enes_∞
28.09.2024 22:35

Ýene-de bäş minutjyk…
Budilniksiz hem ir oýanyp bolýarmy?

Hawa. Häzirki döwürde adamlaryň aglaba bölegi üçin her gije ukudan öň telefonynda budilnik düzüp ýatmak endige öwrüldi. Özem bir däl-de, birnäçe budilnikleri yzygider düzmekleriniň sebäbi hem irden ir turmagyň agyr degýändigidir. Hakykatda bolsa islendik adam aşakda getirilen ýönekeý düzgünleri berjaý etmek bilen her gün irden oýanmagy endige öwrüp bilýär:

1. Ukyňyzyň fazasyna laýyk dowamlylykda uklaň.

Biziň ukymyz birnäçe siklleri geçýär. Her sikl bir ýarym sagat çemesi dowam edip, sikliň tamamlanan pursaty oýanmak üçin iň aňsat pursat bolup durýar. Şol sebäpli hem oýanmagy sikliň tamamlanan pursatyna gabatlamaga çalyşmaly. Mysal üçin, aýdaly, siz 23:00-da uklap, irden 06:00-da oýanmagy meýilleşdiren bolsaňyz, gowusy, siziň 05:00-da oýanmagyňyz has amatly bolar. Sebäbi şunda dört gezek sikl bolup geçýär we siz ukudan doýup bilýärsiňiz. Eger haýsy hem bolsa bir sikl dolup ýetişmänkä mejbury oýansaňyz, şol gün günuzyn ukusyrap gezmegiňiz mümkin.

2. Iň amatly otag temperaturasy.

Uklamak üçin iň amatly otag temperaturasy bolup durýar. Şu temperaturada organizm melatonin gormonyny gowy işläp çykarýar. Oňa şeýle-de ukynyň, ýaşlygyň we saglygyň gormony diýlip hem aýdylýar. Ol endokrin ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we immunitete jogap berýär.

3. Rahat eşik geýip ýatyň.

Gijesine geýip ýatar ýaly ýörite ýeňil, rahat eşigiňiz bolmaly. Onuň tebigy, ýumşak materialdan tikilen bolmagy maslahat berilýär.

4. Doly garaňkylyk.

Organizmde sagdyn ukyňyzy almak üçin möhüm bolan melatonin gormony diňe doly garaňkylyk üpjün edilende işläp çykarylýar. Şonuň üçin hatda penjiräniň tutysynyň hem galyňrak bolmagyny gazanmaly.

türkmengazet
13
88
enes_∞
28.09.2024 12:48

Çagaňyzda kitaba söýgi döretmegiň 8 usuly
Çagaňyza kitap okap bermek kitaba bolan söýgini ösdürmegiň iň täsirli usullaryndan biridir. Çagaňyza laýyk kitaplary saýlaň. Ertekileri ýa-da gyzykly başdan geçirmeleri saýlasaňyz, çagany özüne çekýändigine göz ýetirersiňiz. Her gün kitap okamak üçin wagt aýyryň. Bu siziň çagaňyzyň päsgelçiliksiz kitaby söýmegine ilkinji başlangyç bolar.

Goý, çaga öz okajak kitaplaryny özi saýlasyn! Çaganyň özüne kitaplary saýlamaga rugsat beriň. Bu çagada okamak söýgüsini ösdürmegiň ajaýyp ikinji usuly. Onuň birinji ädimi olary kitap dükanyna ýa-da kitaphana äkitmek we tekjelere göz aýlamak üçin wagt bermek. Şol wagtyň içinde çaga öz islegi boýunça kitaplary saýlasyn!
Başdan geçirmeleri okamak. Çaganyň hemişe okamaga bolan söýgini döretmek bilelikde kitap okaýan mahalyňyz, kitapda bolup geçýän wakalary hyýalynda janlandyrmak arkaly has ýeňil bolýar.
Okamak — maşgalanyň iň uly pişesi. Maşgalanyň her bir agzasynyň okamak üçin öz kitabynyň bolmagy we nahardan soň, ýatmazdan ozal kitaplaryny okamaklary we munuň üçin yzygiderli wagt aýyrmaklary çagada hem okamak söýgüsini ösdürýär we özüne degişli kitap almak höwesi döredýär.
Çaga okaýandygyňyzy görmäge rugsat beriň! Çagalar, köplenç, görýän hereketini gaýtalaýar. Çagaňyza kitap okamaga bolan söýgini döretmegiň iň oňat usullarynyň biri çagaňyzyň siziň kitap okaýanyňyzy görmegidir. Kitapdyr gazetleri her gün çagaňyzyň göz öňünde okamak üçin wagt sarp ediň. Bu okamagyň diňe bir siziň üçin lezzetli we zerurdygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, sizi diňleýän çagaňyzda okamaga bolan höwesi artdyrar. Çagalar ene-atalarynyň yzygiderli kitapdan lezzet alýandyklaryny görenlerinde, özlerinde hem okamaga bolan gyzyklanma döredýär.
Kitap okamak üçin amatly ýer dörediň. Taýýarlan ýeriňiz çaga üçin örän täsirli bolmaly. Munuň üçin telewizor ýa-da beýleki ünsüni sowaýjak zatlardan uzakda bolmaly. Olaryň ýatylýan otagynyň bir burçy ýa-da bellenilen ýeri bolmaly. Taýýarlan ýeriňizde çagaňyz üçin gymmatly suratjyklar çekilen reňklije stoldyr otyrgyçlar goýmaly. Çagaňyzyň gözüne zyýan bermez ýaly ýagty tarapy saýlamaly. Hatda stolunyň üstünde çyrajyklary goýmak hem has peýdalydyr.
Gyzykly edip okamak. Bilelikde okaýan kitaplaryňyzdaky gahrymanlaryň her birine aýratyn ses effektini berip okamak, çagaňyzdaky gyzyklanmany ösdürýär.
Höweslendiriji boluň. Ata-eneler çaga dünýäsiniň iň ýakyn goldawçysydyr. Ýagny çaga size okan ertekisini ýa-da hekaýasyny gürrüň berýän mahaly höweslendiriji, hoşal bolujy öwgi sözleri aýdyp, gyzykly gürrüň berýändigini belläň. Bu usullar arkaly öz çagaňyzda kitaba bolan söýgüni döredip bilersiňiz.

Turkmengazet
Merdana RAHIMBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýörüteleşdirilen 38-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
13
113
enes_∞
27.09.2024 22:33

Güýz gelse saralýar ýaprak…
Altyn güýz tebigatyň öwrülişiginde öz gezegini alyp, altyn günleri bilen höküm sürýär. Güýz pasly özüniň owadanlygy bilen birnäçe syrlary hem özünde jemleýär. Ol barada bilmek bolsa, edil güýz paslynyň dowam edýän günlerinde has-da ýakymly bolýar.

Gadymy Rimde bir ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji aý bolupdyr. Soňlugy bilen ýanwar hem fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen-de bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr.

Güýzde Günüň şöhlesiniň peselýändigi sebäpli, ýapraklara gerekli ýagtylyk ýetmeýär. Ýapraklarda bolsa karotinoidler höküm sürüp başlaýar. Ol ýapraklarda gyzyl, sary, mämişi tegmilleri emele getirýär. Şeýlelik-de ýapraklar güýz paslyny özleriniň täsin reňkleri bilen bezeýärler.

Gyş paslynda ýyly ýerlere göç edýän guşlar güýzde ýola düşýärler. Ondan öň uzak ara uçýan guşlar Demirgazyk sumruglar bolup, olar 17 müň 700 kilometrlik ýoly geçýärler.

Güýzde ýapraklaryň saralyp tänmegi, ýagşyň köp ýagmagy ýaly tebigy üýtgeşmeler adamlaryň ruhy dünýäsine hem oňaýly täsir edýär. Bu döwürde döredijilik bilen meşgullanýan adamlara has-da ylham baýlaşýar.

Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda adamlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azalýar. Ýer şarynda ekwatoryň töwereginde hiç-haçan güýz pasly bolmaýar.

Täze Zelandiýa we Awstraliýada güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda tamamlanýar.

Enejan ŞÖWKEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby
9
60
enes_∞
27.09.2024 16:52

«Näme diýsemkäm?!» -
«Jan» diýsem, janam amanat,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Telek zat diýmek – gabahat,
Men saňa näme diýsemkäm?!

«Dag» diýsem, her şäherde ýok,
«Gar» diýsem – baharda ýok,
...Seniň ýaly jahanda ýok,
Men saňa näme diýsemkäm?!

Mätäç dälsiň ahyr öwgä?!
Goýma meni beýle görgä,
- diýsem, gaýta, gaty görýäň,
Men saňa näme diýsemkäm?!

Elenenok aň elegim,
(Wah birje söz bar geregim...)
Eý, iki dünýä deregim,
Men saňa näme diýsemkäm?!

Gowusy, hiç zat diýmäýin,
Gideýin, soňam gelmäýin.
Gitme, bir zat diý diýýärmiň?!
Men saňa näme diýsemkäm?!


Aýgül BAÝADOWA
11
86
enes_∞
27.09.2024 11:44

Öýjükli el telefonlarynyň zyýanly täsirini peseltmegiň usullary
Häzirki döwürde adamzat durmuşyna ýakyndan ornaşan öýjükli telefonlaryň zyýanly täsirini peseltmek, boldugyça onuň öňüni almak iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Öýjükli el telefony özünden adam organizmi üçin zyýanly bolan elektromagnit şöhlelerini goýberýär. Telefondan çykýan elektromagnit tolkunlary bedeniň galtaşýan ýerindäki dokumalary gaty ýokary derejede gyzdyrýar. Öýjükli telefondan goýberilýän şöhleleriň uzak wagtlaýyn dowamly täsiri merkezi nerw ulgamynda howply täze döremeleriň peýda bolmagyna getirýär. Bu şöhleler arterial basyşa we ýürek-damar ulgamynyň işine oňaýsyz täsir edýär, beýniniň işjeňligini peseldýär. Şöhlelenme gen mutasiýasynyň peýda bolmagyna getirýär. Netijede bedende keselli öýjükler köpelýär, potologik täze döremeler ýüze çykýar. Adamyň ünsi peselýär we ýady gowşaýar. Kelle agyry peýda bolýar. Immun ulgamynyň işi gowşaýar. Gaharjaňlyk we ýadawlyk duýgusy artýar. Beden ýygy-ýygydan sowuklama sezewar bolýar. Elektromagnit şöhleleri göz torjagazy we beýleki duýgy organlaryndan kelle beýnisine geçýär hem-de onuň işine päsgelçilik döredýär.

Alymlar gündelik durmuşda peýdalanylýan öýjükli el telefonynyň zyýanly täsirini peseltmek we onuň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýagdaýlaryň göz öňünde tutmalydygyny belleýärler:
Telefonyň sesiniň güýjüniň ýokary bolmagy, onuň şöhle goýberijiliginiň-de ýokary bolmagyna getirýär. Şonuň üçin mümkin boldugyça, telefonyň ses güýjüni pes derejede goýmaly.


- Ulanylmajak wagtynda telefony başga otagda goýmaly.

- Täze telefon satyn alnanda onuň kuwwaty pes bolan görnüşi saýlanyp alynsa, adam saglygyna zyýany pes derejede bolýar.

- Öýjükli telefony jübüde saklamak maslahat berilmeýär. Ol el torbalarynda göterilse, zyýanly täsiri pesräk bolýar.

- Mümkin boldugyça telefonda azrak gürleşmeli, şonda zyýanly täsir hem az bolýar.

- Gijesine ýatylanda telefony öçürip ýatmaly.

- Çagalar, şeýle-de göwreli aýallar telefondan has hem uzak durmalydyrlar.

- Telefonda gürleşilende gulak bilen telefonyň arasy minimum 3 santimetr bolmalydyr. Sebäbi telefondan şöhläniň iň güýçli çykýan wagty jaňlaşylýan wagtydyr.

- Telefon üçin zyýany peseldiji daşlyklardan peýdalanmaly.

- Telefonda gürleşilende demir äýnekler dakynylmasa gowy bolýar.

- Telefony elektrik toguna birikdirilende başga otagda goýmaly.

- Telefon ak-gara reňkli displeýde peýdalanylsa, onuň zyýanly täsiri reňkli displeýe garanda pes bolýar.

Gadyrdan adamlar, hemmämiziň jan saglygymyz öz elimizde! «Saglygyň gadyryn bil, hasta bolmazdan burun» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine eýerip, saglygymyzy goralyň!

Saglyk
Muhammetnazar NURNAZAROW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa
we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri,
l/g podpolkownigi.
10
25
enes_∞
27.09.2024 11:37
Stres ýagdaýy ýüzüň derisine nähili täsir edýär?
Stresli adam daşyndan seredende gaty gynançly görünýär. Adamyň ýüziniň daşky ýagdaýy bilen onuň nähili ýagdaýdalygyny bilip bolýar. Ýagny adam daşky keşbi boýunça gaharjaň, gaýgyly, ýadaw we ş.m ýagdaýda bolsa oňa stres ýagdaýy täsir edýär ýa-da agyr güniň netijesinde bolýar. Ol göze görünýän alamatlar bilen bedene täsir edýär. Stres ýagdaýy akyl saglygyndan başga-da deriniň çynlakaý bozulmalaryna hem sebäp bolup biler.

Dowamly stresiň netijelerinden biri epidermisden artykmaç suwuklygyň ýitmegi. Deriniň suwsuzlanmagy netijesinde adamda şeýle näsaglyklar ýüze çykýar. Ýagny bedende çişme we ýüzde agyry döreýär. Derini janlandyrmak üçin lipid sintezini köp amala aşyrmaly. Derini goraýjy tebigy ýaglar, kislotalar (gialuron), ýaglar bilen derini ideg etmek zerurdyr.

Deriniň gyzarmagy.

Ýüzdäki damar ulgamynyň aşa gowşaşmagy dowamly stresiň ýene bir netijesidir. Deriniň gyzarmagy stres gormony kortizol sebäpli ýüze çykýar. Yzygiderli stres wagtynda damarlar inçe bolýar we käwagt ýarylýar. Uzak möhletli stres, çişme deri keselleriniň döremegine sebäp bolup biler. Çözüw hökmünde kapilýar goragy we köşeşdiriji häsiýetli önümler duýgur deri üçin maslahat berilýär.

Deriniň reňklenmegi.

Kortizol derini gyzardýan bolsa, adrenalin, tersine, kislorod çalşygyny bozýar. Deri doňan ýaly bolýar. Dowamly stresiň reňksiz deri döredip biljekdigi geň däldir. Limfa ulgamyna stres gormonlary hem täsir edýär. Işlemezligi sebäpli dokumalarda suwuklyk galýar, netijede ýüzüň çişmegi we gözleriň töwereginde gara tegelekler ýüze çykyp biler. Hatda stres ýüzüň garramagyna-da getirýär. Sebäbi stres ýagdaýynda adamyň myşsalarynyň dartylmagy bolup, netijede ýüzüň garramagyna getirýär.


Saglyk
Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
8
21
enes_∞
27.09.2024 11:33
Gözüň aşagynda gara tegmilleriň döremeginiň sebäpleri!
Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremegi diňe uky, ýadawlyk we ýaş bilen baglanyşykly däl. Gara tegmilleriň dürli sebäpleri bar. Bu sebäpleriň köpüsini aňsatlyk bilen ýok etmek bilen gözüň aşagyndaky gara tegmillerden dynmak mümkin.

- Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne öwrülip ýatmak. Ýeterlik uky alsaňyzam, irden aýnada gözüňiziň daşynda gara tegmilleri görýärsiňiz. Munuň sebäbi näme? Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne seredip ýatmak nädogry ýagdaýda ýatmaga degişli mümkin boldugyça arkan ýatmany öwreniň, şonda rahat we gowy dynç alarsyňyz. Gara tegmil uky gowy alynmasa hem bolýar şonuň üçin hem dogry ýatmany başarmaly.

- Duzly naharlary köp iýmek. Günortanlyk naharynda gaty duzly nahar, irden turanyňyzda gözüňiziň aşagyndaky gara tegmilleri emele getirer. Sebäbi böwrekler bütin gije gyssagly tertipde işleýärler. Netijede bedende gijesi bilen işjeňlik peselmän dogry uky alyp bolmaýar.

- Nädogry saýlanan kosmetika. Kosmetika ýüzündäki kemçilikleri ýapmalydyr, ýöne ol diňe dogry saýlanan halatynda peýdalydyr. Kosmetika torbasyndaky önümleriň haýsydyr biri size laýyk gelmese, deriniň gyjyndyrylmagy we hatda garalmagy mümkin.

- Gözüň aşa köp sürtülmegi. Gözüňizi näçe sürtseňiz ýa-da gyssaňyz, garaňky tegelekleri ösdürip bilersiňiz. Nämedir bir zat gözüňi gyjyndyrýan we dyrnaýan ýaly duýsaň, gysga wagtda lukmana ýüz tut, bu göz infeksiýalarynyň biriniň alamaty bolup biler.

- Kompýuterde üznüksiz iş. Uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturmaly bolsaňyz, gözüň töweregindäki gan damarlaryndaky ýüki artdyrýar, netijede olar giňelýär. Şonuň üçin olaryň gapdalyndaky deri has gara görünýär. Munuň öňüni almak üçin mümkin boldugyça ýygy-ýygydan dynç alyň: azyndan ýarym minut. Gözüňize dynç almaga we sagalmaga mümkinçilik beriň.

- Suwuklygyň saklanmagy. Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremeginiň iň köp ýaýran sebäbi, bedende suwuklygyň kadaly aýlanyşynyň bozulmagydyr. Bu gormonal meseleler, duzly iýmitleri yzygiderli iýmekden böwrek, ýürek problemalary we hatda howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykyp biler (mysal üçin, çygly yssy gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň peýda bolmagy üçin örän amatly şertdir).

- Allergiýa. Gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň ýene bir sebäbi umumy allergiýa. Ilki bilen hassalar gijilewükden ýa-da guraklykdan dynmak üçin köplenç gözlerini sürtýärler, ikinjiden, allergiýa hüjümi wagtynda beden gan damarlaryny, şol sanda gözüň aşagyndaky kiçijik kapilýarlary köpeldýän köp mukdarda gistamin öndürýär.


Saglyk
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
8
16
enes_∞
27.09.2024 11:30
Ýanan iýmitler saglyga zyýanlymy?!
Stokgolm uniwersitetiniň alymlary gyzardylan çöregiň ýanan böleklerini aýyrmagyň hakykatdanam peýdalydygyny ýüze çykardylar.

Ýer alma, kofe galla we çörek önümleri ýaly käbir iýmitler 120 derejeden ýokary gyzgynlykda gyzdyrylsa akrilamid atly bir madda emele gelýär. Akrilamid iýmitiň düzümindäki şekeriň asparagin aminokislotasy bilen täsirleşmä girýär. Bu täsirleşme «maillard» diýlip atlandyrylýar. Bu proses iýmitiň goňur bolmagyna sebäp bolýar we oňa özboluşly tagam berýär. Ýöne alymlar akrilamidiň dozalarynyň haýwanlarda kanserogen ýagdaýlara sebäp bolýandygyny anykladylar.

Ýewropa Azyk Howpsuzlyk Guramasynyň habaryna görä, akrilamid adamlarda, esasanam çagalarda düwnük keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Şeýle-de bolsa, akrilamidiň adamlara edýän täsirini öwrenýän gözlegçiler entek doly netijä gelmedi.

Liwandaky Beýrut Arap uniwersitetiniň lukmançylyk laboratoriýa ylymlarynyň alymlary 30 ýyl töweregi wagt bäri akrilamidiň adam kanserogenidigi barada henizem maglumatyň ýokdygyny belleýärler.

Alymlar akrilamidiň adamlar üçin neýrotoksikdigine, ýagny nerw ulgamyna täsir edýändigine ynanýarlar. Munuň takyk sebäbi henizem doly düşünilmese-de, akrilamidiň nerw öýjükleriniň içindäki gurluş beloklaryna hüjüm edýändigi ýa-da nerw öýjükleriniň zeperlenmeginden goraýan çişmä garşy ulgamlary basýandygy baradaky teoriýalar bar.

Saglyk:ᕦ⁠(⁠ ⁠⊡⁠ ⁠益⁠ ⁠⊡⁠ ⁠)⁠ᕤ

Leýla RAHIMOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
8
12
enes_∞
26.09.2024 19:39

Optimizm zyýanly täsir edende 1
Häzirki wagtda oňyn pikirlenmegi hem-de durmuşa optimistik garaýyş bilen seretmegi ündeýän çagyryşlary örän köp eşidýäris. Sosial media ulgamynyň sahypalary meseleleri çözmek we üstünlik gazanmak üçin pozitiw bolmagyň ähmiýeti baradaky maslahatlardan doly. Käbir adamlar şowsuzlyklaryňyz barada gürrüň bermegiň negatiwligi döredýändigini, munuň bolsa öňüni almalydygyny aýdýarlar.

Pozitiwlige bolan bu tendensiýanyň ylmy kökleri bar. «Pozitiw psihologiýa» — bu keýpiçaglylygyň peýdaly taraplaryny öwrenýän gözlegiň ugry. Bu babatda geçirilen barlaglar optimistik adamlaryň stres bilen has oňat göreşip bilýändigini, olarda depressiýanyň pesdigini, şeýle-de, umuman, aň taýdan sagdyn bolýandygyny görkezýär.

Şeýle-de bolsa, Awstraliýadaky Kwinslend uniwersitetiniň işewürlik mekdebiniň gözlegçisi we mugallymy Lukas Diksonyň belleýşi ýaly, köp bilermenler netijelerini aşa umumylaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek üçin oňyn psihologiýany tankytlaýarlar.

Çendenaşa pozitiw bolmagyň ýaramaz täsiri

Pozitiw psihologiýa akyl saglygy durnukly bolan adamlar üçin peýdaly bolup biler, onuň netijeliligi çynlakaý psihologiki kynçylyklara ýa-da durmuşyň kyn ýagdaýlaryna duçar bolýanlar üçin çäklidir. Şeýle ýagdaýlarda, psihoterapiýanyň däp bolan usullary, mysal üçin kognitiw-özüňi alyp baryş terapiýasy has täsirli bolup biler

Mundan başga-da, akyl taýdan näsazlygy bolan adamlar üçin «pozitiw pikirlenmek» baradaky maslahat diňe bir peýdasyz bolman, eýsem zyýanly hem bolup biler.

Sosial media we internet-inflýuenserler köplenç hemişelik pozitiwligiň ideallaşdyrylan keşbini kada hökmünde öňe sürýärler. Bu adamlaryň durmuşdaky kynçylyklara (ýakyn adamyňy ýitirmek, işiňi ýitirmek ýa-da gatnaşyk müşgillikleri) bolan tebigy jogaplaryna nädogry ýa-da ýaramaz garamagyna sebäp bolup biler. Netijede, duýgularyňyzy basyp ýatyrmak ýa-da inkär etmek endigini döredip bilersiňiz, bu bolsa meseläňizi hasam kynlaşdyrýar.

Gözlegler hiç zat barada pikirlenmezlige synanyşmagyň köplenç ters netije berýändigini görkezýär. Mysal üçin, 2001-nji ýylda geçirilen bir synag adamlardan gyrmyzy pil hakda pikir etmezligi haýyş etmegiň olaryň bu barada has köp pikirlenmegine sebäp bolandygyny görkezdi. Bu Karl Ýunguň «garşy çykýan zadyňyz aňda saklanýar» diýen sözlerine gabat gelýär.

Geçirilen ygtybarly gözlegler pozitiw pikirlenmek arkaly kynçylyklardan gaça durmaga synanyşýan adamlaryň uzak wagtlyk has köp aladalary we depressiýa ýagdaýyny başdan geçirip biljekdigini görkezýär.

Ähli durmuş ýagdaýlarynyň diňe pozitiw çemeleşmäni talap etmeýändigine düşünmek möhümdir. Käwagt meselä hakykata laýyk seretmek has täsirli bolup biler. Ýaramaz duýgular hünärmen kömegine ýüz tutmak ýa-da gatnaşyklara täzeden garamak üçin esas bolup biler.

Netijede, emosional aňlatmagyň möhümdigini ýatdan çykarmaly däldir. Käwagt adamlara negatiw tejribelerini gaýtadan işlemek we güýçli duýgularyny ýeňip geçmek üçin gürleşmek zerur bolýar.

Türkmenportal :
12
113
enes_∞
26.09.2024 19:34

Optimizm zyýanly täsir edende 2
Pozitiw bilen realizmiň arasyndaky deňagramlylyk

Inflýuenserleriň arasyndaky meşhur bolan pozitiw tassyklamalar we wizuallaşdyryş usullary seresaplylyk bilen çemeleşmegi talap edýär.

Öz gymmatlygyňa we özüne çekijiligiňe ynanmak özüňi duýşuňy gowulaşdyryp biler, ýöne olaryň netijeliligi adamyň özüni bahalandyrmagyň esasy derejesine baglydyr. Eýýäm pozitiw ýaşaýan adamlar üçin beýle amallar peýdaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, özüne pes baha berýän adamlar üçin netije ters bolup biler.

Haçanda adam öz sözleriniň dogry däldigini bilip hem özüne göwnüýetijilik bilen garaýandygyna ynandyrjak bolsa, bu ýaramaz netijelere getirip biler. Beýle ýagdaýda ol ýetmezçiliklerine has oňat düşünmek bilen çäklenmän, hakykaty aýtmaýanlygy üçin özüni günäkär duýýar.

Edil şonuň ýaly-da, has gowy geljegi göz öňüne getirjek bolsaň, hakykaty göz öňünde tutmalydyr. Ösüş we ösüş ugruny dogry kesgitlemek üçin häzirki ýagdaýyňyza anyk düşünmek möhümdir.

Bu usullary ulanmakda üstünlik gazanmagyň açary pozitiw pikirlenmek bilen ýagdaýa realizm nukdaýnazaryndan baha bermegiň arasynda deňagramlylygy tapmakdyr. Bu hakykat bilen gatnaşygy ýitirmän we içerki gapma-garşylyga sebäp bolmazdan, pozitiw pikirlenmegiň güýjüni ulanmaga mümkinçilik berýär.

Akyl ýetirmek we netije çykarmak: hemişelik pozitiwligiň alternatiwasy

Häzirki zaman psihologiýasy deňagramly çemeleşmegiň peýdasyna hemişelik pozitiwlik pikirinden gitdigiçe daşlaşýar. Köp hünärmenler häzirki ýagdaýyňa düşünip, ony kabul etmek ukybyňy kämilleşdirmegi maslahat berýärler.

Kabul etmek we ygrarlylyk terapiýasy hem-de dialektiki özüňi alyp baryş terapiýasy ýaly bejeriş usullary içki dünýäňe has çuňňur we duýgur gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Bu çemeleşmeler «negatiw» diýilýän pikirlerden we duýgulardan gaça durmagy däl-de, eýsem adam tejribesiniň bir bölegi hökmünde kabul etmegi öwredýär.

Alym Lukas Diksonyň belleýşi ýaly, anonim alkogol serhoşlarynyň meşhur pikirlerindäki ýörelge şu günki güne çenli möhümligini saklaýar: «Eý Hudaý, maňa üýtgedip bilmejek zatlarymy kabul etmek üçin akyl we ruhy rahatlyk ber, üýtgedip biljek zatlarymy üýtgetmäge batyrlyk, şeýle hem olary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin bolsa paýhas ber».

Peýdalanylan çeşmeler: vfokuse.mail.ru

Şeýle-de okaň:

Bagtly adamy nädip tanamaly
9
21