elya
17.08.2023 18:47

Söýseñ namys - arly garyp oglany,

Çaga dek ezizläp, gujaklap gysar.

Ýöne, garyplygyny ýüzüne bassañ,

Bir gün baýlygyny, gözüñe basar.


Söýseñ namys - arly owadan gyzy,

Söýgüñi tumar dek boýnundan asar.

Ýöne orta ýolda taşlap gidäýseñ,

Bir gün bagty bilen gözüñe basar.


Adam bolup, ýeter - ýetmez adamyñ,

Gülüp geçmäñ, garyplygyna, azyna.

Göwnüñ ýetmän, kemsidenje sözüñi,

Döwran dolanarda, iýdir özüñe.


Adam bolmak, akyl, ylymda bolsa,

Ýagşy bolmak, Tañry gorkusyndandyr.

Garyp bolsun,ýetim bolsun parhy ýok,

Allam ejizleriñ arkasyndadyr.

100
157
deid
18 Awgust 2023
Gaty gowy goşgy mawy
bamy
17 Awgust 2023
Söýgüni tumar dek aşar boýnundan
okayjy
17 Awgust 2023
Gowy goşgy 👍 Awtory kim ?
orazow96
17 Awgust 2023
@Kmg gurt, gaty gowy diyjek bolup galdyrypdyryn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.