enes_∞
19.09.2024 19:02

Gadymy Atalyk mekdepler
Türkmen-oguz milli bilim terbiýe ulgamynyň abraýyny dünýä äşgär eden atalyk mekdeplerdir. Atalyk mekdepleri köşklerde, patyşanyň howandarlyklarynda döredilipdir. Mekdebiň işine ýörite bellenen baş atabeg-wezir gözegçilik edipdir we hut patyşanyň özüne yzygider hasabat beripdir.




Çagalara bilim berýän terbiýeçileri we mugallymlary atalar, atalyklar, atabegler diýip atlandyrypdyrlar. Olar ukyply türkmen ýaşlaryndan ýörite taýýarlanypdyrlar. Atalyk mekdeplerinde dünýä dilleri we edebiýaty, sözleýiş sungatynyň ussatlygy, taryh, geografiýa, astrologiýa, astronomiýa, geometriýa, arifmetika ýaly ylymlaryň esaslary, söweş we serkerdelik tilsimatlary öwredilipdir.




Atabeglerden talap diýseň güýçli bolupdyr. Olar öz terbiýeleýän şägirdini ähli ugurdan, ähli babatda kämil derejede we durmuşa taýýar edip ýetişdirmeli bolupdyr. Bu işde hat-da ownuk säwlikleriň we kemçilikleriň bolmazlygy kanuny hasaplanypdyr. Atalyklar mekdebini tamamlaýan ýetginjegi patyşanyň wekilinden, danyşmentlerden, batyrlardan we çaganyň hossarlaryndan ybarat bolan topar ýörite synagdan geçiripdir. Şonuň üçin hem türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň ähli künjeklerinde dünýägaraýyşlarynyň giňligin sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik başarnygynyň artykmaçlygy bilen parhlanypdyr. Türkmen atalyk mekdepleri Gündogarda hem-de Günbatarda meşhurlyk gazanypdyr. Şeýle bolansoň arap döwletleri, Wizantiýa, Hytaý, Hindistan kimin ýurtlaryň patyşalarydyr hanlarynyň bilim we tälim aldyrmak üçin öz çagalaryny türkmen ülkesine ibermekleri güwä geçýär.




Mekdepler, hat-ýazuw milletiň ylmynyň-biliminiň medeniýetiniň, sungatynyň, umuman, tutuş milli ruhuň ösüş derejesinden habar berýän subutnamadyr. Jeýtun, Altyndepe, Merw ýaly gadymy medeni merkezleri döreden, taryha mälim bolan bäş adamzat gymmatlygynyň birini dünýä peşgeş beren türkmenleriň milli ýazuwynyň bolmagy tebigy kanunalaýyklyk we taryhy hakykatdyr. Bu hat-ýazuwlaryň tapylmagy türkmen topragyndan gadymdan bäri ylma-bilime uly üns berlenligine şaýatlyk edýär.

🔻İNFO🔻
9
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.