•DAŇ
Düýn bu güne garaşýardym. Bu gün geldi-de ertire garaşjakdygymy ýatlatdy.
Bobak Alyýew
****
•KAST
Ejem meni ilkinji we soňky gezek düýşünde gördi. Şol gün daňdany gan içinde garşy alyp meni öldürendigine göz ýetirdi.
Men ne güni, ne-de penjiräniň aýnasyndan ýagyş damjalaryny, ne başga gözellikleri synladym. Men hyjuw we söýgiden ýaraldym, kakamyň buýrugy we ejemiň kabul eden karary sebäpli öldüm.
Hüseýin Hüseýinzada
***
•ÖMÜR ÝOLY
Gyzjagazyň daşary ýurtda okamak, bagtly maşgala gurmak, ene bolmak ýaly kän arzuwlary bardy, ýöne ömüri ýetmedi, abort edildi.
Fuad Resulzada
***
•DÜNÝÄ NÄHILI AJAÝYP
Kynlyk bilen dem ýalýardy, ähtimal, sanalgyja demi galandygyny, ömrüniň soňlanýandygyny duýýardy. Garaşylmadyk wagty howludan ahy-nala eşidildi. Ol şepagat uýasyna näme edip bolsa hem özüni penjirä golaýlatmagyny haýyş etdi. Bir adam ölüpdir, hossarlary dady-perýat edýärdi. Muny görüp kalbyny gussa gurşap aldy, gözüni ýaşlap iň soňky sözlerini aýtdy:
– Dünýä nähili ajaýyp
Elnur Sadykow
***
•ENE GARNYNDAKY ÇAGA
Başyndan injek belalary bilse hem dünýä inmäge synanyşýardy…
Sewda Saparalyýewa
***
•ESGERIŇ ŞATLYGY
Birnäçe sagat bäri dowam edýän söweşde onuň ýekeje islegi bardy: "Wah, hany bäşje minut söweş dursa ädigimi çykaryp aýagymy gaşaýsam". Kämahal elindäki ok doly awtomady aýagyna atyp, boşatmak isleýärdi. Mundan artyk çydam edip biljek däldi. Aýagynda gijilewük bardy, dermanlary bolsa gutarypdy. Soňky söweş… edil gapdaljygynda mina atyldy... Jesetler töwerege atyldy.
Gospitalda gözüni açdy. Ýadynda galan soňky zat: aýagyny bir sapar gaşamak islegidi…
Esger olary indi hiç-haçan gaşamaly bolmajakdygyny bilip şatlygy içine syganokdy.
Perwiz Imanow