bismark01
11.10.2023 13:49

Amala aşmajak arzuw


Kellesindäki pikiriniň amala aşmaýanam bir gowy zat. Ýogsam, ol ganhor bolup, birwagt tussaghana düşerdi. Ol her gezek gahary gelende çyny bilen aýalyny öldüresi gelýär. Hyýalynda öldürip, hezil edýär. Ýöne, diňe pikir edýär goýýar... Soň gahary gaçýar, köşeşýär. Aslynda, hiç haçan adam öldürip biljek ynsanam däl ol.


• Öýüňde huzur bolmasa


Toýa bardy, oturdy. Millet tans edýär, ala-goh, şatlyk-şowhun. Emma, munuň içi gysdy. Köpçülikden haýyr ýok. Sebäbi häzir bu şowhun gutarar welin, öýüne dolanyp barmaly bolar. Öýünde-de mydama bolşy ýaly rahatlyk ýokdur. İgenjeň aýaly, öýüň ýeter-ýetmezçiligi. Garaz toýa barybam göwni açylmady.


• Işdäki eden-etdilik


İşde-de adalat ýokdy. Aýlygy öň-de köp däldi welin, öňküdenem azaltdylar oturyberdiler. İşden bir-iki gezek gijä galany üçin duýduryşam berdiler. Başga-da kän-ä, gijä galýan. Başlyk bolsa diňe şuny gören ýaly. İşden çykasy geldi. Arman, çaşyp ýatan iş-de ýok. Ol öýe gelip, zeýrenip, aýalynyň ýanynda içini dökdi. Aýalam geplemän diňledi oturdy. Muňa-da ýene onuň özüni goldamaýandygyna gahary geldi. Ýene ganhorlyk duýgusy oýandy. Üstesine indi başlygynam öldüresi gelýärdi.


• Toba edip, dogry ýola düşmek


Arak içmegini goýaly bäri iki ýyl geçdi. Asyl dünýe düzeläýdi. Öň içginiň güýjüne aýalyny öldüresi gelýän eken görüp otursa. Asyl toýlaryň şowhunyny indi ýüregi bilen duýup başlady. Toýdan diňe gök çaý içip, serhoş bolman, kimdir biri goltugyna girmän, öz aýaklary bilen barsa, aýaly asla igenjegem däl eken- ä. Güler ýüzli aýalynyň şunça ýyl gadryny bilmän gezipdir. Öň içgä gidýän pul indi öýüň gerek-ýaragyna sowlansoň, pulam köpeliberdi öýde. Asyl başlygam gowy adam eken. Ony öldürmek pikirinem kelleden çykarmaly boldy. Wezipesini ulaltdy, aýlygyny köpeltdi. Öň içgili bolup, işden telim günläp galandygy üçin berlen duýduryşlar ýyrtylyp taşlandy. Asyl bar günä özünde bolsa nätjek...

29
180
4982
12 Oktýabr 2023
Öýüñde huzur bolmasa. Edil meñki ýaly. Bu ýagdaýa gaty gowy düşûnýån.😑😞
bismark01
12 Oktýabr 2023
@Bitter, mlds
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Bitter, hawa Bilimem almaly durmusda wajyp gerek zatlat
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Bitter, meni bir yadyndan cykarma
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Bitter, Gowy Alla Sukur menem nmler edyañ okuwlar gowmy yazysasym gelip gitdi senin bn
bismark01
11 Oktýabr 2023
SALAM Bitter Gowmy yagadaylaryñ
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Gülmahrem 07, alda garasyan
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Gülmahrem 07, Aldamok
bismark01
11 Oktýabr 2023
@gül🥀_, Gowy Alla Sukur sen naili
bismark01
11 Oktýabr 2023
@Gülmahrem 07, ulumsy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.