bismark01
15.03.2024 23:04
Hiç haçan arzuwdan ýüz döndermeli däldir! Naharyň bedenimizi iýmitlendirişi ýaly, arzuwlar hem ruhumyzy iýmitlendirýär.
Durmuşda umytlarymyzyň kül-peýekun bolşuny näçe gezek başdan geçirsek, näçe görsek hem, biz barybir arzuw etmegimizi dowam etdirmelidiris.
Paulo Koelo.

Adamdan: «Bagt näme?» diýip sora, şonda sen oňa iň ýetmeýän zadyň nämedigini bilersiň…

Pikiriň nirä ymtylýan bolsa, Durmuşyň hem şol tarapa hereket edýändir…

Ömür - bu bir taraplaýyn hereketli köçe. Onda yzyňa dolanyp bolmaýar… Adam hem edil kerpiç ýaly, kem-kem bişip, gataýar…
Jorj Bernard Şo

Siziň wagtyňyz çäklidir, şonuň üçinem ony özgäniň durmuşy bilen ýaşamak synanyşygyna sarp etmäň.
Stiw Jobs

Adamyň hem uçara meňzeş taraplary bolýar. Uçar ýerden hem ýöräp bilýär, ýöne özüniň uçardygyny subut etmek üçin, ol howa göterilmeli bolýar. Biz hem şeýle: eger biz öz-özümizden belende galyp bilmesek, uçup bilýändigimizi hiç kim duýmaz.

Mähirden doly ýürek dünýäniň ähli paýhasyndan hem has gymmatlydyr.
Çarlz Dikkens

Gözýaşyň hem öz wezipesi bolarmyş. Soňundan geljek ýylgyryş üçin arassalaýyş geçermiş!..
Hz. Möwlana

Bagtlylygyň hem ýokançlyk häsiýeti bardyr. Siz näçe bagtyýar bolsaňyz, daş-töweregiňizdäkiler hem şonça bagtlydyr.

Kiçijek açar bilen ullakan sandygy açyp bolýandyr. Jaýdar söz hem açar ýalydyr, dogry saýlamagy başarsaň, islendik göwni açyp, islendik agzy hem ýapmak mümkindir..

Her bir zady tüýs wagtynda etmek gerek. Düýnki gün has irdi, ertir has giç bolar.
Bernar Werber
27
55
bismark01
09.03.2024 22:14
Eger siz pikiriňiziň nä derejede güýçlüdigini bilsediňiz, onda hiç haçan ýaramaz pikir etmezdiňiz… Pis Pilgrim.

Zenan - gül. Erkek - bagban. Bagban güle yhlas bilen ideg eder, ösdürer.
Gül bolsa öz gezeginde oňa minnetdarlyk bildirip, özüniň mylakatyny we gözelligini bagyşlar. Diňe iň yhlasly bagbanda iň ajaýyp gül ösüp ýetişýändir…

Men türgenleşikleriň her bir minutyny ýigrenýärdim, ýöne özüme şeýle diýýärdim: «Ýeňilme, şu wagt ýene azajyk çyda, soňra bolsa tutuş galan ömrüňi çempion hökmünde ýaşa!» Muhammed Aly.

Hatda iň bir kindiwanja jandarlaryň hereketi hem tutuş älemdäki özgerişlere getirýär.
Nikola Tesla.

Laçyn ýeliň ugruna uçanda däl-de, ýele garşy uçan mahaly belende galýandyr.
Uinston Çerçill.

Eger seniň kalbyňda gülleri parç bolup oturan ýekeje şaha galan bolsa hem, oňa mydama saýrak bilbil gonar… Hytaý nakyly.

Öz durmuşy babatda näme etmelidigini bilýän adam hiç haçan özgäniň durmuşyna goşulmaýar…

Biziň hemmämiz galamlar ýalydyrys. Öz ykbalyny her kimiň özi çekýär. Kimler döwülýär, kimler kütekleşýär, kimler bolsa özüni ýiteldip, ýoluny dowam edýär…

Şowlulyk mertleri halaýandyr, tunneliň ahyrynda ýagtylygyň görünmeýänligi öňüňde garaňkylyk garaşýanlygyny aňladýan däldir…

Şowsuzlyk diýlen zat ýokdur. Her bir zadyň öz sebäbi we ondan öwrener ýaly sapak bardyr… Riçard Bah

Men hemişe özümi bagtyýar duýýaryn. Näme üçindigini bilýärmiň? Sebäbi men hiç kimden hiç bir zada garaşamok.
garaşmak elmydama yzaly bolýar… Ömür gysga… Şonuň üçinem öz ömrüňi söý… Bagtly bol… Hem-de ýylgyr… Gürlemezden öňürti diňle… Ýazmazdan öňürti oýlan… Pul sowmazdan öňürti gazan… Doga-dileg etmezden öňürti bagyşla… Birini ynjytmazdan öňürti duý… Ýigrenmezden öňürti söý… Ölmezden öňürti ýaşa!
Uilýam Şekspir

Çuň derýalar özlerine zynlan daşy duýmaýarlar hem. Adam hem şeýle. Eger adam baba-bat gaharlanýan bolsa, onda ol derýa däl-de, ýalpajyk çalpawjykdyr…
28
44
bismark01
22.10.2023 15:26

«TELEFON HASSASY» DÄLSIŇIZ-Ä, HERNÄ?

Siz irden oýanaňyzda ilki nämä el uzadýarsyňyz? El telefonyňyzamy? Ertirlik edinýärkäňizem gözüňiz telefonyň ekranyndamy? Ulagda otyrkaňam şeýlemi? Dost-ýarlar, dogan-garyndaşlar bilen üýşmeleňde-de şol ýagdaýmy? Telefonsyz bir sagadam oňup bileňzokmy? Gije-gündiz ýanyňyzdamy? Howa ýaly zerurmy şol? Eger batareýasynda bir çyzyk galan bolsa, dünýäniň soňy gelýän ýaly, bar işiňizi taşlap, şoňy toga birikdirmegiň ugruna ylgaýarsyňyzmy? Şeýle adamlar bar. Eger Sizde-de şeýle alamatlar bar bolsa, onda bu eýýäm “nomofobiýa” diýilýän was-wasylygyň başlanandygyny görkezýär. Ol “no mobile phone phobia” diýen iňlis sözlerinden gelip çykyp, “el telefonsyz galmakdan gorky” diýmegi aňladýar. Çünki şu hossa uçranlar özleriniň telefonynyny ýitirmekden, batareýasyndaky toguň ýa hasabyndaky puluň tükenmeginden ýa-da öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň çäginden daşarda galmakdan öler ýaly gorkýandyklaryny boýun alýarlar.

Elbetde, häzir hiç kimiňem durmuşyny telefonsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Telefon bize iş üçinem, ýakyn-ýatlar bilen gatnaşyk üçinem, peýdaly we gyzykly zatlary bilmek üçinem gerek. Emma ynsanyň gowy zatlara tiz öwrenişip, çen-çakyny ýitiräýmek gylygy bar. El telefony bilenem şeýle boldy. Giň möçberli derňewleriň görkezişine görä, häzir adamlar her gün ortaça dokuz sagat eli telefonly gezýärler, adamlaryň üçden birisi bolsa şu enjamsyz bir sagadam oňup bilenoklar. “Telefon hassasy” bolan adamlar-a (käbir ýurtlarda her ýedinji adam) el telefonynyň nirededigini bilmeseler, derrew howsala düşýärler, tä tapýançalar janyna jaý tapmaýarlar. Elleri titräp, ýürekleri çarp urup, başlary aýlanýar, wagtynda tapmasalar dagy kakynlary tutýar. Şol enjamy hiç haçan – gezelenje daga-düze, kenara gitselerem ýanlaryndan aýyrmazlar, dükana aýlanyp ýörkälerem, aşhanada, hammamda, hajathanada bolsalaram, düşekde ýatyrkalaram şo-ol ýanlaryndadyr. Işde, myhmançylykda, hatda möhüm ýygnakda otyrkalaram gözleri şol ýylpyldawyk ekranjykdadyr, asyl-asyl öçüräýmezler. “Togy gutaraýmasyn” gorkysy bilen tok beriji enjam hem ömür ýanyndadyr, “pul hasaby gutaraýmasyn” ätiýajy bilen hasabyny üpjünlemegi hem jäht tutarlar. El telefonlaryna degişli täzelikleri sypdyrmazlar, täze çykan programmalary, oýunlary, ýazgylary, suratlary ýüklemek, öz telefonlaryny bezäp-beslemek bilen mübteladyrlar. Garasaý, telefon olara hyzmat edýän däldir-de, gaýtam olar jany-teni bilen öz elektron “taňryjygynyň” gullugyndadyr. Şol enjam döwülse ýa ýitse, olar işläbem, iýip-içibem, uklabam bilmezler, bu ýagdaý tiz düzelmese ýanlaryny düşege bermekleri hem mümkindir.

Elbetde, el telefonyna şeýle derejede baglanmak adamyň ünsüni oýlanyşykly we öndürijilikli işden, umuman durmuş hakykatyndan başga bir hyýaly dünýä sowýar. Hemme zatda aňsadyna bakyp, kyn pursatda telefonyna dümtünen bolýan ýaşlar bar. Käbirleri goňşy otagda işleýän, penjiräniň aňyrsynda duran, hatda giň iş otagynyň beýleki çetinde oturan kärdeşiniň ýanyna baryp gürleşäýmän, telefonda habarlaşýarlar. Çünki şeýdilende başa-baş söhbetdäki ýaly gürrüňdeşiň gözüne seredip sözleşmek, duýgularyňy ýüzüň alamatlary, elleriň hereketi bilen bildirmek ýa-da sesiň äheňi bilen beýan etmek gerek bolmaýar. Ýylgyranyňy, çytylanyňy, aljyranyňy ýa utananyňy gürrüňdeşiň görjek gümanyň ýok. Aslynda öňem özüne kän ynamy bolmadyk ýaşlaryň köpüsi töweregindäkiler bilen ýüzbe-ýüz, göni gürrüňdeşligiň tejribesini ele almaga, gepleşigiň özara düşünişmäge ýardam edýän usullaryna ökdelemäge derek gaýtam adaty gepleşiklerden gaça durmak, telefon we internet aragatnaşyklaryna geçmek ýoluny saýlap alýarlar. Töwegindäki işgärleri, dost-ýarlary, hossarlary bilen başdansowma gatnaşyp, telefonyň we internetiň üsti bilen köpsanly gaýybana söhbetdeşler, “dost-ýarlar” edinýärler, iç döküşýärler. Şeýdip, bir ýerlerden özlerine jogap berýän, “ýylgyrýan”, duýgudaşlyk edýän, goldap, pikirini paýlaşýan adamlaryň bardygy üçin gögele ýaşlar özlerini köpçülige goşulyp giden ýaly, gyzykly wakalaryň jümmüşine aralaşan ýaly duýýarlar, aňsat ýerden “alçak”, “özüne çekiji”, “märekesöýer” adama “öwrülýärler”. Hakykatda bolsa şeýle howaýy gatnaşyklara gyzygyp, olar özüni gurşap alýan jemgyýetden gitdigiçe çetleşýärler, çetleşdigiçe-de ýene-de telefondaky şol jadyly dünýä barha berk baglanýarlar. Olar onlayn-söhbetler, hat alyşmalar, oyunlar bilen aşa gyzygyp, okuwyny, işini, hakyky ýakynlary bilen gatnaşyklaryny gözden salýarlar.

Telefona baglanmagyň ruhy-aň we jemgyýetçilik-durmuş taýdan berýän zyýanlaryndan daşary ynsan saglygyna zyýanydyr wehimi hem kiçi-kirim däl. Radioýygylyk şöhlelenmeleriniň beýnä köp täsir etmeginiň düwnügi döredýändigini ylmy barlaglar görkezdi. Şonuň üçnem Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy tarapyndan radioýygylyk şöhlelenmeleriniň täsirini peseltmegiň usullary (telefon enjamynyň ses gataldyjysyny ulanmak, gepleşigiň wagtyny azaltmak, ýazgy habarlaryny ulanmak we ş.m.) maslahat berilýär. Häzirki döwürde köp alymlar ýatkeşligiň bozulmasy, ünsi jemläp bilmezlik, ýadawlyk, baş aýlanmasy we ukynyň bozulmasy ýaly derdeserleri telefony köp ulanmak bilen baglanyşdyrýarlar. Ýaşlaryň arasynda barha artýan şowakörlük hem ep-esli derejede el telefonyny köp ulanmak bilen baglanyşykly. Şu sebäpden 2050-nji ýyla çenli ýer ýüzüniň ilatynyň 49,8 göteriminiň (4,8 milliard adamyň) şowakörlüge sezewar boljakdygy çaklanýar. El telefonyndan çykýan mawy-benewşe ýagtylygyň körlüge getirip bilýändigi ylymda öňe sürülýär. Gulaklyklarda gaty sesli aýdym-saz diňlemek netijesinde eşidişiň peselmegi, telefon enjamyna eglip oturmakdan ýagyrnyň, eginleriň we boýnuň agyrmagy hem-de kem-kemden arkaň küýkermegi, hereketsiz kän oturmakdan agramyň artmagy hem telefona baglanmagyň zyýanly netijeleri bolup durýarlar.

Telefona baglanmagyň şular ýaly zyýanly netijelerinden hem-de wagtlaryny biderek harçlamakan gaça durmak üçin indi akylly telefonlardan (смартфон) ýüz öwrüp, ýönekeý telefonlary ulanyp başlan adamlar bar. Eger Sizem özüňizde “telefon hassalaygynyň” käbir alamatlaryny görýän bolsaňyz, barlag geçirmek üçin ýekeje gün akylly telefonyňyzy şkapa atyň-da, ýatan-turan “şänik” telefonyňyzy wagtlaýynça ulanyp göräýiň. Ýöne beýtmek bilen akylly telefonyň hakykatdanam peýdaly birgiden artykmaçlyklaryndan mahrum bolmak islemeseňiz, onda “telefon hassalaygyny” bejermek ugrundan eýýäm tejribe gazanan hünärmenler, şeýle hem bu derdeserden gutulmagy başaran sagdyn paýhasly kişiler tarapyndan maslahat berlen şu aşakdaky käbir düzgünleri berjaý etmäge çalşyň.


☆ Zerur gerek bolmajak goşundylary (приложениe) telefonyňyzdan aýryň. Şunda telefona ýygy-ýygydan seretmäge sebäbiňiz azalar. Adaty goşar sagadyny we jaňly sagat ediniň. Ýogsam telefona dümtülmeler “diňeje wagta seretjek” diýen bahanadan başlanýar.


☆ Nahar edinýärkäňiz telefonyňyza ünsüňizi sowup, iýýän-içýän zadyňyzyň lezzetinden özüňizi mahrum etmäň. Bu, barlaglaryň görkezişine görä, artykmaç agram ýygnamagyň hem sebäbi bolup durýar, çünki telefona güýmenip oturyşymyza biz doýanymyzy duýman, iýip-içmegimizi dowam etdirýäris.


☆ Telefonyň ekranyny aşak edip goýuň. Şonda täze habarlary görmek üçin oňa ýaltaklap oturmarsyňyz. Şeýtseňiz, gözüňize hem dynç berersiňiz. Munuň enjamyň uzak hyzmat etmegi üçin hem amatlydygyny hünärmenler tassyklaýarlar. Garaz, telefonyň ýüzin ýatyrylyp goýulmagy hemmeler üçin gowy.


☆ Тelefony kän barmaýan otagyňyzda toga goýuň. Şol gözüňiziň öňünde bolmasa, akyl-huşuňyzda-da azrak orun alar. Ony ýatjak otagyňyzda hem galdyrmajak boluň. Ýogsam ýene oňa güýmenip, ukudan galanyňyzy duýmarsyňyz. Telefonyň ýylpyldaýan ekranynyň ukyny bozýandygyny, ýatylýan otagda uzak gije işleýän Wi-Fi ulgamynyň bolsa saglyga örän zyýanlydygyny lukmanlar duýdurýalar.


☆ Her günde ýerine ýetirýän haýdydyr bir pişäňiz bilen ýanyňyz telefonsyz meşgullanyň. Meselem, günde welosipedli gezelenç edýän bolsaňyz ýa-da pyýadalap dükana gidýän bolsaňyz, telefonyňyzy öýde goýup gidiň. Telefonsyz hem oňup bolýandygyny, şonsuzam dünýäniň neneň ajaýypdygyny görüň.

26
45
bismark01
17.10.2023 19:51

Zenanlaryň öňki döwürde çeken jebri-jepalaryny bilmeýäňiz, gyzlarym, aýdanym bilen hem ynanmarsyň...

Turahan daýza


Iki hepdeden bäri göz açdyrmaýan güýz şemaly belent daragtlaryň şahasynda, üçeklerde güwwüldeýär, ýapyk gapylara, deşiklere baş sokup uf çekýär.

Munuň ýaly gijelerde adamogly oý-hyýala gark bolup, nämedir bir zada garaşyp oturmagy halaýar.

Alymbeg dadhanyň sekiz aýaly uly güni Nadirmahbegimiň jaýyna üýşüp, stolyň töwereginde otyrdylar. Dadha her gije tarawa namazyndan soňra hatyma galýardy, bu gije ir dolandy. Hemme ýerinden galdy, aýallardan biri onuň sellesini aldy, biri çäkmenine el uzatdy, ýene biri messisini çykarmaga şaýlandy... Gündeşleriň iň kiçisi– bu öýe gelenine bäş aý bolan ýaş gelin– Genjirewanly Unsinaý çilim otlap berdi. Dadha çilimi bir gezek, ýöne juda işdämenlik bilen çekip, hatara düzülip duran aýallaryna ünsem bermän töre geçip, penjiräni çalaja açyp daşary seretdi. Şemal kä aç gurt kimin uwwuldaýar, käte ölümiň çeňňeline düşen pişik deýin iňňildeýär, wägildeýär, hiç zat, hiç närse görünenokdy.

Dadha penjiräni mäkäm ýapyp, ýerine oturyp tesbi sanamaga başlady. Onuň barmaklary tesbi daşlaryny çalt-çalt geçirýän hem bolsa, gulaklary güwwüldeýän şemalda, hyýaly gonamçylykdady: "Häzir gonamçylyk nähili howatyrly bolsa gerek...".

Özbek gonamçylygynyň asly howatyrly, üstesine, gonamçylyk barada aýdylmadyk erbet gep, toslanmadyk gorkuly myş-myş galmadyk bolsa gerek. Çyndanam, munuň ýaly gijelerde gonamçylyk ýadyna düşen her bir adam, esasanam, dadha ýaly pygamber ýaşyndan aşyp, kepenligini sandyga salyp goýan adamlar ölmekden hem beter gonamçylykda ýatmagy hyýalyna getirenlerinde diline çenli sowuk der çykarýar.

Dadha kellesinden gonamçylyk hakyndaky pikiri çykarmak üçin tesbisini goýup ondan-mundan gürlän boldy, ýöne hiç kim onuň gepine gep goşmady.

Şemal güýçli öwüseninde nämedir bir zady penjirä getirip urdy. Ol zat aýnany şakyrdadyp ýere gaçdy. Hemme oturan ýerinde bir garyş ýere giren ýaly boldy, elheder alyp biri birine seretdiler. Dadha aýallaryny, olardan hem beter özüni köşeşdirmek üçin ýerinden galyp, penjiräň bir gapdalyny açdy.

Dadha aşak seredip, şatlanan ýaly:

— Gamyş gamyş eken — diýdi we penjiräni ýene-de mäkäm ýapyp, ýerine oturdy.

Dokalan gamyş adatça tabyda goýulýandygy üçin dadhaň göz öňüne adamlaryň egninde hallanlap barýan tabyt geldi. Tabyt bolsa ýene-de gonamçylygy ýatlatdy, gonamçylyk hakynda çagalygyndan gulagynda galan gorkuly gürrüňleri, hadysalary göz öňünde janlandyrdy. Dadha bu pikirlerini dep etmek üçin gonamçylyk baradaky gorkuly gürrüňlerden özi söz açdy. Iki sözüniň birinde özüniň mertligini aýallaryna, olardanam beter özüne mahabatlady.

Gürrüňden gürrüň çykyp Nadirmahbegim bir wakany aýdyp berdi:

– Çagalygymda, kakam pahyr gürrüň beripdi. Myhmamçylykda bir ýigit... Edil şunuň ýaly şemally gije eken. "Häzir kim gonamçylyga baryp, Askarpansotyň gubyryna pyçak sanjyp bilýär?" diýen gürrüň bolupdyr. Şonda bir adam pyçagyny gynyndan soguryp "men sanjyp gelýän" diýipdir, bir goýundan jedel edip ýola düşüpdir. Dostlary garaşýarlar, garaşýarlar, ol gelmeýär. Daň atypdyr, öýünde hem ýokmuş. Gonamçylyga baryp seretseler, Askarpansotyň gubyrynyň ýanynda ölüp ýatyrymyş. Biçäre gubyra pyçak sanjanynda donunyň eteginem goşup sanjypdyr. Ýerinden galanynda eteginden biri çekýän ýaly bolanda...

Hemmäň ini jümşüldedi. Uzak dymyşlykdan soňra Unsin ýanynda oturan gündeşine pyşyrdap:

– Ölsün, nebsewür adam eken, bir goýuny diýip... Käşkä degerli bir zat bolsa!...–diýdi.

Bu gürrüňi dadha eşitdi. Dadha ýaly adam gonamçylyk diýilse dyzy sandyraýar, biri "äleme patyşa edeýin" diýse hem gonamçylyga barmaz, baryp bilmez welin, emma bu gyzjagaz ýumruk ýaly başy bilen , "degerli zat bolsa men barjak" diýýär!

Dadhanyň gahary gelip, Unsini masgara etdi:

– Bäh, degirmençiň gyzy!... Bir goýuny pisent etmeýär! Näçe goýun bolsa degerdi? Seň özüň on goýun bersem, pyçak sanjyp gelermiň? Ýüz goýun, mülkümiň ýarysyny bersem gidermiň?

Unsinaý ýalygyndaky teňňeleri oýnap:

— Maňa mal-mülk gerek däl, mal-mülk gerek bolsa giderdim– diýdi.

Onuň bu sözi Dadhaň gaharyny getirdi:

–Näme gerek?

Unsin hiç zat diýmedi. Dadhanyň soragy jogapsyz galmagy mümkin däldi. Şonuň üçin biri ýalňyşsa, hemmesi deň derejede taýak iýýän güniler Unsini gyssadylar.

— Gürlesene!

— Lal açdyňmy?!

Ýanynda oturan gündeşi tirsegi bilen bykynyna iküç gezek dürtensoň, Unsin başyny galdyryp, jellat kimin bakyp oturan dadha bir seretdi-de ýene-de başyny egip merdemsi jogap gaýtardy:

– Jogabymy berseň... Genjirewana gitsem... Bir gubyra bir däl, on gabra on pyçak sanjyp gelerin...– diýdi.

Onuň maksadyny günileri derrew aňlady. Ýöne dadha munuň ýaly söze garaşmandygy üçin ýalňyş düşündi:

— Genjirewana gidip näme etjek, entek baryp geleniňe iki aý hem bolmady ahyryn!

Nadirmahbegim stolyň aşagyndan aýagyny uzadyp Unsiniň baldyryny çümmükledi, gözi bilen "şükür düşünmedi, bes, gürleme" diýen yşarat etdi. Ýöne, Unsin janyndan geçen adamyň mertligi bilen dadha dik seretdi:

– Ýok, men hemişelik gitsem diýýän, jogabymy berseň diýjek bolýan.

Gepi aýdan Unsin welin, ýöne beýlekiler oturan ýerlerinde, ýere ýelmeşdiler. Emma, dadha hemmäň garaşyşy ýaly eline gamçy alyp Unsini "niräň gijeýär"e salmady, tersine zäherli hem bolsa parahat gürledi:

– Şeýlemi?… Hüm. Bolýar, aýdyşyň ýaly bolaýsyn– diýdi, biraz oýlanyp gaharynyň gelendigini gizläp bilmän sözüniň üstüni ýetirdi– Ýöne gonamçylyga pyçak däl, tüňçe äkidersiň. Anhezretimiň kümmetiniň ýanynda tüňçe gaýnadyp, çaý demläp getirersiň, bolýarmy?

Unsin şatlanyp:

– Bolýar, bolýar– diýdi– ýöne sözüňden dänmeseň.

Dadhaň içine ot düşdi. Bir pukaraň gyzynyň bu öýden gitmäge howlugyşy oňa sögünç bolup eşidildi. Indi Unisini töwella edip almak üçin ýekeje söz aýtmaga hiç kim, hatda gonamçylykdan onuň ölüsi dolanjagyna gözi ýetip, içinden perýat çekýän Nadirmahbegim hem batyrynyp biljek däldi.

Dadhaň ap-ak, uzyn sakaly, sesi titiredi.

– Bolýar, sözümden dänmerin. Ynha arkaýyn bolaý: men häzir seni bir talak etdim, dolananyňdan soňra üç talaksyň! Bar, tüňçäňi al!…

Unsin dadhadan derrew ýüzüni gizläp, çykyp gitdi.

Nadirmahbegim, elinden başga hiç zat gelmänsoň, iň bolmanda Unsiniň ýüregine güýç boljak birki agyz söz aýtmak maksadynda onuň yzyndan çykmakçy bolupdy, dadha gaşyny çytyp ýerinde oturdy. Güniler ýeke-ýekeden aýak ujunda ýöräp otagdan çykdylar.

Unsin jaýyna girdi, şarfyny atyndy, tüňjä suw dolduryp, jaýnege çaý atyp–ugrady.

Aý aýdyň.

Asmanyň gyrasy öçügsi sary parçalara meňzeýär. Bu öçügsi şuglaň gujagynda belentli-pesli jaýlar, şemala egilýän, yrgyldaýan agaçlar, gap-gara bolup görünýär. Güwwüldeýän şemal her bat alanynda Unsini uçuraýjak bolup, ep-esli ýere çenli itekleýärdi. Unsin şarfyny dolap eline alansoň ýol ýöremek aňsadyrak boldy.

Gonamçylyk barada dadha nämeler eşiden bolsa, Unsin hem şony eşidipdi, şemally gije gonamçylyk dadhaň hyýalynda nähili gorkuly bolsa, onuň hyýalynda hem şonuň ýaly gorkulydy, ýöne şeýle bolsa hem, dirileriň gonamçylygy bolan dadhaň azabynyň ýanynda ölileriň gonamçylygynyň gorkusy oňa howatyr bolup duýulmaýardy, ondan daşary, ertiriň özünde Genjirewana ugramak, ata-enesini, joralaryny görmek umydy onuň başyna hiç hili oý-pikiri getirtmeýärdi.

Unsin edil kakasyndan haýytlyk alyp bazara barýan gyzjagaz deýin şatlanyp, garşysyndan öwüsýän şemaly pitiwa etmän barýardy, emma gonamçylygyň köçesine sowulansoň, yrgyldaýan gap-gara gojaman çynaryň astynda agaryşyp görünýän kümmetleri, belgisiz gubyrlary, zulmady görüp ýüregine wehim indi. Zeýkeşiň köpürisinden geçip, iki ädim ädensoň durdy. Ýüregine howsala düşdi. Genjirewan, ata-enesi, joralary hyýalyndan göterilip, göz öňüne ap-ak kepene bürenip kümmet we gabyrlaryň töwereginde aýlanyp ýören ruhlar geldi.

Onuň tüýleri syh-syh boldy, saçy başyndaky ýalygyny bir garyş galdyran ýaly duýuldy. Unsin biygtyrýar bir ädim yza çekildi, ýöne şol wagtyň özünde ölilerden gorkmaýandygyny aýdyp birine öwünýän ýaly gygyryp: "Ölileriň jany ýok, ölileriň jany ýok" diýip öňe ymtyldy, şol ýöräninden çynaryň astynda .... dowamy bar

29
170
bismark01
11.10.2023 13:49

Amala aşmajak arzuw


Kellesindäki pikiriniň amala aşmaýanam bir gowy zat. Ýogsam, ol ganhor bolup, birwagt tussaghana düşerdi. Ol her gezek gahary gelende çyny bilen aýalyny öldüresi gelýär. Hyýalynda öldürip, hezil edýär. Ýöne, diňe pikir edýär goýýar... Soň gahary gaçýar, köşeşýär. Aslynda, hiç haçan adam öldürip biljek ynsanam däl ol.


• Öýüňde huzur bolmasa


Toýa bardy, oturdy. Millet tans edýär, ala-goh, şatlyk-şowhun. Emma, munuň içi gysdy. Köpçülikden haýyr ýok. Sebäbi häzir bu şowhun gutarar welin, öýüne dolanyp barmaly bolar. Öýünde-de mydama bolşy ýaly rahatlyk ýokdur. İgenjeň aýaly, öýüň ýeter-ýetmezçiligi. Garaz toýa barybam göwni açylmady.


• Işdäki eden-etdilik


İşde-de adalat ýokdy. Aýlygy öň-de köp däldi welin, öňküdenem azaltdylar oturyberdiler. İşden bir-iki gezek gijä galany üçin duýduryşam berdiler. Başga-da kän-ä, gijä galýan. Başlyk bolsa diňe şuny gören ýaly. İşden çykasy geldi. Arman, çaşyp ýatan iş-de ýok. Ol öýe gelip, zeýrenip, aýalynyň ýanynda içini dökdi. Aýalam geplemän diňledi oturdy. Muňa-da ýene onuň özüni goldamaýandygyna gahary geldi. Ýene ganhorlyk duýgusy oýandy. Üstesine indi başlygynam öldüresi gelýärdi.


• Toba edip, dogry ýola düşmek


Arak içmegini goýaly bäri iki ýyl geçdi. Asyl dünýe düzeläýdi. Öň içginiň güýjüne aýalyny öldüresi gelýän eken görüp otursa. Asyl toýlaryň şowhunyny indi ýüregi bilen duýup başlady. Toýdan diňe gök çaý içip, serhoş bolman, kimdir biri goltugyna girmän, öz aýaklary bilen barsa, aýaly asla igenjegem däl eken- ä. Güler ýüzli aýalynyň şunça ýyl gadryny bilmän gezipdir. Öň içgä gidýän pul indi öýüň gerek-ýaragyna sowlansoň, pulam köpeliberdi öýde. Asyl başlygam gowy adam eken. Ony öldürmek pikirinem kelleden çykarmaly boldy. Wezipesini ulaltdy, aýlygyny köpeltdi. Öň içgili bolup, işden telim günläp galandygy üçin berlen duýduryşlar ýyrtylyp taşlandy. Asyl bar günä özünde bolsa nätjek...

29
180
bismark01
08.10.2023 15:48

•DAŇ


Düýn bu güne garaşýardym. Bu gün geldi-de ertire garaşjakdygymy ýatlatdy.


Bobak Alyýew


****


•KAST


Ejem meni ilkinji we soňky gezek düýşünde gördi. Şol gün daňdany gan içinde garşy alyp meni öldürendigine göz ýetirdi.

Men ne güni, ne-de penjiräniň aýnasyndan ýagyş damjalaryny, ne başga gözellikleri synladym. Men hyjuw we söýgiden ýaraldym, kakamyň buýrugy we ejemiň kabul eden karary sebäpli öldüm.


Hüseýin Hüseýinzada


***


•ÖMÜR ÝOLY


Gyzjagazyň daşary ýurtda okamak, bagtly maşgala gurmak, ene bolmak ýaly kän arzuwlary bardy, ýöne ömüri ýetmedi, abort edildi.


Fuad Resulzada


***


•DÜNÝÄ NÄHILI AJAÝYP


Kynlyk bilen dem ýalýardy, ähtimal, sanalgyja demi galandygyny, ömrüniň soňlanýandygyny duýýardy. Garaşylmadyk wagty howludan ahy-nala eşidildi. Ol şepagat uýasyna näme edip bolsa hem özüni penjirä golaýlatmagyny haýyş etdi. Bir adam ölüpdir, hossarlary dady-perýat edýärdi. Muny görüp kalbyny gussa gurşap aldy, gözüni ýaşlap iň soňky sözlerini aýtdy:

– Dünýä nähili ajaýyp


Elnur Sadykow


***


•ENE GARNYNDAKY ÇAGA


Başyndan injek belalary bilse hem dünýä inmäge synanyşýardy…


Sewda Saparalyýewa


***


•ESGERIŇ ŞATLYGY


Birnäçe sagat bäri dowam edýän söweşde onuň ýekeje islegi bardy: "Wah, hany bäşje minut söweş dursa ädigimi çykaryp aýagymy gaşaýsam". Kämahal elindäki ok doly awtomady aýagyna atyp, boşatmak isleýärdi. Mundan artyk çydam edip biljek däldi. Aýagynda gijilewük bardy, dermanlary bolsa gutarypdy. Soňky söweş… edil gapdaljygynda mina atyldy... Jesetler töwerege atyldy.

Gospitalda gözüni açdy. Ýadynda galan soňky zat: aýagyny bir sapar gaşamak islegidi…

Esger olary indi hiç-haçan gaşamaly bolmajakdygyny bilip şatlygy içine syganokdy.


Perwiz Imanow

25
105
bismark01
03.10.2023 12:39

Güýz aýazy enäniň gujagy ýaly boş we garaňky köçäni gujaklap başlady. Sarymtyl ýapraklar bärde we şemalda öwüsýän bolsa, gijäniň aýazlary meni her demden doldurýardy we sowuk duýýardy. Şu gije çalşygym ýol hadysasy sebäpli uzaldyldy. Men şeýle bir ýadadym welin, hassahananyň duralgasyna barýarka biri maňa degse, ýykylardym. Awtoulag duralgasynyň ululygy we ýalňyzlygy, gorkumy güýçlendirip, ençeme ýyllap nobata giden her gije gözlerimde ulalýan we güýçlenýän ýalydy. Bu gaýa ýaly gorkunç görünerdi we meni bir ýalňyş ädim bilen ýykyljakdygymy we ädimlerimi has çalt etmegime mejbur ederdi. Gijeki çalşyklarymda bu duýgyny has güýçli başdan geçirerdim we bu çuňňur ýöremek islegimi güýçlendirerdi we mümkin boldugyça gysga wagtda ulagyma ýetmek islärdim. Bu gije olaryň biri boldy. Gijäniň garaňkylygy ýagtylyga gabat geldi. Sowukdan ellerim titräp, maşynyň açarlaryny sumkamdan çykardym-da, gulpy basdym. Gapyny açjak bolanymda, bir ses eşidip, ýüzüme bir zat degen ýaly ýere öwrüldim. Kellämden akýan zadyň ganydygyna düşünmek üçin köp wagt gerek däldi. Gygyrmak üçin agzymy açanymda, sesimiň çykmaýandygyna geň galdym, ýöne gara dyzdaky siluet ýere çöküp, bir eli bilen agzymy basdy, beýleki eli bilen elimi tutup, aýagymy çekdi. Şol pursatda elimdäki agyry, her ädimim bilen aýaklarymyň jele öwrülmegine we tutuş bedenim ysmaz ýaly hereketlerimiň haýallaşmagyna sebäp boldy. Dört ädim dört ýüz ädim uzakda ýalydy. Elimdäki adamyň ululygyndan onuň erkekdigini aýdyp bilýärdim. Awtoulagyňyzyň gapysyny açanyňyzda, Ony nädip açandygyna düşünmesemem, oturgyja tarap iteklenende, özümi geň galdyrdym. Bedenim islegime garşy hereket edýärdi, näçe garşylyk görkezjek bolsam-da, gözlerim beýnimiň beren "açyk" buýrugyny diňlemekden ýüz öwürdi ...


Gelenimde, nirededigime düşünmek üçin aňym we bedenim gaty boşdy. Meniň giren ýerim garaňky we asudady. Birazajyk özümi çekjek bolup durmaga synanyşsam-da, şowsuz boldum we duran ýerimde dyzymda galdym. Näçe synanyşsam-da, hiç zady duýup bilmedim. Içimde ýürek urgusyndan başga zat ýok ýalydy. Bu adaty zat däldi. Bedenime sanjym edilen derman ähli duýgularymy öldürýän ýalydy. Men diňe şu ýerde oturyp ölüme garaşyp bilmedim, ýöne näme etjegimi bilmedim. Ellerim bilen ýeri duýup, süýrenip başladym. Colder sowukdy. Meniň bolýan ýerimde topragyň we galybyň ysy bardy. Bir metr töweregi geçip, diwara duş geldim öýdýän. Ellerim bilen diwardan güýç alyp, özümi ýokary galdyrjak boldum. Ilkinji ädimlerini ädýän çaga ýaly titreýänem bolsa, diwary yzarlap başladym. Men agladym. Elim diwarda üýtgeşik bir zat duýanda, onuň gapydygyna düşündim we tutawajyny tapsam-da, gulplandygyny bilsemem, umyt bilen itip başladym. Huşumdaky duman göterilýärdi, aňym aýdyňlaşýardy. Men bu ýerde näçe wagt boldum? Aragatnaşyk kesilen suratlar ýadyma doldy. Bir adam, hassahananyň duralgasy, elimdäki we maňlaýymdaky agyry ... Meni alyp gaçdylar. Men bu ýerde haýwan ýaly türmä düşdüm we ýeke galdym. Dogrusy, meniň duşmanym ýokdy. Men hassahananyň çaga bölüminde işleýän çaga hirurgydym. Men ýeke ýaşaýan ýeke aýaldym. Men gatnaşykda däldim. Şowsuz gatnaşyklardan soň öz kärine özüni bagyş eden sansyz aýallaryň biri boldum. Iki ýyl aýrylykda ene-atamy ýitirdim. Men ýekeje çagadym. Güýçli jemgyýetçilik gatnaşyklary bolan adamdym. Näme üçin her kim maňa zyýan bermek isleýär? Bu gülkünç, Dogry bolmak gaty gülkünç, ýöne meniň şu ýerde bolmagym meniň ynanmak isleýän zadyma laýyk däl. Men bärde, köşeşip, bir zatlar etmeli. Aýaklarym hem güýçlenip başlady. Gapydan daşlaşyp, beýleki diwarlary barladym, bu kiçijik otagda poluň düşeginden başga zat ýokdy. Men duzaga düşdüm. Men düşegiň üstünde ýatdym. Birdenka..... Dowamy bar

17
60
bismark01
02.10.2023 14:49

ON BÄŞ ÄDIM


- Parol goşar sagadynyñ arka tarapyndadyr, gyssan, kän wagtyñ ýok.

- Bolýa, bir sagada çenli gowşuraryn.

Metronyñ basgançaklaryndan inip ugranymda aralyk edil on bäş ädimdi. Ýöreýän basgançagyñ çep tarapyndan inmäge dowam edenimde bir arap turisti paty-putysy bilen aralygy bozjak boldy, men ony bir gapdala itekläp goýberdim. Metronyñ uzyn koridorynda ädimler çaltlaşan ýaly boldy.

Haçan-da kimi yzarlap başlasam, onuñ köwşüne gözümi dikýärin. Köwşüniñ ugruna görä köwşümi gönükdirip, haýsy aýagyny haçan haýsy parkediñ üstüne basjagyny ýa-da belli bir ädimden soñ nirede haýallajagyny çaklaýardym. Bolşum göýä ýaramaz yşyklandyrylan futbol meýdançysynda ylgaýan futbolçynyñ çaltlaşan ýa-da haýallan ullakan kölegesi ýalydy. Çagakam öwrenen gyzyldan gymmatly häsiýetim sessizlik üçin iñ gerekli krossowka bolup durýardy. Köwşüñiz siziñ iñ ýakyn hemrañyzdyr. Haçan-da biriniñ gapjygyny çilmek üçin herekete geçeniñizde siziñ bilen bile çuslanar, bitewileşer. Gapjygyñ ýeri üýtgedilende barmak uçlaryñyz bilen bile olam uzar, ýeri üýtgänsoñam gaýtadan öñki ýagdaýyna geler. Uzaklaşyp barýarka hernäçe ylgamak islese-de, aýagyñyza agram berip ýere dikilmäge mejbur edersiñiz.


On ädim.


Ol turniketleriñ deñesine ýetende haýallady. Soñra bir turnikete kartyny basyp, geçmäge idin alansoñ ýöreýän basgançaga mündi. Men bolsa marşrut boýunça metronyñ gatnaýan wagtyny hasaplap, oña bäş ädim ýakynlaşdym. Metro duralgasyndaky talyplaryñ wagyrdysy metronyñ sesini basaýjak ýalydy. Sary çyzygyñ üstünde duran ýerimden törüne baryp düşer ýaly özümi metro wagonynyñ içerik okladym. Wagonda o diýen jaýlaşykly oturybilmesem-de, arkamy ýene üç-dört duralgadan bärde açyljagy nägümana gapa ýapladym. Kurtkasyndan görnüp duran ak köýnegi we ýeñinden görünýän sagady bilen beýlekilerden tapawutlandyraýmasañ, ýalpyldap duran demir tutawaçdan tutup duran köp sanly ellerden onuñ elini tapawutlandyrmagam kyndy. Şeýle-de men onuñ ýeñinde ýönekeý, ýöne gymmatbahaly ilikleri görýärdim.


Bäş ädim.


Haliç metrosynda dem almak üçin öñe süýşüp barýarkam tejribe sapagyna çykan talyplaryñ arasynda düşdüm. Olaryñ arasyndan çaltlyk bilen geçdim. Öñümde uklap ýatan bir gyzjagaz gözüme ildi. Oña golaýlaşamda agzyndaky emzigi bir pursatlyk durdy. Seretsem oýanan eken.


Bir ädim.


Üç müñ ýyllyk Halijiñ asmany göründi. Bäbejik ýuwaşlyk bilen emzigini taşlady we gözlerini birenaýyja edip açdy. Ol çak edişimden ulydy we oýnaklap duran owadan gözleri bardy. Adaty çaga asudalygy bilen maña gözüni aýlady. Bäbejik we belki-de birnäçe ýyllap bu metrodan peýdalananlardan başgasy gözleruni Haliç peýzažyna gönükdirdi. Ýeten duralgamyz adamlaryñ iñ köp arkaýynlyga düşýän, biziñ ýalylaryñam bu arkaýynlykdan peýdalanmagy başarýan metro duralgasydy. Barýan metronyñ ähli bölegi açyk howa çykan mahaly jübimdäki çakgyny alyp iki barmagymyñ arasynda gizledim. Soñra metronyñ durmakçy bolanda ýuwaşja silkinip gidýän pursatyna garaşdym. Bar küý-pikirim iñ soñky bir ädimimi hem ädip onuñ goşaryny kesmekdi. Şeýle-de boldy. Durjak bolup çalaja silkinen metroda çaltlyk bilen sag golundan tutup, göz açyp ýumasy salymym içinde çakgymy işletdim. Ol beýleki eli bilen ganyny duruzmak üçin şalkyldap giden sag golunyñ goşaryny gysymlady. Gaýtargy bermäge mümkinçiligi galmadyk goşardan şakyrdadyp çykardym we aýama gysymladym. Köpçülikde bu tomaşanyñ gyzygyny hasam artdyrmak üçin dyzym bilen onuñ dyzynyñ arka bognuna urup, çök düşürdim. Her kim näme bolup geçýändigine düşünjek bolup durka, men ýapylyp barýan gapynyñ arasyndan syrylyp ýetişdim.

Gapynyñ añyrsynda iñ soñky gören zadym bäbejigiñ gözleridi. Men ele salan adamymy alyp Haliçde gözden gaýyp boldum.


Çagataý ÝYLDYZ.

24
140
bismark01
25.09.2023 23:06

DETEKTIW TAPMAÇALAR - 2


1. Aklanan şärikler


Kazyýet mejlisinde deslapdan dilleşmezden bilkastlaýyn adam öldürilendikleri üçin iki sany adamyň jenaýat işi seljerilipdir. Kazyýet derňewiniň dowamynda döwlet garalawjysy şärikleriň biriniň bilkastlaýyn adam öldürmekde günälidigini, aklawjy bolsa beýlekisiniň günäsiniň ýokdugyny doly subut edipdir.

Kazyýet derňewi tamamlanandan soň, kazy höküm okamazyndan öň öz çykyşynda şeýle diýipdir:

-Öz tejribämde bu iş meniň seljeren iň täsin işlerimiň biri bolup durýar we men şärikleriň biriniň-ä günäsiniň, beýlekisiniňem bigünäliginiň doly subut edilendigine garamazdan olaryň ikisinem erkinlige goýbermäge mejbur bolýaryn.

Bu jenaýat işinde kazynyň sözlerini näme bilen düşündirmek bolar?


2. Myhmanhanada


Londonda polisiýa işgäri darajyk köçäň ugrunda ýerleşen, çaklaňja myhmanhanaň deňesinden geçip barýarka, birdenkä açyk penjireden: “Jon, atma!” diýip bir zenanyň naýynjar gygyrýandygyny eşidipdir. Soňam sapançanyň gümpüldisi ýaňlanypdyr. Ol ylgap şol otaga girende, ýerde jesediň ýatandygyny, onuň ýanynda-da professoryň, lukmanyň we myhmanhana işgäriniň durandyklaryny görüpdir. Ýüzüniň ugruna-da myhmanhana işgärini tutup saklapdyr.

Nämüçin?


3. Ogurlyk


Ir bilen är-aýal polisiýa jaň edip, agşam ýatyrkalar öýlerine ogry girendigini habar berýärler. Polisiýanyň nobatçy dessin topary wakaň bolan ýerine baryp, ilkinji serediş işlerini geçirýärler we öý eýelerinden düşündiriş alýarlar. Är-aýal agşam ukudakalar öýlerine ogry girip, öýden ençeme gymmatbahaly zatlarynyň gizlinlikde alnyp gidilendigini habar berýärler. Sözleriniň subutnamasy hökmünde penjiräň döwlen aýnasyny görkezip, ogrynyň içerik şondan girendigini aýdýarlar.

Anyklaýjy olaryň görkezmelerini ünsli diňleýär-de, dillenýär:

-Siziň nämüçin muny edýändigiňize men düşünemok. Ýöne, ýörite gulluklaryň görnetin ýalandan çagyrylmagy üçin-ä administratiw jogapkärçiligiň, jenaýat barada görnetin ýalan şugullamak üçinem jenaýat jogapkärçiliginiň bardygyny size resmi duýdurýaryn. Hoş, sag boluň!-diýipdir-de, ol wakaň bolan ýerinden gidipdir.

Nämüçin?


4. Öz-özüne kast etmekmi ýa-da jenaýat?


Parižiň gyrak-bujagynda jaýda, neşe serişdeleriniň ownuk bikanun söwdasy bilen meşgullanýandygy we özüniňem süpük neşekeşdigi güman edilýän ýaş ýigdiň, otagyň jesediniň tapylandygy hakyndaky habar polisiýa gelip gowşupdyr.

Anyklaýjylar wakaň bolan ýerine baranlarynda, otagyň gapysam, penjirelerem iç ýüzünden gulplydygy anyklanypdyr. Jeset otagyň üçegindäki gaňyrçakdan asylgy ekeni. Jesediň sallanyp duran ýeriniň göni aşagy öl-myžžyk ekeni. Anyklaýjylaň biri, ilkibada adam mehaniki asfiksiýa ýagdaýynda onuň beden agzalarynyň biygtyýar gowşap, onuň organizminiň artykmaç suwuklyklary we nejasaty erksiz bölüp çykarýandygyny ýadyna salypdyr.

Merhumyň asylan ýeri onuň elýeterinden beýikde bolandygy we onuň aýagynyň aşagynda üstüne müner ýaly hiç hili oturgyç beýleki ýokdugy sebäpli, anyklaýjylar bada-bat, bu ýerde öz-özüňe kast etmek däl-de, bilkastlaýyn adam öldürmek wakanyň bolup geçendigi hakyndaky çaklamany (wersiýany) öňe sürüpdirler.

Emma, dessin nobatçy toparynyň agzasy bolan bilermen degişli barlaglardan soň, merhumyň öldürilmändigini we öz janyna kast edendigini çürt-kesik subut edipdir.

Nädip?


5. Haçan talamaly?


Talaňçylar toparynyň talamakçy bolýan ymaratynda olaryň meslekdeşi işleýän ekeni. Ol eger-de ymaratda adam-gara galmadyk güni, onuň çyrasyny ýakjakdygyny, şonda-da içerik aralaşyp, jenaýaty amala aşyrmalydyklaryny habar beripdir.

Belleşilen güni talaňçylar ymaratyň penjiresine dikilip, irikgä halda garaşmaga başlapdyrlar. Emma, ymaratyň çyrasy birden-ä ýanýarmyş, birdenem sönýärmiş.

Ýeri, indi, talaňçylar ymarata haçan girmeli?


6. Şaýat


Alp daglarynyň golaýynda ýaşaýan bir heleýbaz, aýalyna ikilik edýändigini gizlemek üçin oýnaşyny ýok etmegiň kül-külüne düşýär. Ol oýnaşyny daga seýil etmäge yrýar-da, özleri üçin otla petek alýar. Soňam iki bolup daga gidýärler-de, yzyna dolanyp gelip, ýanyndaky gezelenje bile giden gyzynyň, atdanlykda gaýadan ýykylyp, wepat bolandygy hakynda polisiýa habar berýär.

Bu waka boýunça anyklaýyş işleriniň dowamynda hilegär heleýbazyň garşysyna şaýat tapylýar-da, onuň öz oýnaşyny bilkastlaýyn öldürendigi subut edilýär.

Kim şol şaýat we nämüçin?


7. Howurpeç


Erkek kişi öz öýüniň bosagasyndan ätlän dessine, gündeki edişi ýaly: “Mähribanym, men gelendirin!” diýip batly seslenipdir. Şol pursadam içki otagdan aýalynyň sesi eşidilipdir:

-Ezizim, aşhanada doňuny çözmek üçin howurpeje towuk salypdym. Onuň işlemegini bes ederine näçe wagt galandygyny görsene!

Äri demsalym kürtdüripdir-de, derrewem, öýünden çykyp, gapysyny daşyndan gulplapdyr. Soňam polisiýa jaň etmäge başlapdyr.

Nämüçin?


8. Myhmanhanada


Bir zenan myhmanhanada, öz otagynda otyrka gapy kakylýar. Ol baryp gapyny açanda bosagada özüne çalarak tanyş görünýän, geýnüwli, daýaw erkek kişiň durandygyny görýär.

Ol adam:

-Bagyşlaň, men öz otagymdyr öýdüp ýalňyşaýypdyryn!-diýip ötünç soraýar-da, gitmek bilen bolýar.

Zenan eglenmän, myhmanhanaň gorag gullugyna jaň edip, öz dälizinde şübheli erkek kişiň aýlanyp ýörendigini habar berýär.

Nämüçin?


9. Garakçylyk


Gündiziň günortany Las-Wegasyň çetki köçeleriniň birindäki kiçeňräk banka ýaragly garakçylar girýär. Olaryň biri dessine aýna germewiň aňyrsynda gözüni petredip oturan kassir gyzyň çat maňlaýyna geçýär-de, tizataryny oňa somlap:

-Bol derrew, kassany aç-da hemme pullary şu sebede dyk!-diýip azm urýar.

Gyz aljyraňňylyk bilen sebede pullary dykalamaga başlaýar.

Şol pille-de gyzyň ýanyndaky telefona jaň gelýär. Ol näme etjegini bilmän aňalanda, garakçy:

-Jaňy al-da hiç zat bolmadyk ýaly gepleşip goý! Eger-de bu ýerde bolýan zatlar hakynda jyňkyňy çykaraýsaň dessine içiňi gülleden dolduraryn!-diýip haýbat atýar.

Gyz trubkany göterýär-de, özüne zor salyp, mümkin boldugyndan gürleşmäge başlaýar:

-Alýo? Eje, bu senmi?! Eje, şu wagt meň gyssagly işim bar. Sen maňa hökman öňümizdäki ýekşenbede jaň et! Maňa köýnek tikinmäge seniň ýardamyň gerek!

Kassir gyz trubkany goýandan, kän wagt geçmänkä, bankyň daşyny polisiýaň ýörite topary gabaýar we garakçylary ele salýar.

Polisiýa bankyň talanýandygyny nädip bilipdir?


10. Kafede


Müşderi kafe gelip, birje bulgurça çaý sargyt edýär. Oňa çaýyny getirip berýärler. Ol çaýyna gant atynýar-da, çemçejik bilen bulap ugraýar. Şol wagtam onuň bulgurçasyna siňek gaçýar. Ol hyzmatçy gyzy çagyrýar-da, çaýy çalyşmagy haýyş edýär. Onuň haýyşyny berjaý edýärler. Emma ol çaýyny owurtlanda, özüne ýene-de şol siňek gaçan çaýyndan siňegi aýryp getirip berenlerine düşünýär-de, onuň girre gahary gelýär.

Ol bulgurçasyny çalyşmandyklaryny nädip bilipdir?


Tapmaçalar internetden alnyp, terjime edildi.

Jogabyny komentariyada garasyan

28
247
bismark01
24.09.2023 10:37

Jaň etdi, telefony bir aýal aldy. Kraft jenap Paýrsy sorady.

Oňa:

— Jenap Paýrs hassahanada—diýdiler— Siz kim?

— Sagboluň — diýip Kraft jaňy öçürdi.

Içinden: “Elbetde” diýdi. Olar hassahanadan öljekdigi anyk bolan hassany tapýarlar we hassa aradan çykansoň Edgor Krafta pul ugradýarlar. Näme üçin ugradýandyklary bolsa Krafty indi alada goýmaýardy. Belki ol adam telewizorda görkezilen dälä meňzeşdir. Ol däli her hepde adamlara million dollar paýlapdyr. Eger biri Krafta pul ugratmakçy bolsa, Kraft oňa garşy däl.

Şol günüň özünde hassahana jaň etdi. Klod Paýrsyň iki gün ozal operasiýa edilendigini aýtdylar. Operasiýa şowly geçipdir, hassaň ýagdaýy gowy eken.

Kraft: “bu wagtlaýynça” diýip oýlandy. Paýrs ölüme höküm edilen. Ol Paýrsa gynandy, soňra bolsa gijeki at çapyşygy barada pikirlenmäge başlady. Ol “Mele Ýyldyz” atly aty halapdy. Bu aty ençe wagtdan bäri synlaýardy. Belki ol bu gün ýeňiji bolar.

Kraft çapyşyga bardy. Mele ýyldyz onuň ynamyny ödemedi. Ertesi bolsa gazetden Paýrsa ýazylan gynanjy tapyp bilmedi. Hassahana jaň etdi, oňa hassaň gowulaşýandygyny aýtdylar.

“Beýle bolmagy mümkin däl”.

Klod Paýrs hassahanada üç hepde ýatdy, şol üç hepdäň dowamynda oňa seredýän lukmandan beter Edgor Kraft onuň saglygy barada köpräk gyzyklandy. Bir gün Paýrsyň ýagdaýy erbetleşip, huşundan gitdi. Şepagat uýasynyň sesinde gaýgyly äheňler duýuldy. Kraft bolsa ykbalyndan minnetdar boldy. Emma Paýrs ertesi özüne geldi. Şepagat uýasy bu habary şatlanyp aýtdy, Kraft bolsa gazaba mündi.

Şol günden soňra Paýrsyň saglygy oňatlaşdy. Ol hassahanadanam çykdy. Kraft nädip beýle bolandygyna düşünip bilmeýärdi. Ählisi çepbesine çöwrülipdi. Paýrsyň ölüminden soňra ol müň dollar almalydy. Paýrs hassady, jany gylyň üstünde durdy we garaşylmadyk wagty Krafty müň dollardan mahrum eýlap, ölümiň çeňňeginden halas boldy.

Kraft indiki hata garaşýardy, ýöne hat gelmedi.

Jaýyň kireýini bermeli wagtyndan iki hepde geçdi, awtoulag üçin tölegem gijä galdy. Ýene-de “Superfinans” birleşiginiň işgäri jaň etmäge başlady. Kraft näme etjegini bilmän aljyrady, hatda: “bu adam ölse” diýip ýazylypdy. Paýrs ebedi ýaşamaz ahyryn, ol ölensoň Kraft müň dollar alar.

Meselem Paýrsyň başyna bir bagtsyzlyk gelse...

Ol biygtyýar gaýta-gaýta şu pikire dolanýardy. “Mesele bolmaz” diýip özüni köşeşdirýärdi. Onuň Klod Paýrs bilen gyzyklanýanyny hiç kim bilmeýärdi. Gowy taýýarlyk gorse, hemmesi ýagdan gyl soguran ýaly bolar. Polisiýa ony güman etmez. Ol Paýrs bilen iň bärkisi tanşam däl ahyryn... Şeýle bolsa...

Kraft öz-özüne:

“Men başarmaryn—diýdi— Beýdip bilmerin. Bigünä adamy öldürmek — hiç-haçan”.

Ol müň dollarsyz oňmaly diýen karara geldi. Öň şol pulsyzam ýaşap bilipdir-ä. Hawa, müň dollar bolsa erbed-ä bolmazdy. Puly nähili sowmalydygyny ol gowy bilýärdi, emma oňaýmaly bolar-da.

Ertesi irden Klod Paýrsyň ady gazetleriň ilkinji sahypasynda ýer aldy. Gije kimdir biri ony Honideýl-draýwdaky öýünde pyçaklap öldüripdir. Jenaýatçyň kimdigi bilinmeýärdi. Jenaýata nämäň sebäp bolandygynam hiç kim aýdyp bilmeýärdi.

Kraft bu habary okap, aglamak isledi. Paýrsy edil özi öldüren ýaly özüni günäkär duýdy. Ol hiç-hili erbet iş etmändigini, hiç kimi öldürmändigini gowy bilýärdi. Ýöne bu barada oýlanypdy, Paýrsa ölüm diläpdi.

Pul ertesi geldi. On sany ýüz dollarlyk — müň dollar pul we ikije söz ýazylan kagyz:

“SAG BOLUŇ!”

Kraft pullary mäkäm gysymlap durşuna:

“Maňa sagbolsun aýtmak gerek däl —diýdi— sagbolsun aýtmak gerek däl”.


***

“JENAP LEON DENNISON

BU ADAM ÖLSE, SIZ BIR ÝARYM MÜŇ DOLLAR ALARSYŇYZ”.

Kraft haty okaýan mahaly, ýüregi agzyndan çykaýjak bolup çalt-çaltdan urýardy. Haty iki sapar okady, soňra bukjasyna salyp ýyrtym-ýyrtym edip, zibile zyňdy.

Kellesi agyrdy. Derman içdi, ýöne agyry aýrylmady. Günortana çenli işde-de hiç zat etmän oturdy. Günortan naharhana girip naharyň tahamyny duýman naharlandy. Işe dolanansoň agşam Seratdagda boljak at çapyşygy barada oýlanmakçy boldy, emma hatdaky setirler göz öňünden gidenokdy. Işden irräk çykyp, köçede gezelenç etdi.

“Jenap Leon Dennison”.

Dennison Kedbýuri-awenýudaky öýde ýaşaýardy. Jaňy hiç kim almady. Dennison adwokat eken, telefon maglumatnamasynda edarasynyňam telefony bardy. Jaň etdi, sekretary jenap Dennisonyň ýygnaga girendigini aýtdy.

“Bu adam ölse”.

Kraft:

“Ýöne Dennison bu golaýda öljege meňzemeýär” diýip içini hümletdi. Iň bolmanda hassahanada ölmejegi-hä anyk. Dennisonyň saglygy gowy, işleýär we haty ýazan adamam bu barada bilýär.

“Bir ýarym müň dollar”.

Emma nädip? Onuň sapançasy ýok, nireden almalydygynam bilmeýär. Pyçak? Klod Paýrsy pyçaklap öldürendikleri ýadyna düşdi. Pyçagy tapmak aňsatjagam. Emma...muny etmek islemedi.

Onda nädip? Awtoulag? Amala aşyrsa bolar. Ol Dennisona çeträk bir ýerde garaşyp, ony kakyp gitmegi mümkin. Ölen adama ulagyň degen reňkinden, ulagyň bamperinde galan gan yzyndan ony polisiýaň derrew tapmagy ahmal. Ol nädip tapýandyklaryny anyk bilmese-de, awtoulagda adam öldürenleriň köpüsiniň gözenegiň aňyrsyna düşýändiklerini bilýärdi.

Öl öz-özüne:

“Bu pikiri kelläňden çykar— diýdi— sen ganhor däl ahyryn”.

Ýöne bu pikiri kellesinden çykaryp bilenokdy. Iki gün başga zatlar barada oýlanmaga synanyşdy— bolmady. Hyýaly Dennison we söz berlen pula birsyhly dolanyp durdy— bir ýarym müň dollar. Dennisony öldürmek barada pikirlenýärdi.

“Bu adam ölse”.

Bir gün irden turup Kedbýuri-awenýu bardy. Leon Dennisonyň öýüni uzak wagtlap synlap durdy. Dennison öýünden çykdy. Ol awtoulagynyň ýanyna barmak üçin ýoly kesip geçjek mahaly Kraft aýagyny gaz pedalyna goýdy. Dennisony kakmak üçin pedaly basmagyna sähelçe galdy. Ol wagtynda özüni saklap, Dennisonyň ulaga münüp gidişine tiňkesini dikdi durdy.

Soňra bu eden işinden hoşnut boldy. Aýdaly, ony tutdular. Hat ugradýan adam bilen hiç-hili bagly ýeri ýok. Barça hatlary ýok edipdi, hatlar bolanda-da olary ugradan adamyň kimdigi näbelli.

“Bir ýarym müň dollar”.

Penşenbe güni, öýlän, aýalyna jaň edip, işden çykyp, dogry Seratdaga gitjekdigini aýtdy. Aýaly hemişekisi ýaly närazylyk bildirdi, ýöne çekeleşmedi.

Kraft Kedbýuri-awenýu bardy. Garawulyň naharhana giderine garaşdy, gidensoň derrew ylgap öýe girdi. Leon Dennisonyň jaýyny tapyp, sim bilen gulpuny açdy. Ol gulpy açýança, edil polisiýa geläýjek ýaly gorkup, derledi. Emma hemmesi hamyrdan gyl sogran ýaly boldy, içeri girdi, gapyny ýapdy.

Ol bosagadan geçensoň oňa bir zatlar bolan ýaly boldy. Gorky, endişe, tolgunma, barça-barçasy bir ýerlere dep boldy. Dennisonyň öýüne, edil başga Edgor Kraft giren ýalydy. Içinden: “Ählisi anyk— diýdi— Jozef G.Naýmannam ölüme höküm edilipdi. Reýmond Andersenem, Klod Paýrsam. Indi Leon Dennison ölüme höküm edildi, ol hökman öläýmeli”.

Ählisi anyk we düşnükli. Edgor Kraft uly bir oýunda bary-ýogy pyýadaçöp. Onuň özüne bölünip berlen wezipäni ýerine ýetirmegi lazym. Barçasy hökman meýilnamalaşdyrylyşy ýaly bolaýmaly.

Hemmesi meýilnamadaky ýalam bolar...

Ol Dennisonyň gelmegine üç sagat garaşdy. Gapyň gulpy şykyrdanda Kraft, buhar peç üçin odun çapylýan paltajygy depesine göterip daraklygynda ýöräp, işigiň arkasyna gizlendi. Gapy açyldy, Dennison içeri girdi.

Palta bat bilen indi.

Dennisondan ses-seda-da çykman ýykyldy. Palta ýene-de iki sapar onuň kellesine uruldy. Leon Dennison ne gymyldady, ne-de ses çykardy. Kraft gapyň tutawajyny, barmak yzy galmagy mümkin bolan hemme ýeri arassalady. Soňra öýden bildirmän çykyp gitdi. Ony hiç kim görmedi.

Ol gijesi bilen wyždanynyň kösemeginden gorkupdy. Emma ynsabynyň hiç zat diýmeýändigine geň galdy. Ol bir eýýam, Andersene ölüm diläp, Paýrsyň ölümini meýilnamalaşdyran wagty ganhora öwrülipdi. Hyýalynda edýän jenaýatyny hakyky durmuşda amala aşyrmak, oň üçin müşgil bolmady diýen ýaly.

Ertesi hat gelmedi. Hat, aradan bir gün geçensoň geldi. Bukja ep-esli galyňdy: içinden on bäş sany ýüz dollarlyk pul bilen kagyz çykdy.

Bu gezek hat özgeripdi. Hemişeki ýaly:

“SAG BOLUŇ!” diýen setirden soňra:

“TÄZE IŞIŇIZ GÖWNÜŇIZE ÝARADYMY?”diýen sözler bardy.


© Lourens BLOK

27
431