Ekizleri nädip tapawutlandyryp bolýar?Durmuşda biz ekizlere ýygy-ýygydan duş gelýäris. Belki bu biziň maşgalamyzda bolup hem biler. Käbir ekizler bir-birine meňzeş bolýar, käbirisi bolsa onçakly meňzemeýär. Bir ýumurtgadan (monozigot) bolan ekizler we dürli ýumurtgalardan (geterozigot) doglan ekizler bolýar. Birinji monozigot ekizler biri-birine meňzeş, ikinjisi bolsa düýbünden meňzemeýär.
Mälim bolşy ýaly, olar iki, üç sany bolýar. Dünýä ýüzünde şu güne çenli doglan ekizleriň arasynda iň uly sanlysy dokuz çagadan ybarat bolan ekizlerdir.
Ekizleriň arasyndaky tapawutlar
Käwagt ýumurtga iki bölege bölünýär we olar biri-birine garaşsyz ösýär. Şol bir wagtyň özünde, olar 99,99% meňzeş hromosomalar toplumyny göterýär. Şonuň üçin bir jynsdaky çagalar hemişe biri-birine gaty meňzeýär, olar şol bir plasentada ösýärler, ýagny olar dogulmazdan ozal hem «tanyşýarlar».
Geterozigot ekizler biri-birinden düýbünden tapawutlanýar we hatda başga jynsda hem bolup bilerler. Käbirleri has çalt, käbirleri has haýal ösüp biler. Netijede, köplenç beýlekiler bir doganyň ýa-da aýal doganyň beýlekisinden uludygyny pikir edýärler.
Käbir gyzykly maglumatlar
Käbir ekizler edil aýnadaky şekiller ýalydyr. Ýagny, biri beýlekisiniň takyk aýnadan çepden saga göçürmesini görkezýär, mysal üçin, biriniň çep ýaňagynda ýerleşýän zat bir beýlekisiniň sagynda bolýar.
Ekizleriň öz dili bar diýilýär. Alymlar bu hadysany kriptofaziýa diýip atlandyrýarlar. Ol çagalar sözler, yşaratlar, ýüz keşplerini ulanyp, hemme zada gowy düşünip, biri-biri bilen erkin aragatnaşyk saklaýarlar. Beýlekiler üçin bularyň hemmesi manysyz ýaly bolup görünýär.
Ekizleriň dogluşy ýer ýüzi boýunça dürlüçe paýlanýar. Mysal üçin, Braziliýada ekizler köp dogulýarlar, ýöne Ýaponiýada olar gaty seýrek bolýar. ABŞ-da garaýagyz ekizler akýagyzlylara garanyňda ep-esli köp bolýar.
Ekizleriň köplenç meňzeş terjimehallary, halaýan tagamlary we endikleri bolýar. Belli bir sebäplere görä, ekizler aýry düşäýseler ýa-da hersi dünýäniň başga künjünde bolsalar hem olaryň endigi, özüni alyp baryşlary birmeňzeşligini saklaýar. Begmyrat SARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.