Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak 1-nji bolumiAdamlaryň durmuşy, esasan, Günüň dogup ýaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeriň hereket edýän tekizliginiň, ýagny ekliptika tekizliginiň asman ekwatoryndan 23°26′ gyşyklygy gijäniň, gündiziň uzaklygynyň üýtgemegine getirýär. Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagty her 5 günden 10-njy jedwelde berlendir.
Türkmenistanyň beýleki welaýatlary üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny kesgitlemek üçin 2 sany giňlik we uzaklyk düzedişlerini girizmeli: welaýatlar Grinwiç meridianasyna görä, Aşgabat şäherinden tapawutlydyr. Eger hasaplanylýan ýer gündogarda bolsa, ol ýerde şol tapawuda görä Aşgabatda Gün şonça-da ir dogýar, günbatarda bolsa, şonça giç dogýar.
Geografik uzaklyk boýunça welaýatda Günüň dogýan we ýaşýan wagty kesgitlenilenden soňra, 2-nji düzediş girizilýär. Düzediş geografik giňlik bilen baglydyr. Hasaplama geçirilýän welaýatyň giňliginiň bir gradus tapawudy Günüň dogup-ýaşmagyndaky hasaba, takmynan, 3 minut girizilmegini talap edýär. Eger welaýatyň geografik giňligi Aşgabadyň geografik giňliginden uly bolsa, onda düzedişiň alamaty (+), eger-de kiçi bolsa, onda alamaty (-) bolýar. Türkmenistanyň welaýatlarynyň käbir şäherleriniň masştaby boýunça 1 sm-de 10 km bolan kartadan hasaplanylan geografik koordinatalar 10-njy jedwelde görkezilendir.
Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny hasaplamak üçin, dürli maglumatlardan peýdalanmak zerurdyr. Emma Aýyň Güne görä ýyldyzlaryň içinde edýän hereketiniň tizligi 12,19 gradus, ugry bolsa günbatardan gündogaradyr. Netijede, Aý her günde 49 minut öňki gününden giç dogup, giç ýaşýar. Şeýle sada hasaplamalar bilen Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny takyk kesgitläp bolar.
Hijri-kainary senenamasyny hasaplamak. Musulman dünýäsinde köp seneler, şol sanda, Gurban baýramy we mukaddes Oraza aýy diňe hijri-kamary hasaby boýunça berilýär. Aýyň Ýeriň töwereginde Güne görä aýlanýan wagtynyň 29 gije-gündiz 12 sagat 43,2 sekunda deňligi sebäpli, şol seneler hatda bir obada-da tapawutly ýöredilýär. Muňa täze Aýa gözegçilik edýän adamlaryň seljeriş ýagdaýynyň tapawutlanýandygy we gözegçilik edilýän ýer sebäp bolýar. Emma hijri-kamary hasabyny Aýa seretmezden, gündogaryň meşhur älemşynaslarynyň biri bolan Ulugbegiň usuly bilen hem ýokary takyklykda kesgitläp bolýar. Ulugbegiň usulynyň takyklygy 3500 ýylda 1 gije-gündiz diýlip hasap edilýär.
Täze hijri ýylynyň we onuň aýlawynyň milady hasabynyň haýsy gününe gabat gelýändigi Ulugbegiň usuly boýunça şeýle kesgitlenilýär: hasaplanyljak ýylyň sanyny 210-a bölüp, galan san tapylýar. Mysal uçin, 2000-nji ýyly 210-a bölsek, 9-dan ýetip, 110 galyndy galýar. O1 galyndynyň iň golaý sany Ulugbegiň birinji jedweliniň ýokarky setirinden tapylýar, ol 90 bolar. Galan 20 ýyly bolsa, birinji sütünden tapýarys. Soňra 1-nji sütünden 20 bilen başlanýan setiriň 90-a inderilen sütüniniň kesişýän öýjügini tapýarys. 015-i görkezýär. Diýmek, 2000-nji ýylda hijri-kamary senesiniň täze ýylynyň birinji güni penşenbe gününde başlanýar. Galan aýlaryň başlanýan günlerini bolsa 5-lige görä, Ulugbegiň ikinji jedwelinden kesgitlenilýär. Jedweliň 1-nji setirindäki 5-den aşak göni çyzyk inderip, galan aýlaryň başlanýan günleri anyklanylýar.
Türkmenistanyň çäginden Mekgä (kybla) bolan ugry kesgitlemek. Her bir musulman üçin Mekge sözi mukaddesdir. Musulman dininiň şertlerini ýerine ýetirýän ildeşlerimiz her günde 5 wagt namazy berjaý edýärler. Yslam dinine uýýanlar namaza duranlarynda, ýüzüni Mekgä, ýagny kybla tarap tutýarlar. Hezreti Omaryň oglunyň aýtmagyna görä, ýüzüni Günüň tomusky we gyşky ýaşýan nokatlarynyň arasyna tutup, okan namazyň dürs bolýar. Mekgä bolan ugry bimäçe usullar boýunça kesgitläp bolýar.