elya
20.08.2023 12:18

Dostum, kalbymdaky ýaşyp barýan gün,

Damja-damja bolup, ýakar ergini.

Gussa çümsem, seni ýatlaman bilmen,

Näzikligim üçin bagyşla meni.


Ganyma siňipdir söýlüp ýaşamak,

Setirlermi mähre garyp, ezmeli.

Ömürden öýkeläp, seni ýatlasam,

Gijeler ynjytsam, bagyşla meni.


Ümürler aslyşar gije baglardan,

Bu nämekä? Tebigatyň  düzgüni.

Seň  kalbyňy tebsiredip, aglatsam,

Bagyşla, bagyşla, bagyşla meni.


Burugsan baglaryň  şabramna siňen,

Aýdymlarma asman mukam ýazmaly.

Seni söýýän diýip, gaýga batyrsam,

Bagyşla mähriban, bagyşla meni.


Demiň ýakyp barýar, ýandyryp barýar,

Lebleriň  gatynda pyşyrdy ýatyr.

Kämilligiň  özem munda sandyrar,

Söygüniň  peýkerem bukulyp otyr.


Saňa siňen näzlem, düwünsiz owaz,

Şol owazyň  mazmuny bar,maňzy bar.

Sen meni unutsaň, ýüregim sowar,

Seni maňa beren ýalňyz taňry bar.


Men size gowuşdym, men sizi söýýän,

Ýylgyrşyňa ýene, ýene gowuşsam,

Sen ruhumyň sallançagyn  ezizlän,

Bu ýüregim nädip senden sowaşsyn.


Ýürek sözüm diňlesene, diňleýjim,

Çeper sözi aýdyp ýörün ýadaman.

Bu dünýede diňe yssy mähirden,

Başga zat gerek däl eken adama.


Ikimiziň per ýassygmyz mysaly,

Uçup barýar bölek-bölek  bulutlar.

Meň  kalbyma şalyk ediň ýalbarýan,

Onuň kir-kimirsizdigin unutmaň.


Oguljennet BÄŞIMOWA.

131
176
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.