DETEKTIW TAPMAÇALAR - 2
1. Aklanan şärikler
Kazyýet mejlisinde deslapdan dilleşmezden bilkastlaýyn adam öldürilendikleri üçin iki sany adamyň jenaýat işi seljerilipdir. Kazyýet derňewiniň dowamynda döwlet garalawjysy şärikleriň biriniň bilkastlaýyn adam öldürmekde günälidigini, aklawjy bolsa beýlekisiniň günäsiniň ýokdugyny doly subut edipdir.
Kazyýet derňewi tamamlanandan soň, kazy höküm okamazyndan öň öz çykyşynda şeýle diýipdir:
-Öz tejribämde bu iş meniň seljeren iň täsin işlerimiň biri bolup durýar we men şärikleriň biriniň-ä günäsiniň, beýlekisiniňem bigünäliginiň doly subut edilendigine garamazdan olaryň ikisinem erkinlige goýbermäge mejbur bolýaryn.
Bu jenaýat işinde kazynyň sözlerini näme bilen düşündirmek bolar?
2. Myhmanhanada
Londonda polisiýa işgäri darajyk köçäň ugrunda ýerleşen, çaklaňja myhmanhanaň deňesinden geçip barýarka, birdenkä açyk penjireden: “Jon, atma!” diýip bir zenanyň naýynjar gygyrýandygyny eşidipdir. Soňam sapançanyň gümpüldisi ýaňlanypdyr. Ol ylgap şol otaga girende, ýerde jesediň ýatandygyny, onuň ýanynda-da professoryň, lukmanyň we myhmanhana işgäriniň durandyklaryny görüpdir. Ýüzüniň ugruna-da myhmanhana işgärini tutup saklapdyr.
Nämüçin?
3. Ogurlyk
Ir bilen är-aýal polisiýa jaň edip, agşam ýatyrkalar öýlerine ogry girendigini habar berýärler. Polisiýanyň nobatçy dessin topary wakaň bolan ýerine baryp, ilkinji serediş işlerini geçirýärler we öý eýelerinden düşündiriş alýarlar. Är-aýal agşam ukudakalar öýlerine ogry girip, öýden ençeme gymmatbahaly zatlarynyň gizlinlikde alnyp gidilendigini habar berýärler. Sözleriniň subutnamasy hökmünde penjiräň döwlen aýnasyny görkezip, ogrynyň içerik şondan girendigini aýdýarlar.
Anyklaýjy olaryň görkezmelerini ünsli diňleýär-de, dillenýär:
-Siziň nämüçin muny edýändigiňize men düşünemok. Ýöne, ýörite gulluklaryň görnetin ýalandan çagyrylmagy üçin-ä administratiw jogapkärçiligiň, jenaýat barada görnetin ýalan şugullamak üçinem jenaýat jogapkärçiliginiň bardygyny size resmi duýdurýaryn. Hoş, sag boluň!-diýipdir-de, ol wakaň bolan ýerinden gidipdir.
Nämüçin?
4. Öz-özüne kast etmekmi ýa-da jenaýat?
Parižiň gyrak-bujagynda jaýda, neşe serişdeleriniň ownuk bikanun söwdasy bilen meşgullanýandygy we özüniňem süpük neşekeşdigi güman edilýän ýaş ýigdiň, otagyň jesediniň tapylandygy hakyndaky habar polisiýa gelip gowşupdyr.
Anyklaýjylar wakaň bolan ýerine baranlarynda, otagyň gapysam, penjirelerem iç ýüzünden gulplydygy anyklanypdyr. Jeset otagyň üçegindäki gaňyrçakdan asylgy ekeni. Jesediň sallanyp duran ýeriniň göni aşagy öl-myžžyk ekeni. Anyklaýjylaň biri, ilkibada adam mehaniki asfiksiýa ýagdaýynda onuň beden agzalarynyň biygtyýar gowşap, onuň organizminiň artykmaç suwuklyklary we nejasaty erksiz bölüp çykarýandygyny ýadyna salypdyr.
Merhumyň asylan ýeri onuň elýeterinden beýikde bolandygy we onuň aýagynyň aşagynda üstüne müner ýaly hiç hili oturgyç beýleki ýokdugy sebäpli, anyklaýjylar bada-bat, bu ýerde öz-özüňe kast etmek däl-de, bilkastlaýyn adam öldürmek wakanyň bolup geçendigi hakyndaky çaklamany (wersiýany) öňe sürüpdirler.
Emma, dessin nobatçy toparynyň agzasy bolan bilermen degişli barlaglardan soň, merhumyň öldürilmändigini we öz janyna kast edendigini çürt-kesik subut edipdir.
Nädip?
5. Haçan talamaly?
Talaňçylar toparynyň talamakçy bolýan ymaratynda olaryň meslekdeşi işleýän ekeni. Ol eger-de ymaratda adam-gara galmadyk güni, onuň çyrasyny ýakjakdygyny, şonda-da içerik aralaşyp, jenaýaty amala aşyrmalydyklaryny habar beripdir.
Belleşilen güni talaňçylar ymaratyň penjiresine dikilip, irikgä halda garaşmaga başlapdyrlar. Emma, ymaratyň çyrasy birden-ä ýanýarmyş, birdenem sönýärmiş.
Ýeri, indi, talaňçylar ymarata haçan girmeli?
6. Şaýat
Alp daglarynyň golaýynda ýaşaýan bir heleýbaz, aýalyna ikilik edýändigini gizlemek üçin oýnaşyny ýok etmegiň kül-külüne düşýär. Ol oýnaşyny daga seýil etmäge yrýar-da, özleri üçin otla petek alýar. Soňam iki bolup daga gidýärler-de, yzyna dolanyp gelip, ýanyndaky gezelenje bile giden gyzynyň, atdanlykda gaýadan ýykylyp, wepat bolandygy hakynda polisiýa habar berýär.
Bu waka boýunça anyklaýyş işleriniň dowamynda hilegär heleýbazyň garşysyna şaýat tapylýar-da, onuň öz oýnaşyny bilkastlaýyn öldürendigi subut edilýär.
Kim şol şaýat we nämüçin?
7. Howurpeç
Erkek kişi öz öýüniň bosagasyndan ätlän dessine, gündeki edişi ýaly: “Mähribanym, men gelendirin!” diýip batly seslenipdir. Şol pursadam içki otagdan aýalynyň sesi eşidilipdir:
-Ezizim, aşhanada doňuny çözmek üçin howurpeje towuk salypdym. Onuň işlemegini bes ederine näçe wagt galandygyny görsene!
Äri demsalym kürtdüripdir-de, derrewem, öýünden çykyp, gapysyny daşyndan gulplapdyr. Soňam polisiýa jaň etmäge başlapdyr.
Nämüçin?
8. Myhmanhanada
Bir zenan myhmanhanada, öz otagynda otyrka gapy kakylýar. Ol baryp gapyny açanda bosagada özüne çalarak tanyş görünýän, geýnüwli, daýaw erkek kişiň durandygyny görýär.
Ol adam:
-Bagyşlaň, men öz otagymdyr öýdüp ýalňyşaýypdyryn!-diýip ötünç soraýar-da, gitmek bilen bolýar.
Zenan eglenmän, myhmanhanaň gorag gullugyna jaň edip, öz dälizinde şübheli erkek kişiň aýlanyp ýörendigini habar berýär.
Nämüçin?
9. Garakçylyk
Gündiziň günortany Las-Wegasyň çetki köçeleriniň birindäki kiçeňräk banka ýaragly garakçylar girýär. Olaryň biri dessine aýna germewiň aňyrsynda gözüni petredip oturan kassir gyzyň çat maňlaýyna geçýär-de, tizataryny oňa somlap:
-Bol derrew, kassany aç-da hemme pullary şu sebede dyk!-diýip azm urýar.
Gyz aljyraňňylyk bilen sebede pullary dykalamaga başlaýar.
Şol pille-de gyzyň ýanyndaky telefona jaň gelýär. Ol näme etjegini bilmän aňalanda, garakçy:
-Jaňy al-da hiç zat bolmadyk ýaly gepleşip goý! Eger-de bu ýerde bolýan zatlar hakynda jyňkyňy çykaraýsaň dessine içiňi gülleden dolduraryn!-diýip haýbat atýar.
Gyz trubkany göterýär-de, özüne zor salyp, mümkin boldugyndan gürleşmäge başlaýar:
-Alýo? Eje, bu senmi?! Eje, şu wagt meň gyssagly işim bar. Sen maňa hökman öňümizdäki ýekşenbede jaň et! Maňa köýnek tikinmäge seniň ýardamyň gerek!
Kassir gyz trubkany goýandan, kän wagt geçmänkä, bankyň daşyny polisiýaň ýörite topary gabaýar we garakçylary ele salýar.
Polisiýa bankyň talanýandygyny nädip bilipdir?
10. Kafede
Müşderi kafe gelip, birje bulgurça çaý sargyt edýär. Oňa çaýyny getirip berýärler. Ol çaýyna gant atynýar-da, çemçejik bilen bulap ugraýar. Şol wagtam onuň bulgurçasyna siňek gaçýar. Ol hyzmatçy gyzy çagyrýar-da, çaýy çalyşmagy haýyş edýär. Onuň haýyşyny berjaý edýärler. Emma ol çaýyny owurtlanda, özüne ýene-de şol siňek gaçan çaýyndan siňegi aýryp getirip berenlerine düşünýär-de, onuň girre gahary gelýär.
Ol bulgurçasyny çalyşmandyklaryny nädip bilipdir?
Tapmaçalar internetden alnyp, terjime edildi.
Jogabyny komentariyada garasyan