HASSAHANA»


Yşkyň uçgunyndan syçrap bir gün,
Gujagyňda aglan bolup dogýas biz.
Kalby däl-de, garny doýuryp ýörkäk,
Söýgüsizem oňýas biz.

Ýykylsak, zemiňe ýapyşyp turýas.
Emma arka direýäris dünýä biz.
Biri-birimizden habarsyz diýýäs
— Dünýä!
— Dünýäm!
— Dünýämiz!

Bir gün giň, bir günem daralyp duran,
Çölüstanmyň, bizem gorkak tez jeren.
Gollary ho-ol gökde, köki... kim bilýär?
Agaçlarnyň depe saçy hüžžeren.

Çagakam sen juda owadandyň-la,
Dünýä, ýuwaş-ýuwaş gartaşýaňmy ýa?!
Timar ber özüňe, galkyndyr göwni.
Senem gussa bilen galtaşýaňmy ýa?!

Gözlermizi baglap söýgi salgymna,
Düze kowmaň döndi gitdi düzgüne.
Sataşsa, heýjana geldi ýürekler,
Ýogsa, üzlere...

Zemin söýgi aýdymyňy diňleýär,
Goşgularyň yşkyň pagyş-parasy.
Seniň goýnuň «söýgi» diýip iňleýän,
Yşkdan ýaralylaň «hassahanasy»




Aýgül GARAÝEWA.
37
176
flowers_
12 Mart 2024
@amanmyradowna_, sagbol ❤
amanmyradowna_
12 Mart 2024
Yşkdan ýaralylañ hassahanasy❤
flowers_
12 Mart 2024
@manolya, bolýa
manolya
12 Mart 2024
@flowers_, poka gitdim menä)
manolya
12 Mart 2024
Poka )yzy ýok 🤷gitdim
manolya
12 Mart 2024
@Perman__, 🤦😄
manolya
12 Mart 2024
@flowers_, 😂😂😂
flowers_
12 Mart 2024
@Perman__, çaýam şondan demlenýäñizmi😂😂
manolya
12 Mart 2024
1% gitdim menä telim öljek bolýa
manolya
12 Mart 2024
@Perman__, gerekli zatlara alypsyň😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.