GARA KITAP NÄME?Dünýäniň we her bir ýurduň Gyzyl kitabynyň bardygyny hemmeler bilýän bolsalar gerek. Emma «Gara kitap» diýlen düşünje köp adamlar üçin nätanyşdyr. Gyzyl kitap – bu seýrek duşýan, sany azalyp barýan we goraga mätäç bolan ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen kitapdyr. Onuň esasy maksady sanawyndaky görnüşleri dikeltmekdir.
Gara kitap bolsa mundan birnäçe ýyllar ozal ýitip giden görnüşleriň sanawyny özünde saklaýar. Gara kitaba ady girizilen görnüşleriň morfologiýasy doly derejede öwrenilmedikdir. Bu kitap başgaça «Ýatlama kitaby» diýlip hem atlandyrylýar. Gara kitapda yzyna gaýtaryp bolmaýan janly tebigat barada maglumatlar beýan edilýär. Onda Ýeriň ýüzünden mydamalyk ýitip giden görnüşleriň sanawy görkezilýär.
Janly-jandarlaryň atlarynyň dünýäniň Gara kitabyna girizilmegine köp derejede antropogen täsirler sebäpkärdir. Bütindünýä tebigaty goramak bileleşiginiň berýän maglumatlaryna görä, soňky 500 ýylyň dowamynda ösümlikleriň we haýwanlaryň takmynan 844 görnüşi ýitip gidipdir. Karolin totyguşy, tur, ýewropa barsy, kawkaz zubry, hazar gaplaňy, tarpan aty, hortumly böri, hytaý köl delfini we şular ýaly başga-da birnäçe görnüşleriň atlary ýitip giden görnüşler hökmünde dünýäniň gara kitabynda sanawy bellenilýär.
Aziza FURKATŽANOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrliginiň
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň
ylym bölüminiň uly ylmy işgäri