enes_∞
11.09.2024 18:38
Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak3- nji bölüm
“SWAS” zondunyň 3 ýylyň dowamynda alan maglumatlaryna esaslanyp, älemşynaslar Älemiň giňligi 13,7 milliard ýagtylyk ýylydyr diýen netijä gelipdiler. Emma “Spiser” teleskopynyň soňky alan maglumatlary Älemiň giňliginiň ol möçberden has uludygyny görkezýär. Diýmek, Älemiň hakyky giňligi älemşynaslaryň ulanýan teleskoplarynyň kuwwatyna bagly bolup galýar.

“Kassini” arş gämisi Saturndan we onuň hemrasy Titandan täsin maglumatlary iberdi. Titanyň atmosferasynyň Ýeriň atmosferasyna çalym edýändigi anyklanyldy. Hakykatdan hem, Titanyň galyň, organiki birleşmelere baý atmosferasy Ýeriň atmosferasynyň 3 -4 milliard ýyl mundan öňki döwrüni ýada salýar. Titanyň atmosferasynyň daşky gatlaklarynda uglewodorodyň çylşyrymly organiki molekulalarynyň gaz görnüşinde bardygy anyklanyldy. Häzirki wagtda görünmeýän massanyň görünýän massa täsiri we uly-kiçi astronomik sistemalaryň belli bir tekizlikde ýerleşýändikleri belli boldy.

Adamyň Älemdäki orny. Astronomiýa ylmy boýunça alnan maglumatlara görä, Ýeriň, Gün sistemasynyň, Galaktikamyzyň we Älemiň iňňän täsin gurluşy bar. Galaktikalar öz aralarynda ýerli Galaktikany düzýär. Hemme gözegçilik edilen Galaktikalar Metagalaktikanyň düzümine girýär. Gyzyl süýşmä laýyklykda Metagalaktikanyň giňelmegi dowam edýär. Älemde kwazarlar, neýtron ýyldyzlary, “gara girdaplar” we başga-da asman jisimleriniň birgideniniň bardygy mälimdir. Olara çenli aralyklar dürli-dürlüdir. Ýagtylyk, takmynan, 300000 km/s tizlik bilen hereket edip, Günden 8,5 minutda Ýere gelip ýetýän bolsa, ol Plutona 5,5 sagatda baryp ýetýär. Güne iň golaý ýyldyz bolan Sentawranyň Proksimasyndan şöhle Güne 4,22 ýylda, Galaktikamyzyň merkezinden bolsa 32600 ýylda gelip ýetýär.

Gün Galaktikanyň daşyndan 200 million ýylda bir gezek aýlanýar. Biziň Galaktikamyzda 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar. Bize iň ýakyn Galaktikalar Magellan bulutlary we Andromedanyň dumanlygydyr. Uly Magellan buludyndan bize şöhle 196000 ýylda, Kiçi Magellan buludyndan bolsa 163000 ýylda, Andromeda Galaktikasyndan şöhle bize 2 million 300 müň ýylda gelip ýetýär. Henize çenli biçak uzak aralykda adamzatdan başga janly-jandaryň bardygy barada maglumat almak başardanok. Öň Älemiň giňligi 13,7 millard ýagtylyk ýyly diýlip hasap edilen bolsa, indi 9,1 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Galaktikalar toplumynyň bardygy mälim boldy. Munuň özi Älemiň giňliginiň çäksizdigini görkezýär.

Ýerdäki durmuşy saklamak üçin adamyň orny iňňän uludyr. Sebäbi, bar bolan maglumatlara görä, adamzat diňe Gün sistemasynda däl-de, eýsem ýakyn kosmosda hem ýeke-täkdir. Ýaşaýşyň döremegi üçin, biziň Galaktikamyz şeýle bir baý däldir. Sebäbi, diňe merkezi ýyldyzyň öz häsiýetleri boýunça biziň Günümize meňzeş bolan halatynda ýaşaýyş emele gelip biler diýlip hasap edilýär. Alnan maglumatlara görä, biziň Galaktikamyzda häsiýeti boýunça Güne meňzeş ýyldyzlaryň sany 40000-e golaýdyr. Megerem, şolaryň birinde planetalar sistemasy emele gelip, onda hem ýaşaýyş üçin amatly şertleriň dörän bolaýmagy ähtimaldyr. Gün sistemasynda we ýakyn kosmosda adamzadyň ýeke-täkligi onuň öňünde iňňän wajyp meseleleriň biri bolan ýaşaýşy, durmuşy goramak meselesini goýýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby
11
84
ideallider
11 Sentýabr 2024
@enes_∞, çagaly postuňdaky ýazan teswirimi awtor barada aýdandyryn, sen barada däl.
ideallider
11 Sentýabr 2024
Çagaly posty aýyraýdyňmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.