elya
21.08.2023 15:45
Zenan kim?

Saçyñ birje tary ynjany üçin,
Kimdir biri gizlin aglaýan bolsa.
Hemmeden öñürti ýagty ertäñe,
Synmazak umydyn baglaýan bolsa,
Soñlanmaz sowaly \"Hallaryñ neneñ?\",
Jogaba ýaltanma, ol seniñ eneñ!

Haldan doýup, bir gün derde uçrasañ,
Kimdir ýagdaýyñy soraýan bolsa,
Seniñ ýa-da sen deý erkek göbekliñ,
Maşgalañ namysyn goraýan bolsa,
Çekmeseñ şol gara gulpakdan zyýan,
Ynamly gadam ur,
Ol merdem uýañ!

Çañ keçäñ kakylyp, gyzdyrlyp külbäñ,
Bir näzijek mähir çisñeýän bolsa.
Kyrk ýaşda-da, çaga garaşýan ýaly,
Ýoluña bakmasyn kesmeýän bolsa,
Hytaý galasydeý mizemez törüñ,
Çünki ony gorar wepadar ýaryñ.

Paýhas, parasatyñ gursagna guýlup,
Geljegni güneşde çaklaýan bolsa.
Mynasyp näz edip, mynasyp söýlüp,
Gyzlyk mertebesin saklaýan bolsa,
Ynamly gollarda dowamat yzyñ,
Ak geljege güwä gyzyñdyr gyzyñ.

Kerim Hally
174
422
elya
20.08.2023 12:18

Dostum, kalbymdaky ýaşyp barýan gün,

Damja-damja bolup, ýakar ergini.

Gussa çümsem, seni ýatlaman bilmen,

Näzikligim üçin bagyşla meni.


Ganyma siňipdir söýlüp ýaşamak,

Setirlermi mähre garyp, ezmeli.

Ömürden öýkeläp, seni ýatlasam,

Gijeler ynjytsam, bagyşla meni.


Ümürler aslyşar gije baglardan,

Bu nämekä? Tebigatyň  düzgüni.

Seň  kalbyňy tebsiredip, aglatsam,

Bagyşla, bagyşla, bagyşla meni.


Burugsan baglaryň  şabramna siňen,

Aýdymlarma asman mukam ýazmaly.

Seni söýýän diýip, gaýga batyrsam,

Bagyşla mähriban, bagyşla meni.


Demiň ýakyp barýar, ýandyryp barýar,

Lebleriň  gatynda pyşyrdy ýatyr.

Kämilligiň  özem munda sandyrar,

Söygüniň  peýkerem bukulyp otyr.


Saňa siňen näzlem, düwünsiz owaz,

Şol owazyň  mazmuny bar,maňzy bar.

Sen meni unutsaň, ýüregim sowar,

Seni maňa beren ýalňyz taňry bar.


Men size gowuşdym, men sizi söýýän,

Ýylgyrşyňa ýene, ýene gowuşsam,

Sen ruhumyň sallançagyn  ezizlän,

Bu ýüregim nädip senden sowaşsyn.


Ýürek sözüm diňlesene, diňleýjim,

Çeper sözi aýdyp ýörün ýadaman.

Bu dünýede diňe yssy mähirden,

Başga zat gerek däl eken adama.


Ikimiziň per ýassygmyz mysaly,

Uçup barýar bölek-bölek  bulutlar.

Meň  kalbyma şalyk ediň ýalbarýan,

Onuň kir-kimirsizdigin unutmaň.


Oguljennet BÄŞIMOWA.

131
176
elya
19.08.2023 15:34
Hiç wagt meñ öñümde peselmejegñe,
Juda çenden aşyp eselmejegñe,
Söz ber!

Ýönekeýje söýgi bilen söýjegñe,
Meñem söýgüm öz ýerinde duýjagña
Söz ber!

Sarpalasam-sarpalanym biljegñe,
Ýasama däl diñe çyndan güljegñe
Söz ber!

Beren mährim mähir berip aljagña
Öleniñde menden soña galjagña
Söz ber!

Laçyn Öwezowa
193
868
elya
18.08.2023 20:09
Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin,

Dagynam, daşynam, çäge, gumunam,

Men söýäýsem açyk-açyk söýerin,

Özem hiç goýmaryn söýme keminem.


Ýüregni ýüregme basyp söýerin,

Bagryny bagryma gysyp söÿerin,

Illere öýkünmen, ýyldyz goparman,

Söýgümi boýnundan asyp söýerin.


Ol-a sähra bolsa, menem yaz bolup,

Çagba guýup, teşne göwnün suwlardym,

Ykbal ursa şagallara meñzemän,

Uwlasamam gurtlar ýaly uwlardym...


Men söýäýsem, 2-ä dirär ähli san,

Birisi Alla bor, biri (Ol) bolar,

Bir ömüre peşgeş beriljek bolsa,

Meniñ üçin ählijesi şol bolar.


Arman ýöne duş edenok täleyim,

Köñlümiñ tupanam gara ýelmikä?,

Bir zat diýip laññyldaýar ýūregim

\"Ýa men bagt bilen parallelmikäm?...\".

Bayram Bejidow
100
143
elya
17.08.2023 18:47

Söýseñ namys - arly garyp oglany,

Çaga dek ezizläp, gujaklap gysar.

Ýöne, garyplygyny ýüzüne bassañ,

Bir gün baýlygyny, gözüñe basar.


Söýseñ namys - arly owadan gyzy,

Söýgüñi tumar dek boýnundan asar.

Ýöne orta ýolda taşlap gidäýseñ,

Bir gün bagty bilen gözüñe basar.


Adam bolup, ýeter - ýetmez adamyñ,

Gülüp geçmäñ, garyplygyna, azyna.

Göwnüñ ýetmän, kemsidenje sözüñi,

Döwran dolanarda, iýdir özüñe.


Adam bolmak, akyl, ylymda bolsa,

Ýagşy bolmak, Tañry gorkusyndandyr.

Garyp bolsun,ýetim bolsun parhy ýok,

Allam ejizleriñ arkasyndadyr.

100
157
elya
16.08.2023 19:33

ÝAT ÝERE GYZ BERMÄŇ!


Wah, ne gözel maşgala,

Keşde çekse sünnälän.

Bigadyra duş bolup,

Görýän güni gün däl-ä!


Belki, Allaň buýrugy

Arzuwynyň paşmany.

Basýar onuň egninden

Ýat illeriň asmany.


Bagt diýlen zat berlenok

Gözýaşa ýa badaga.

Indi gyzyň yhlasy

Şu ojaga sadaga.


Käbir gyzyň gylygy

Açmaýar hiç ýüregni.

Ynanýar hossaryna

Ykbalynyň küregni.


Dillenmegi kyn görer,

Bir utanjaň — ýazygy.

Üme düşmez eşitmez

Gyz kalbynyň sazyny.


Gyzy oda atanyň

Ýandak bitsin meýdine!

Günä galmak bolarmy

Bu döwürde beýdibem?


Gaýynlary öwse-de,

Hoş ýakanok gulaga.

Ýöne ile bildirmez,

Günlerinem bulamaz.


Bu öý bilen garyşar,

Çeker ýörer keşigni.

Ýuwar-ardar äriniň

Dolagyny, eşigni.


Söýgüsizem sebäp bar

Döremok, dogulmaga.

Ýüzi düşer bäbege:

Gyzlara, oglanlara.


Kem-kem ýatdan çykyşar

Arzuwlarnyň paşmany.

Häzir welin, egninde

Ýat illeriň asmany.



Çary ÝEGENMYRADOW

96
177
elya
15.08.2023 19:29

Ýaşasym gelýär


Ýatlasam käbämiň ýyljak gujagny,

Çaga kalply bolup ýaşasym gelýär.

Ýatlasam gyzgynjak tamdyr çöregni,

Halallykdan dolup ýaşasym gelýär.


Sallançak bagyny barmagna orap,

Alaja işerdi sapagyn sarap,

Ukusyz gijeler çagasyn üwräp,

Hüwdülerne siňip ýaşasym gelýär.


Barmak basyp, kitap baryn okadan,

Keçe basyp, tara-dokma dokadan,

Çagalykdan beýnimizi bekeden,

Edep-ekram bilen ýaşasym gelýär.


Ene gudratyndan aýlanýar Älem,

Daň säher Aý Güne berýändir salam,

Her gün didaryny görmesem arman,

Säher salam bilen ýaşasym gelýär.


Älemiň Aý-Güni seniňki bolsun,

Zeminiň bar güli seniňki bolsun,

Akmaýaly ýollar seniňki bolsun,

Ýoluna gül düşäp ýaşasym gelýär.


Owadan zamanda owadan bolup,

Eneleň baryny gutlasym gelýär.

Käbämiň mähriban perzendi bolup,

Söýülip hem söýüp ýaşasym gelýär

96
83
elya
14.08.2023 00:47

BIR SENI


Gel ezizim, gel sen gündiz-gijeler

Isle asuda gün ýa gaý tupanda

Gelseň ýaltanmaryn açmana gapym

Oýakam, ukyda parhy ýok onuň

Diňe sen diýp urýar ýüregim meniň

Men seni görmesem gamlanyp gezýän

Sebäbi durmuşda bir seni söýýan


Gel ezizim, gel sen ýylyň dört pasly

Aýrylma ýanymdan synlaýyn seni

Gyşda sowuk diýmän, tomus hem yssy

Gandyr gül keşbiňden gandyrgyn meni

Görmesem jemalyň men ýanyp-köýýän

Sebäbi durmuşda bir seni söýýän


Asman ýyldyzlarynyň biri bolsaň hem

Gije görnüp gündiz gözümden ýitme

Gül jemalyň gizläp intizaryňdan

Yşkyň derýasyna gark edip gitme

Saňa gözelligiň nusgasy diýýän

Sebäbi durmuşda bir seni söýýän

94
51
elya
12.08.2023 20:11

SEN MENI KÜÝSÄRSIŇ


Sen meni küýsärsiň ýalňyz çagyňda,


Küýsärsiň bir zada begenen wagtyň.


Ýaşarsyň gaplanyp arzuw-hyýala,


Dünýäme dolanyp gelmejek bagtym.



Sen meni küýsärsiň, men ony bilýän,


Hem ýatlarsyň bala dönen günleri.


Şol pursat ejizlär mert bolan göwnüň,


Adymy tutarsyň ysgap gülleri.



Sen meni küýsärsiň soňky deme çen,


Gözlerimi göz öňüne getirip.


Bu pany dünýäde armanyň galar,


Gitseň-de sen mundan ömrüň ötürip.



Sen meni küýsärsiň baharda-ýazda,


Geçennem duýmarsyň ömüriň, wagtyň.


Bagtly pursatlar galypdyr yzda,


Wah, indi gujagma dolmajak bagtym.



Bahargül Mejidowa

106
154
elya
10.08.2023 22:03

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,

Gursagymda çogup duran gussa bar.

Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,

Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.


Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,

Çekişeýin günleň agyr keşigin.

Bolmanda, ejaza berenok hergiz

Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.


Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,

Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.

Belki, ýöne ýerden däldir

Gijeler

ýatan pilläm birden-birden demikmäm.


Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,

Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,

Ak kagyza gara reňkli gussamy.


Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek

Göwnüň döwük böleklerin sepläre.

Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,

Ölemden soň maňa derek gepläre.


Sapa HOMMADOW

98
95