enes_∞
12.09.2024 00:25

GÖRIPLIK ETMÄŇ!
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. «Göribe rahatlyk ýokdur» diýilmeýärmi näme?! Ol guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.

Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: göriplik etmäliň! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.

Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän keselleridir.

Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... Göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.

Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez.

👁️‍🗨️
13
108
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
@ideallider, hää😂, bir nesibeli güni açylarda ülje gaplanan banka-da😌
ideallider
12 Sentýabr 2024
@geldiyevna, ol hijem könelenok, gutaranok, aýrylanok
geldiyevna
12 Sentýabr 2024
Ah, üljäň möwriti bireýýam sowuldy, Roma
geldiyevna
12 Sentýabr 2024
@ideallider, 😂😂
ideallider
12 Sentýabr 2024
@geldiyevna, howwa. Menem sende geňlik ýa gudrat göremok. Adamda hökman bir üljejik bolmaly. Sende entegä duýamok!
geldiyevna
12 Sentýabr 2024
@ideallider, hymm, bolupdyr, synanyşyp göreýin, ýöne gowy tarapym bir barmyka😁
ideallider
12 Sentýabr 2024
@geldiyevna, özüm bolupförmämsoň nädip goýulýanyny bilemok. Ýöne özünkiň gowy taraplaryny görmäge synanşmaly bolaýmasa😃
geldiyevna
12 Sentýabr 2024
Meselem--men görip! Öwret, nädip goýaýyn göripligimi🤔
ideallider
12 Sentýabr 2024
Başga tarapdan "Görüpleriňiz" size güýt bersin, tersine tutunyň. Ýagny olar size diri motiwatsiýa bolsun. Azda-kände olary hem begendirmek üçinem, ýalňyşa-bulaşansyran boluň😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.