9-yň ýönekeý syrlaryHaçanam bolsa bir wagt 9-lyk belgisiniň täsindigi, haýran galdyryjydygy barada pikir edip gördüňizmi? Eger-de siz bu sowala «ýok» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda okamagyňyzy dowam ediň!
Ilkinji nobatda 9-a bölünýän sanlara seredeliň: 9, 18, 27, 36, 45, 54, 63, 72, 81, 90, 99, 108, 117, 126, 135, … Üns beren bolsaňyz, bularyň arasynda iki we üç belgili sanlary goşanymyzda ählisiniň netijesi 9 bolýar. Mysal üçin 18; 1+8=9 ýa-da 135; 1+3+5 = 9. Bu mysala gabat gelmeýän 99 hem bar. Emma bu sanyň belgileriniň jemi hem 18 bolup, 1 bilen 8-i goşanymyzda ýene-de jogaby 9.
Haýsydyr bir sanyň 9-a galyndysyz bölünýändigini ýa-da bölünmeýändigini bilmek üçin onuň belgilerini goşmak ýeterlikdir. Ýokarda bellenilişi ýaly, 9-lyk san diýseň täsin. Hatda bu san käbir tapmaçalarda hem ulanylýar.
Geliň, şol tapmaçalaryň birini öwreneliň! Bu tapmaçany öz deň-duşlaryňyzdan ýa-da özüňizden ululardan sorap bilersiňiz. Iki ýa-da üç belgili san belläň. Bu sanyň belgilerini goşuň. Ilki bellän sanyňyzy çykan netijeden aýryň we çykan netijedäki sanyň belgilerini goşuň. Onuň netijesi jübüt san bolsa 5-e, täk san bolsa 10-a köpeldip, ondan 15-i aýryň. Jogabyňyz 75-mi?
Muňa bir mysal bereliň. Aýdaly 47 sanyny bellediňiz. 4+7=11. 47-den 11-i aýyrsak 36 galýar. 3+6=9, ýagny täk san. Bu sany 10-a köpeltsek 90 bolýar. 90–15=75. Has ulurak sanda hem barlap göreliň! Mysal üçin 831 sanyny bellediňiz. 8+3+1=12; 831–12=819; 8+1+9=18. Netije jübüt san boldy. Onda 18-i 5-e köpeltmeli bolýarys. Netije 90. 90-dan 15-i aýyrsak jogap 75 bolýar. Şeýle sowaly beren deň-duşuňyz çykan netijäni görende haýran galsa gerek!
A, siz haýsy san baradaky täsinligi bilýärsiňiz?«TürkmenGazet».