enes_∞
17.09.2024 20:05

Lukmanlar maňlaý ýygyrtlarynyň ýürek keseli bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar
Bedeniň daşky görnüşi we saglyk ýagdaýy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tuluza uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, maňlaýdaky köp sanly çuňňur ýygyrtlar ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň çynlakaý töwekgelçiligini görkezýär. Muňa degişli netijeler "Daily Express"-de ýerleşdirildi. Nazaryýeti subut etmek üçin lukmanlar 30 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky meýletinçileriň gatnaşmagynda gözegçilik etdiler. Adamyň maňlaý derisiniň ýagdaýy ýörite şkalada bahalandyryldy, bu ýerde nol - ýygyrtlaryň ýoklugyny aňladýardy we üç nokat - çuňňur ýygyrtlaryň bardygyny görkezýärdi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, ýüzlerinde gaty ýygyrtlary bolan adamlar ýürek we damar kesellerinden ölmek howpundan on esse ýokarydyr. Şol sebäpli islendik üýtgeşmäni yzarlamak möhümdir. Mesele wagtynda ýüze çykarylsa, töwekgelçiligi azaltmaga we wagtynda bejergä başlamaga mümkinçilik bar.

saglyk
Ogultäç GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy
10
26
enes_∞
17.09.2024 19:54

Fobiýa (gorky) barada
Lukmançylykda «fobiýa» diýen düşünje bardyr. Ol adamyň aňynda berk ornaşan, kellesinden gitmeýän, aslynda welin, hakyky (hakykatda bar) howp bilen baglanyşykly bolmadyk gorkyny aňladýar. Fobiýanyň döremegine maşgaladaky, durmuşdaky, işdäki gatnaşyklarda ýüze çykyp bilýän ýiti gapma-garşylyklar, oňşuksyzlyk, dawa-jenjel ýa-da görlüp-eşidilen, başdan geçirilen wakalar (tebigy heläkçilik, köçe-ýol hadysasy, itiň dişlemegi, kimdir biriniň oýun edip ýa-da bilgeşleýin gorkuzmagy) zerarly alnan stresler sebäp bolýar. Nerw bozulmalaryna nesilleýin meýillilik bar bolan adamlarda hem fobiýa ýüze çykyp bilýär.

Fobiýanyň mahsus (spesifiki), mahsus däl we sosial görnüşleri bardyr. Mahsus fobiýa belli bir zat (obýekt), ýagdaý ýa-da adam bilen baglanyşyklydyr. Meselem:

• beýiklikden gorkmak — akrofobiýa;
• garaňkylykdan gorkmak — ahluofobiýa;
• uçarda uçmakdan gorkmak — aerofobiýa;
• açyk giňişlikden gorkmak — agorafobiýa;
• ýapyk jaýda galmakdan gorkmak — klaustrobiýa;
• durmuşda ýalňyz galmakdan gorkmak — autofobiýa;
• ýeke özüň galmakdan gorkmak — izolofobiýa;
• ýiti uçly zatlardan gorkmak — aýhmofobiýa;
• keseliň ýokuşmagyndan gorkmak — mizofobiýa ýa-da basillofobiýa;
• kesellemekden gorkmak — ipohondriýa.
Mahsus däl fobiýanyň hakyky howp bilen baglanyşykly bolmagy ýa-da baglanyşykly bolmazlygy mümkindir. Onuň gabat gelýän (adekwat) we gabat gelmeýän (adekwat däl) görnüşleri tapawutlandyrylýar. Gabat gelýän mahsus fobiýa anyk bir zatdan gorkmakdyr. Adamyň ýarak itden gorkmagy kadaly ýagdaýdyr. Ýöne gapysynda ýarak it daňylgy jaýdan 2 kilometr aňyrdan sowlup geçmek fobiýanyň alamatydyr. Gabat gelmeýän mahsus däl fobiýada oňa duçar bolan adam gorkýar, ýöne gorkynyň nämeden döreýändigine, kimiň, nämäniň özüne howp salýandygyna düşünmeýär. Ol öýünden çykmaga ýa-da kimdir birini öýüne salmaga gorkýar, köpçülikden üzňelikde ýaşanyny gowy görýär. Sosial fobiýa adamyň sosial durmuşy bilen baglanyşykly bolup, ol adamlar bilen aragatnaşyk saklamakdan, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkmagy aňladýar.

Fobiýa bejeriş geçirmek hökmany şert bolup durýan ruhy keseldir. Onuň ýüze çykan wagtynda nerw bozulmalarynyň alamatlary peýda bolýar: näsag derleýär, elleri titreýär, pulsy ýygylaşýar, arterial gan basyşy ýokarlanýar, el-aýaklarynyň myşsalary gowşaýar, käte göreji giňeýär. Ol güýçli gorkanda biygtyýar buşugyp ýa-da uly täret edip bilýär. Şeýle ýagdaý gaýtalanyp durlanda agyr nerw näsazlyklarynyň ýüze çykmagy, näsagyň gorkynyň täsiri bilen nädogry hereket etmegi mümkindir. Meselem, özünde keseliň bardygyna ynanýan adam lukmandan birugsat özbaşdak bejeriş alyp, saglygyna zyýan ýetirip bilýär. Şeýle ýagdaýlarda hökman lukmana görünmeli, hünärmeniň bellän barlaglaryndan geçmeli we bejergi almaly. Sagdyn iýmitlenmek, sport çärelerini yzygiderli ýerine ýetirmek, her gün arassa howada gezelenç etmek, streslerden goranmak arkaly immuniteti pugtalandyrmak hem zerurdyr.

Saglyk
Aşgabat NOHUROW,


Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň
psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň müdiri
9
46
enes_∞
17.09.2024 12:46
Pankeksöýüjiler üçin täsin dizaýn

Megerem, bu görnüş pankek söýüjiler üçin täsin dizaýn bolup biler.😋




A, siz bu jaýda ýaşardyňyzmy?

«TürkmenGazet».
21
227
enes_∞
17.09.2024 07:42

Bu ýer — jennetiň derwezesi!
Elbetde, bu täsin ýer hemmeleriň ünsüni ösüne çekýän bolsa gerek. Ol Hytaýda, Týanmen dagynda ýerleşip, dünýäniň köp sanly jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.

Bu ýere dürli ýollar arkaly baryp bolýandyr. Beýikligi 130 metrden gowrak bolan bu täsin ýer 263-nji ýylda bolan ýer titremesi netijesinde emele gelipdir. Ýer titremesi bolmazyndan öň bu sebite Songlian dagy diýilýän eken. Ýer titremesi bolandan soň, bu ýerde şeýle gowak emele gelýär, we bu ýere şondan soň Týanmen dagy diýlipdir.

Ýýer titremesi netijesinde toprak eroziýasyna, tebigy betbagtçylyklara duş gelse-de, häzirde ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolupdyr. Bu ýerde daglaryň depelerine çenli baý ösümlik we haýwanat dünýäsine syn etmek bolýar. Käwagt bu daglaryň depesi dumanlar, bulutlar bilen örtülýär. Şeýle ýagdaýda onuň keşbi has üýtgeşik bolup görünýär. Bu ýeri ýörite görmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden her ýylda müňlerçe syýahatçylar, myhmanlar gelýär.

Bu owadan sebit özüniň täsin keşbi, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen “Jennetiň derwezesi”diýen ada eýe bolýar. Şeýle gözelligiň hakykatdanam bardygyna we ony öz gözüňiz bilen görüp biljekdigiňize ynanmak kyn, ýöne bu hakykat. Bu ýere çykmak üçin 999 sany basgançakdan ýöremeli bolýar. Jennetiň derwezesi baradaky rowaýatlara we aýtgylara görä, 999 basgançagyň hemmesini ädimläp geçen adam aň-bilimli,hudaýa ýakynlaşmagy başarýan hasaplanylypdyr. Onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi, meşhurlyga eýe üýtgeşik keşbi BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça hökümetara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan aýratyn goralýan ýerleriň sanawyna girizilendir. Şeýle-de bu täsin ýer Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilendir.

Turkmengazet🌍
16
222
enes_∞
16.09.2024 20:42
Sosial ulgamyň ukymyza täsiri
Ýatmazdan ozal ykjam telefonymyzy, ylaýta-da sosial ulgamy ulanmagymyz ukymyza ýaramaz täsir edýär. Akylly telefonlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň ýagty ekrany bedenimiziň ukudan oýanmak we uka gitmek dolanyşygyny kadalaşdyrýan melatonin gormonynyň öndürilmegine päsgel berýän gök ýagtylyk çykarýar. Sosial ulgamy üznüksiz ulanmaklyk beýnimizi işjeň saklap, gözümiziň ýumulmagyny we ukymyzyň tutmagyny kynlaşdyrýar. Netijede, gijeki almaly ukymyz gysgalýar, ukymyzyň hili peselýär we ertesi gün özümizi ýadaw we ünssüz duýýarys. Hut, şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň biri bolan kadaly ukynyň ähmiýetine oňat düşünmelidiris hem-de ýatmazdan ozal telefon we ş.m. gök ýagtylyk çykarýan enjamlary ulanmaga sarp edýän wagtymyzy çäklendirmelidiris.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
18
178
enes_∞
15.09.2024 12:02

Hemme zat başgaça bolmalydy...
Her gün bägül gelmelidi salgy:ma,
Söýgimiziň saglygyna
Şygyr ýazmalydym joşup.
Aşa soýülmelidim,
Geýen men bolmalydym
Toý lybasyny.
Küýli başymy kürte bezemelidi,
Öýüňizi bezemelidim,
Ezmelidim gözüm ýaşa
Diňeje gelinalyjyda.
Seniň ýalyjak oguljygymyzam bolmalydy,
Meniň ýalyjak gyzymyz...
Güýzümiz geldi,
Ýazymyz gelmedi...
Durnalar terk etdi sowuk kalplary,
Haýp ýeri!
Hemme zat başgaça bolmady...


© Uzuk NOWRUZOWA]
14
80
enes_∞
15.09.2024 10:36


Islendik karary çalt kabul etmek üçin…
Her gün biz bir meseleni çözmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne köp ýagdaýlarda näbelilik we şüphe duýulýar. Her bir kabul edilmedik karar psihikada galýar. Şeýle kararlar köp bolanda, psihologiki dartgynlyk ýokarlanýar we biz rahatsyzlygy we gaharjaňlygy başdan geçirýäris. Kararlary çalt kabul etmekde psihologlardan birnäçe maslahatlar:

Tejribe almaga taýýarlykly boluň. Kabul eden kararlaryňyzdan bolup biljek zyýany bahalandyrmaga synanyşyň, netijeleri barada pikirleniň. Olary nädip azaldyp bilersiňiz? Şowsuzlykdan nädip yza çekilmelidigini bilýän bolsaňyz we onuň netijelerini öwrenip bilseňiz, bu saýlawlary aňsatlaşdyrar.

Gorkularyňyz bilen işläň. Gorkular karar kabul etmäge päsgel berýärler we olar, köplenç, ýalan bolýarlar. Şeýle kynçylyklardan gutulmak üçin strategiýalary düzüň. Beýniňize bu emele gelen ýagdaýdan gutulmak üçin meýilnama möhümdir. Aýdylyşy ýaly, bir ýere girmezden ozal, nädip çykyp boljagyny düşünmeli.

Maýa goýumlaryna, peýdalaryna we bolup biljek ýitgilere baha beriň. Saýlamak üçin çykdajylaryň, mümkin bolan peýdalaryň we ýitgileriň sanyny deňeşdirmeli. Ýöne girdeji mümkin ýitgilerden ýokary bolsa, bu ýagdaý has-da gyzykly bolýar. Üstünligiň we şowsuzlygyň ähtimallygyna baha bermegi ýatdan çykarmaň.

Saýlamaga bolan wagtyňyzy çäklendiriň. Karar bermek üçin möhletiňiz bar bolsa, saýlamak has aňsat. Oýlanmak üçin wagtyňyzy çäklendirmäge synanyşyň. Näçe köp pikirlenseňiz, şonça-da şüphe döräp biler. Emma olaryň köpüsi hyýal.

🔻🔺Türkmengazet 🔻🔺
10
98
enes_∞
15.09.2024 10:04

Özüni aýnada tanap bilýän haýwanlar
I synag. Bu soraga jogap bermek üçin amerikaly psiholog Gordon Gellap Şimpanze maýmynyny uky ýagdaýyna (narkoz) getirip, ýüzüne iki we üç reňkli gyzyl tegmil çalypdyr. Soňra ukudan oýanan haýwana aýna hödürläpdir. Maýmyn daşky görnüşiniň üýtgemegi hakda diňe oýlanmak arkaly öwrenip bilerdi. Ol üstünlik gazandy. Haýwan reňklenen ýerlere degip başlapdyr, soňra hapalanan barmaklaryna degip we ysgap hapalanan ýerini arassalap başlapdyr. Gallup bu haýwanyň özüni aýnada tanaýandygyny şeýdip subut etdi. Şondan bäri alymlar köp haýwanlary şol bir synagdan geçirip görüpdirler.

II synag. Gallup maýmun jübüti ýaşaýan kapasa aýna oturtdy we bu täze mebele maýmunlary öwrenişdirmek isledi. Maýmynlar köp wagtlap şol kapasada ýaşasa hem aýnada özüni tanap bilmedi. Ýöne arassaçylyk işleri geçip ýören hyzmatkärleriň aýnadaky şekilini tanamagy başardylar.

III synag. Biolog Çarlz Darwin Londonyň haýwanat bagyna baryp, Orangutanlar saklanýan kapasa göz aýlan wagty üýtgeşik zada gözi düşdi. Ýagny haýwanlaryň bir üýtgeşik stakana seredýändigini we ondan gaýtýan şöhläni öpýändigini we özüne ýakynlaşanda bedeniniň ýoýlandygyny gördi. Alymlar ony stakan ýüzinde özleriniň şekilini görýändigi bilen baglanyşdyrdy.

IV synag. Öldüriji kitler we çüýşe delfinler synagdan geçirildi. Elbetde, maýmunlardan az hilegär bolsalar-da, bedendäki yzlary barlamak üçin aýnanyň öňüne öwrüldiler. Ýöne olaryň gurluş aýratynlyklary sebäpli, olaryň özüni alyp barşyna düşünmek kyndyr.

Türkmengazet 🗾
13
60
enes_∞
14.09.2024 23:35

Örküç
Öňem bir küýki başga bir küýkiniň üstünden güljek bolýarmyş. Ol bolsa oňa barmysyňam diýenokmyş. Bu ikisiniň bolşuny soňuna çenli synlan akyldar şägirdine şeýle tymsal gürrüň beripdir:

– Günlerde bir gün bir düýe: «Eý, düýe! Seniň örküjiň bar! Sen küýki!» diýip, başga bir düýäni ýaňsylapdyr. Aslynda bolsa onuň öz arkasynda birem däl-de, iki örküç bar eken. Wah, hiç bir düýe öz örküjini görmese näme?! Ikinji düýe birinjiniň ýüzüne az salym seredip durupdyr. «Sen-ä mendenem beter küýki!» diýjek bolub-a, asyl azara-da galmandyr. Ol özüniň düýeligini kabul edipdir-de ötägidipdir.

Akyldar şu tymsaldan soň şägirdine şeýle ýüzlenipdir:

– Adamlaram, ana, şolar ýaly. Her kimiňem «örküji» bar. Akylly kişi beýlekiniňem «örküjiniň» bardygyny onuň ýüzüne goýjak bolup durmady. Ýaňsylaýan kişi bolsa öz kemini görmänsoň, beýlekiniň aýbyna güljek bolup başagaý. Hergiz ýagşylyklaryňy diliňe çolap öwünme! Özgäniň kemçiligine seredibem, üstünden gülüji bolmagyn! Ýogsam senem arkaňdaky iki «örküji» görmän, «küýki» diýip bir örküçli düýäniň üstünden gülýän düýäniň ýagdaýyna düşersiň.

Kämillik🍀]
16
72
enes_∞
14.09.2024 20:38

Kim günäkär?
••Adam bilen haýwan dawagär bolsa, adam günäkär.

••Dawagärleriň ikisi-de adam bolsa, akyllysy günäkär.

••Uly bilen kiçi dawagär bolsa, uly günäkär.

••Erkek bilen aýal dawakär bolsa, erkek günäkär.

••Alym bilen nadan dawagär bolsa, alym günäkär.

••Baý bilen garyp dawagär bolsa, baý günäkär.

••Hojaýyn bilen hyzmatkär dawagär bolsa, hojaýyn günäkär.

••Halypa bilen şägirt dawagär bolsa, halypa günäkär.

İnternet sahypalaryndan toplaplanan
14
107