elya
16.08.2023 19:33

ÝAT ÝERE GYZ BERMÄŇ!


Wah, ne gözel maşgala,

Keşde çekse sünnälän.

Bigadyra duş bolup,

Görýän güni gün däl-ä!


Belki, Allaň buýrugy

Arzuwynyň paşmany.

Basýar onuň egninden

Ýat illeriň asmany.


Bagt diýlen zat berlenok

Gözýaşa ýa badaga.

Indi gyzyň yhlasy

Şu ojaga sadaga.


Käbir gyzyň gylygy

Açmaýar hiç ýüregni.

Ynanýar hossaryna

Ykbalynyň küregni.


Dillenmegi kyn görer,

Bir utanjaň — ýazygy.

Üme düşmez eşitmez

Gyz kalbynyň sazyny.


Gyzy oda atanyň

Ýandak bitsin meýdine!

Günä galmak bolarmy

Bu döwürde beýdibem?


Gaýynlary öwse-de,

Hoş ýakanok gulaga.

Ýöne ile bildirmez,

Günlerinem bulamaz.


Bu öý bilen garyşar,

Çeker ýörer keşigni.

Ýuwar-ardar äriniň

Dolagyny, eşigni.


Söýgüsizem sebäp bar

Döremok, dogulmaga.

Ýüzi düşer bäbege:

Gyzlara, oglanlara.


Kem-kem ýatdan çykyşar

Arzuwlarnyň paşmany.

Häzir welin, egninde

Ýat illeriň asmany.



Çary ÝEGENMYRADOW

96
177
2015
17 Awgust 2023
@deid, barde de alya barmy
2015
17 Awgust 2023
Bardede elya barmy
deid
17 Awgust 2023
Gaty manyly goşgy elya
2580
17 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
orazow96
16 Awgust 2023
Miss_Minnosh❤️
16 Awgust 2023
@orazow96, sizem sag boluñ
orazow96
16 Awgust 2023
@smart_girl, sagbolun umruniz bolsun minetdar
Miss_Minnosh❤️
16 Awgust 2023
@orazow96, howwa🙃
orazow96
16 Awgust 2023
@smart_girl, size ullakan sagbolsun aytyan barsyna basyp cykdynyz oyutyan
Miss_Minnosh❤️
16 Awgust 2023
@orazow96, sag boluñ gownunize yarayan bolsa begenyan 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.