bismark01
09.03.2024 22:14
Eger siz pikiriňiziň nä derejede güýçlüdigini bilsediňiz, onda hiç haçan ýaramaz pikir etmezdiňiz… Pis Pilgrim.

Zenan - gül. Erkek - bagban. Bagban güle yhlas bilen ideg eder, ösdürer.
Gül bolsa öz gezeginde oňa minnetdarlyk bildirip, özüniň mylakatyny we gözelligini bagyşlar. Diňe iň yhlasly bagbanda iň ajaýyp gül ösüp ýetişýändir…

Men türgenleşikleriň her bir minutyny ýigrenýärdim, ýöne özüme şeýle diýýärdim: «Ýeňilme, şu wagt ýene azajyk çyda, soňra bolsa tutuş galan ömrüňi çempion hökmünde ýaşa!» Muhammed Aly.

Hatda iň bir kindiwanja jandarlaryň hereketi hem tutuş älemdäki özgerişlere getirýär.
Nikola Tesla.

Laçyn ýeliň ugruna uçanda däl-de, ýele garşy uçan mahaly belende galýandyr.
Uinston Çerçill.

Eger seniň kalbyňda gülleri parç bolup oturan ýekeje şaha galan bolsa hem, oňa mydama saýrak bilbil gonar… Hytaý nakyly.

Öz durmuşy babatda näme etmelidigini bilýän adam hiç haçan özgäniň durmuşyna goşulmaýar…

Biziň hemmämiz galamlar ýalydyrys. Öz ykbalyny her kimiň özi çekýär. Kimler döwülýär, kimler kütekleşýär, kimler bolsa özüni ýiteldip, ýoluny dowam edýär…

Şowlulyk mertleri halaýandyr, tunneliň ahyrynda ýagtylygyň görünmeýänligi öňüňde garaňkylyk garaşýanlygyny aňladýan däldir…

Şowsuzlyk diýlen zat ýokdur. Her bir zadyň öz sebäbi we ondan öwrener ýaly sapak bardyr… Riçard Bah

Men hemişe özümi bagtyýar duýýaryn. Näme üçindigini bilýärmiň? Sebäbi men hiç kimden hiç bir zada garaşamok.
garaşmak elmydama yzaly bolýar… Ömür gysga… Şonuň üçinem öz ömrüňi söý… Bagtly bol… Hem-de ýylgyr… Gürlemezden öňürti diňle… Ýazmazdan öňürti oýlan… Pul sowmazdan öňürti gazan… Doga-dileg etmezden öňürti bagyşla… Birini ynjytmazdan öňürti duý… Ýigrenmezden öňürti söý… Ölmezden öňürti ýaşa!
Uilýam Şekspir

Çuň derýalar özlerine zynlan daşy duýmaýarlar hem. Adam hem şeýle. Eger adam baba-bat gaharlanýan bolsa, onda ol derýa däl-de, ýalpajyk çalpawjykdyr…
28
44
awgust
9 Mart 2024
2) Dogry 7)❤️
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Gowy sozler eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.