ON BÄŞ ÄDIM
- Parol goşar sagadynyñ arka tarapyndadyr, gyssan, kän wagtyñ ýok.
- Bolýa, bir sagada çenli gowşuraryn.
Metronyñ basgançaklaryndan inip ugranymda aralyk edil on bäş ädimdi. Ýöreýän basgançagyñ çep tarapyndan inmäge dowam edenimde bir arap turisti paty-putysy bilen aralygy bozjak boldy, men ony bir gapdala itekläp goýberdim. Metronyñ uzyn koridorynda ädimler çaltlaşan ýaly boldy.
Haçan-da kimi yzarlap başlasam, onuñ köwşüne gözümi dikýärin. Köwşüniñ ugruna görä köwşümi gönükdirip, haýsy aýagyny haçan haýsy parkediñ üstüne basjagyny ýa-da belli bir ädimden soñ nirede haýallajagyny çaklaýardym. Bolşum göýä ýaramaz yşyklandyrylan futbol meýdançysynda ylgaýan futbolçynyñ çaltlaşan ýa-da haýallan ullakan kölegesi ýalydy. Çagakam öwrenen gyzyldan gymmatly häsiýetim sessizlik üçin iñ gerekli krossowka bolup durýardy. Köwşüñiz siziñ iñ ýakyn hemrañyzdyr. Haçan-da biriniñ gapjygyny çilmek üçin herekete geçeniñizde siziñ bilen bile çuslanar, bitewileşer. Gapjygyñ ýeri üýtgedilende barmak uçlaryñyz bilen bile olam uzar, ýeri üýtgänsoñam gaýtadan öñki ýagdaýyna geler. Uzaklaşyp barýarka hernäçe ylgamak islese-de, aýagyñyza agram berip ýere dikilmäge mejbur edersiñiz.
On ädim.
Ol turniketleriñ deñesine ýetende haýallady. Soñra bir turnikete kartyny basyp, geçmäge idin alansoñ ýöreýän basgançaga mündi. Men bolsa marşrut boýunça metronyñ gatnaýan wagtyny hasaplap, oña bäş ädim ýakynlaşdym. Metro duralgasyndaky talyplaryñ wagyrdysy metronyñ sesini basaýjak ýalydy. Sary çyzygyñ üstünde duran ýerimden törüne baryp düşer ýaly özümi metro wagonynyñ içerik okladym. Wagonda o diýen jaýlaşykly oturybilmesem-de, arkamy ýene üç-dört duralgadan bärde açyljagy nägümana gapa ýapladym. Kurtkasyndan görnüp duran ak köýnegi we ýeñinden görünýän sagady bilen beýlekilerden tapawutlandyraýmasañ, ýalpyldap duran demir tutawaçdan tutup duran köp sanly ellerden onuñ elini tapawutlandyrmagam kyndy. Şeýle-de men onuñ ýeñinde ýönekeý, ýöne gymmatbahaly ilikleri görýärdim.
Bäş ädim.
Haliç metrosynda dem almak üçin öñe süýşüp barýarkam tejribe sapagyna çykan talyplaryñ arasynda düşdüm. Olaryñ arasyndan çaltlyk bilen geçdim. Öñümde uklap ýatan bir gyzjagaz gözüme ildi. Oña golaýlaşamda agzyndaky emzigi bir pursatlyk durdy. Seretsem oýanan eken.
Bir ädim.
Üç müñ ýyllyk Halijiñ asmany göründi. Bäbejik ýuwaşlyk bilen emzigini taşlady we gözlerini birenaýyja edip açdy. Ol çak edişimden ulydy we oýnaklap duran owadan gözleri bardy. Adaty çaga asudalygy bilen maña gözüni aýlady. Bäbejik we belki-de birnäçe ýyllap bu metrodan peýdalananlardan başgasy gözleruni Haliç peýzažyna gönükdirdi. Ýeten duralgamyz adamlaryñ iñ köp arkaýynlyga düşýän, biziñ ýalylaryñam bu arkaýynlykdan peýdalanmagy başarýan metro duralgasydy. Barýan metronyñ ähli bölegi açyk howa çykan mahaly jübimdäki çakgyny alyp iki barmagymyñ arasynda gizledim. Soñra metronyñ durmakçy bolanda ýuwaşja silkinip gidýän pursatyna garaşdym. Bar küý-pikirim iñ soñky bir ädimimi hem ädip onuñ goşaryny kesmekdi. Şeýle-de boldy. Durjak bolup çalaja silkinen metroda çaltlyk bilen sag golundan tutup, göz açyp ýumasy salymym içinde çakgymy işletdim. Ol beýleki eli bilen ganyny duruzmak üçin şalkyldap giden sag golunyñ goşaryny gysymlady. Gaýtargy bermäge mümkinçiligi galmadyk goşardan şakyrdadyp çykardym we aýama gysymladym. Köpçülikde bu tomaşanyñ gyzygyny hasam artdyrmak üçin dyzym bilen onuñ dyzynyñ arka bognuna urup, çök düşürdim. Her kim näme bolup geçýändigine düşünjek bolup durka, men ýapylyp barýan gapynyñ arasyndan syrylyp ýetişdim.
Gapynyñ añyrsynda iñ soñky gören zadym bäbejigiñ gözleridi. Men ele salan adamymy alyp Haliçde gözden gaýyp boldum.
Çagataý ÝYLDYZ.