elya
12.08.2023 20:11

SEN MENI KÜÝSÄRSIŇ


Sen meni küýsärsiň ýalňyz çagyňda,


Küýsärsiň bir zada begenen wagtyň.


Ýaşarsyň gaplanyp arzuw-hyýala,


Dünýäme dolanyp gelmejek bagtym.



Sen meni küýsärsiň, men ony bilýän,


Hem ýatlarsyň bala dönen günleri.


Şol pursat ejizlär mert bolan göwnüň,


Adymy tutarsyň ysgap gülleri.



Sen meni küýsärsiň soňky deme çen,


Gözlerimi göz öňüne getirip.


Bu pany dünýäde armanyň galar,


Gitseň-de sen mundan ömrüň ötürip.



Sen meni küýsärsiň baharda-ýazda,


Geçennem duýmarsyň ömüriň, wagtyň.


Bagtly pursatlar galypdyr yzda,


Wah, indi gujagma dolmajak bagtym.



Bahargül Mejidowa

106
154
2580
13 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
mandarin
13 Awgust 2023
@elya, at hem owadan eken we sizem şeýle
garik
12 Awgust 2023
@elya, hm harpyna üns bermändirin
garik
12 Awgust 2023
Baýramyñ jigisi bolýarmy şu
okayjy
12 Awgust 2023
Gowy ýazlypdyr...👍
ylham_gurbanaly
12 Awgust 2023
Bah..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.