Alymlar: «50 ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak ölüm howpuny ýokarlandyrýar!»«PLoS Medicine» lukmançylyk žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesine görä, 50 we ondan ýokary ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak birnäçe saglyk meselelerine sebäp bolup ölüm howpuny ýokarlandyrýar.
Takmynan, 8 müň adamyň gatnaşan gözleginde 20 ýyldan gowrak wagt bäri maglumatlar ýygnaldy. Lukmanlar gözlege gatnaşan adamlaryň her gün näçe sagat ýatandyklaryny ýazgy etdiler.
Gözlegiň dowamynda, günde 5 sagat we ondanam az uklaýan 50 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň, günde 7-8 sagat uklaýanlara garanyňda saglyk meseleleriniň 30 göterim köp bolýandygy ýüze çykaryldy
saglyk