Döwlen aýna hakykatdanam betbagtlyk getirýärmi?Aýnalar gadymyýetden bäri hemişe iň gyzykly ynançlaryň biri bolup gelýär. Hususan-da, aýnanyň döwülmegini betbagtlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Bu yrym greklerden, esasanam rimlilerden gelip çykandyr diýlip çaklanylýar.
Gadymy grekler adamyň suwda şöhlelenmegini adamyň ruhuny ýüze çykarýar, döwlen aýna bolsa arassa ruhuň zaýalanmagyna sebäp bolýar diýip yrym edipdirler.
Gadymy rimliler bolsa polatdan ýasalan zatlary hudaýlaryň gurallary we ol gurallar bilen ruhlary synlaýarlar diýip yrym edipdirler.
Gadymyýetde aýna zeper ýetirmek şeýle bir hormatsyzlyk hasaplanypdyr. Aýnany döwmek we döwlen aýnada ýüz görmek betbagtlyk getirýär diýlip ynanylypdyr. Aradan ençeme ýyllaryň geçmegi bilen aýna önümçiligi köpelip, onuň döwülmegi hem ýygjamlaşypdyr. Şol sebäpli hem dini ynançlar hem täzelenipdir.
Üçünji asyrdan soň rimliler aşa köp döwlüp başlan aýnalaryň betbagtlyk getirjekdigine bolan ynançlaryny bes edip başlapdyrlar.
Aknabat AKMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.