Ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşiGadymy döwürlerden bäri Ýerde ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň birnäçesi öňe sürüldi. Garaýyşlaryň köpdürlüligi iki sany taglymatyň (teoriýanyň) ýüze çykmagyna getirdi: biogenez we abiogenez taglymatlary. Biogenez (grekçe «bios» – ýaşaýyş, «genezis» – gelip çykyş, döreýiş) taglymatynyň tarapdarlary organiki maddalardiňe janly organizmlerden döreýär diýip düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, biogenez – ähli jandarlaryň diňe janly organizmlerden döräp bilýändigini tassyklaýan umumylaşdyrylan garaýyşdyr. Bu teoriýanyň garşydaşlary bolsa, ýaşaýşyň döreýşiniň abiogenez teoriýasyny goldaýarlar. Olar janly tebigatda duş gelýän organiki birleşmeleriň organizmler we fermentler gatnaşmasa hem döräp bilýändigini tassyklapdyrlar. Abiogenez – ýaşaýşyň ýüze çykyşynyň häzirki zaman taglymatynyň başlangyç gipotezasy. Orta asyr alymlarynyň birnäçesi ýaşaýşyň öz-özünden döremeginiň mümkindigini nygtapdyrlar. Olar balyklaryň palçykdan, gurçuklaryň toprakdan, syçanlaryň hapa zatlardan döräp bilýändigini mümkin diýip hasaplapdyrlar. Şol döwrüň belli alymlarynyň biri bolan lukman Parasels (1485–1540) adam şekilli jandary (gomunkulusy) emeli ýol bilen döredip boljakdygyna ynanypdyr.
XVII asyrda florensiýaly (Italiýa) lukman Françesko Redi (1626–1698) ýaşaýşyň öz-özünden döremegi baradaky teoriýanyň ýalandygyny tejribe üsti bilen düşündirdi. Ol ýapyk gapda et bölegini ýerleşdirip, birnäçe wagtdan soň et zaýalanan mahalynda-da, onda siňegiň liçinkalarynyň (gurtlarynyň) öz-özünden döräp bilmeýändigini görkezdi. Emma bu tejribeden soň hem ýaşaýşyň öz-özünden döreýiş teoriýasynyň tarapdarlary öz pikirlerinden dänmändirler. Olar agzy ýapyk gaba howa geçmänligi sebäpli, liçinkalaryň öz-özünden döremeýändigini tassyklapdyrlar. Şondan soň F. Redi et bölejiklerini birnäçe sany çuň gaplarda ýerleşdiripdir. Olaryň bir böleginiň agzyny açyp goýupdyr, beýlekileriniň agzyny bolsa, hasa bilen ýapypdyr. Birnäçe wagtdan soň agzy açyk gaplardaky etlerde siňek liçinkalary emele gelipdir, ýapyk gaplardaky zaýalanan et böleklerinde bolsa, liçinkalar emele gelmändir.
XVIII asyrda ýaşaýşyň öz-özünden döräp bilmegi baradaky teoriýany nemes matematigi we filosofy Leýbnis dowam etdirdi. Onuň tarapdarlary janly organizmlerde aýratyn «ýaşaýyş güýjüniň» bardygyny tassyklapdyrlar. Witalistleriň (lat. «vitalis» – janly, diri) pikiriçe, «ýaşaýyş güýji» ähli ýerde duş gelýär. Mikroskopyň oýlanyp tapylmagy adamlara mikroorganizmleriň dünýäsi bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berdi. Etli çorba salnan agzy berk ýapylan kolbada ýa-da bede suwunda birnäçe wagtdan soň mikroorganizmleriň peýda bolýandygyny gözegçilikler görkezdi. Emma haçan-da etli çorbany bir sagadyň dowamynda gaýnadanlarynda we kolbanyň agzy berk ýapylanda, kolbada hiç zat ýüze çykmandyr. Şeýlelikde, witalistler: «Uzak wagtlap gaýnatmaklyk, agzy berk ýapylan kolba girip bilmejek ýaşaýyş güýjüni öldürýär» diýen netijä gelipdirler. Abiogenez we biogenez teoriýalarynyň tarapdarlarynyň arasyndaky jedeller XIX asyrda-da dowam etdi. Hat-da meşhur Ž. B. Lamark hem 1809-njy ýylda kömelekleriň öz-özünden döremekliginiň mümkindigi barada ýazypdyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Umumy Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby