elya
15.08.2023 19:29

Ýaşasym gelýär


Ýatlasam käbämiň ýyljak gujagny,

Çaga kalply bolup ýaşasym gelýär.

Ýatlasam gyzgynjak tamdyr çöregni,

Halallykdan dolup ýaşasym gelýär.


Sallançak bagyny barmagna orap,

Alaja işerdi sapagyn sarap,

Ukusyz gijeler çagasyn üwräp,

Hüwdülerne siňip ýaşasym gelýär.


Barmak basyp, kitap baryn okadan,

Keçe basyp, tara-dokma dokadan,

Çagalykdan beýnimizi bekeden,

Edep-ekram bilen ýaşasym gelýär.


Ene gudratyndan aýlanýar Älem,

Daň säher Aý Güne berýändir salam,

Her gün didaryny görmesem arman,

Säher salam bilen ýaşasym gelýär.


Älemiň Aý-Güni seniňki bolsun,

Zeminiň bar güli seniňki bolsun,

Akmaýaly ýollar seniňki bolsun,

Ýoluna gül düşäp ýaşasym gelýär.


Owadan zamanda owadan bolup,

Eneleň baryny gutlasym gelýär.

Käbämiň mähriban perzendi bolup,

Söýülip hem söýüp ýaşasym gelýär

96
83
2580
17 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
okayjy
15 Awgust 2023
Barmak basyp, kitap baryn okadan...👍
gurbanowa
15 Awgust 2023
Çaga kalply bolup ýaşasym gelýär.❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.