bismark01
24.09.2023 10:37

Jaň etdi, telefony bir aýal aldy. Kraft jenap Paýrsy sorady.

Oňa:

— Jenap Paýrs hassahanada—diýdiler— Siz kim?

— Sagboluň — diýip Kraft jaňy öçürdi.

Içinden: “Elbetde” diýdi. Olar hassahanadan öljekdigi anyk bolan hassany tapýarlar we hassa aradan çykansoň Edgor Krafta pul ugradýarlar. Näme üçin ugradýandyklary bolsa Krafty indi alada goýmaýardy. Belki ol adam telewizorda görkezilen dälä meňzeşdir. Ol däli her hepde adamlara million dollar paýlapdyr. Eger biri Krafta pul ugratmakçy bolsa, Kraft oňa garşy däl.

Şol günüň özünde hassahana jaň etdi. Klod Paýrsyň iki gün ozal operasiýa edilendigini aýtdylar. Operasiýa şowly geçipdir, hassaň ýagdaýy gowy eken.

Kraft: “bu wagtlaýynça” diýip oýlandy. Paýrs ölüme höküm edilen. Ol Paýrsa gynandy, soňra bolsa gijeki at çapyşygy barada pikirlenmäge başlady. Ol “Mele Ýyldyz” atly aty halapdy. Bu aty ençe wagtdan bäri synlaýardy. Belki ol bu gün ýeňiji bolar.

Kraft çapyşyga bardy. Mele ýyldyz onuň ynamyny ödemedi. Ertesi bolsa gazetden Paýrsa ýazylan gynanjy tapyp bilmedi. Hassahana jaň etdi, oňa hassaň gowulaşýandygyny aýtdylar.

“Beýle bolmagy mümkin däl”.

Klod Paýrs hassahanada üç hepde ýatdy, şol üç hepdäň dowamynda oňa seredýän lukmandan beter Edgor Kraft onuň saglygy barada köpräk gyzyklandy. Bir gün Paýrsyň ýagdaýy erbetleşip, huşundan gitdi. Şepagat uýasynyň sesinde gaýgyly äheňler duýuldy. Kraft bolsa ykbalyndan minnetdar boldy. Emma Paýrs ertesi özüne geldi. Şepagat uýasy bu habary şatlanyp aýtdy, Kraft bolsa gazaba mündi.

Şol günden soňra Paýrsyň saglygy oňatlaşdy. Ol hassahanadanam çykdy. Kraft nädip beýle bolandygyna düşünip bilmeýärdi. Ählisi çepbesine çöwrülipdi. Paýrsyň ölüminden soňra ol müň dollar almalydy. Paýrs hassady, jany gylyň üstünde durdy we garaşylmadyk wagty Krafty müň dollardan mahrum eýlap, ölümiň çeňňeginden halas boldy.

Kraft indiki hata garaşýardy, ýöne hat gelmedi.

Jaýyň kireýini bermeli wagtyndan iki hepde geçdi, awtoulag üçin tölegem gijä galdy. Ýene-de “Superfinans” birleşiginiň işgäri jaň etmäge başlady. Kraft näme etjegini bilmän aljyrady, hatda: “bu adam ölse” diýip ýazylypdy. Paýrs ebedi ýaşamaz ahyryn, ol ölensoň Kraft müň dollar alar.

Meselem Paýrsyň başyna bir bagtsyzlyk gelse...

Ol biygtyýar gaýta-gaýta şu pikire dolanýardy. “Mesele bolmaz” diýip özüni köşeşdirýärdi. Onuň Klod Paýrs bilen gyzyklanýanyny hiç kim bilmeýärdi. Gowy taýýarlyk gorse, hemmesi ýagdan gyl soguran ýaly bolar. Polisiýa ony güman etmez. Ol Paýrs bilen iň bärkisi tanşam däl ahyryn... Şeýle bolsa...

Kraft öz-özüne:

“Men başarmaryn—diýdi— Beýdip bilmerin. Bigünä adamy öldürmek — hiç-haçan”.

Ol müň dollarsyz oňmaly diýen karara geldi. Öň şol pulsyzam ýaşap bilipdir-ä. Hawa, müň dollar bolsa erbed-ä bolmazdy. Puly nähili sowmalydygyny ol gowy bilýärdi, emma oňaýmaly bolar-da.

Ertesi irden Klod Paýrsyň ady gazetleriň ilkinji sahypasynda ýer aldy. Gije kimdir biri ony Honideýl-draýwdaky öýünde pyçaklap öldüripdir. Jenaýatçyň kimdigi bilinmeýärdi. Jenaýata nämäň sebäp bolandygynam hiç kim aýdyp bilmeýärdi.

Kraft bu habary okap, aglamak isledi. Paýrsy edil özi öldüren ýaly özüni günäkär duýdy. Ol hiç-hili erbet iş etmändigini, hiç kimi öldürmändigini gowy bilýärdi. Ýöne bu barada oýlanypdy, Paýrsa ölüm diläpdi.

Pul ertesi geldi. On sany ýüz dollarlyk — müň dollar pul we ikije söz ýazylan kagyz:

“SAG BOLUŇ!”

Kraft pullary mäkäm gysymlap durşuna:

“Maňa sagbolsun aýtmak gerek däl —diýdi— sagbolsun aýtmak gerek däl”.


***

“JENAP LEON DENNISON

BU ADAM ÖLSE, SIZ BIR ÝARYM MÜŇ DOLLAR ALARSYŇYZ”.

Kraft haty okaýan mahaly, ýüregi agzyndan çykaýjak bolup çalt-çaltdan urýardy. Haty iki sapar okady, soňra bukjasyna salyp ýyrtym-ýyrtym edip, zibile zyňdy.

Kellesi agyrdy. Derman içdi, ýöne agyry aýrylmady. Günortana çenli işde-de hiç zat etmän oturdy. Günortan naharhana girip naharyň tahamyny duýman naharlandy. Işe dolanansoň agşam Seratdagda boljak at çapyşygy barada oýlanmakçy boldy, emma hatdaky setirler göz öňünden gidenokdy. Işden irräk çykyp, köçede gezelenç etdi.

“Jenap Leon Dennison”.

Dennison Kedbýuri-awenýudaky öýde ýaşaýardy. Jaňy hiç kim almady. Dennison adwokat eken, telefon maglumatnamasynda edarasynyňam telefony bardy. Jaň etdi, sekretary jenap Dennisonyň ýygnaga girendigini aýtdy.

“Bu adam ölse”.

Kraft:

“Ýöne Dennison bu golaýda öljege meňzemeýär” diýip içini hümletdi. Iň bolmanda hassahanada ölmejegi-hä anyk. Dennisonyň saglygy gowy, işleýär we haty ýazan adamam bu barada bilýär.

“Bir ýarym müň dollar”.

Emma nädip? Onuň sapançasy ýok, nireden almalydygynam bilmeýär. Pyçak? Klod Paýrsy pyçaklap öldürendikleri ýadyna düşdi. Pyçagy tapmak aňsatjagam. Emma...muny etmek islemedi.

Onda nädip? Awtoulag? Amala aşyrsa bolar. Ol Dennisona çeträk bir ýerde garaşyp, ony kakyp gitmegi mümkin. Ölen adama ulagyň degen reňkinden, ulagyň bamperinde galan gan yzyndan ony polisiýaň derrew tapmagy ahmal. Ol nädip tapýandyklaryny anyk bilmese-de, awtoulagda adam öldürenleriň köpüsiniň gözenegiň aňyrsyna düşýändiklerini bilýärdi.

Öl öz-özüne:

“Bu pikiri kelläňden çykar— diýdi— sen ganhor däl ahyryn”.

Ýöne bu pikiri kellesinden çykaryp bilenokdy. Iki gün başga zatlar barada oýlanmaga synanyşdy— bolmady. Hyýaly Dennison we söz berlen pula birsyhly dolanyp durdy— bir ýarym müň dollar. Dennisony öldürmek barada pikirlenýärdi.

“Bu adam ölse”.

Bir gün irden turup Kedbýuri-awenýu bardy. Leon Dennisonyň öýüni uzak wagtlap synlap durdy. Dennison öýünden çykdy. Ol awtoulagynyň ýanyna barmak üçin ýoly kesip geçjek mahaly Kraft aýagyny gaz pedalyna goýdy. Dennisony kakmak üçin pedaly basmagyna sähelçe galdy. Ol wagtynda özüni saklap, Dennisonyň ulaga münüp gidişine tiňkesini dikdi durdy.

Soňra bu eden işinden hoşnut boldy. Aýdaly, ony tutdular. Hat ugradýan adam bilen hiç-hili bagly ýeri ýok. Barça hatlary ýok edipdi, hatlar bolanda-da olary ugradan adamyň kimdigi näbelli.

“Bir ýarym müň dollar”.

Penşenbe güni, öýlän, aýalyna jaň edip, işden çykyp, dogry Seratdaga gitjekdigini aýtdy. Aýaly hemişekisi ýaly närazylyk bildirdi, ýöne çekeleşmedi.

Kraft Kedbýuri-awenýu bardy. Garawulyň naharhana giderine garaşdy, gidensoň derrew ylgap öýe girdi. Leon Dennisonyň jaýyny tapyp, sim bilen gulpuny açdy. Ol gulpy açýança, edil polisiýa geläýjek ýaly gorkup, derledi. Emma hemmesi hamyrdan gyl sogran ýaly boldy, içeri girdi, gapyny ýapdy.

Ol bosagadan geçensoň oňa bir zatlar bolan ýaly boldy. Gorky, endişe, tolgunma, barça-barçasy bir ýerlere dep boldy. Dennisonyň öýüne, edil başga Edgor Kraft giren ýalydy. Içinden: “Ählisi anyk— diýdi— Jozef G.Naýmannam ölüme höküm edilipdi. Reýmond Andersenem, Klod Paýrsam. Indi Leon Dennison ölüme höküm edildi, ol hökman öläýmeli”.

Ählisi anyk we düşnükli. Edgor Kraft uly bir oýunda bary-ýogy pyýadaçöp. Onuň özüne bölünip berlen wezipäni ýerine ýetirmegi lazym. Barçasy hökman meýilnamalaşdyrylyşy ýaly bolaýmaly.

Hemmesi meýilnamadaky ýalam bolar...

Ol Dennisonyň gelmegine üç sagat garaşdy. Gapyň gulpy şykyrdanda Kraft, buhar peç üçin odun çapylýan paltajygy depesine göterip daraklygynda ýöräp, işigiň arkasyna gizlendi. Gapy açyldy, Dennison içeri girdi.

Palta bat bilen indi.

Dennisondan ses-seda-da çykman ýykyldy. Palta ýene-de iki sapar onuň kellesine uruldy. Leon Dennison ne gymyldady, ne-de ses çykardy. Kraft gapyň tutawajyny, barmak yzy galmagy mümkin bolan hemme ýeri arassalady. Soňra öýden bildirmän çykyp gitdi. Ony hiç kim görmedi.

Ol gijesi bilen wyždanynyň kösemeginden gorkupdy. Emma ynsabynyň hiç zat diýmeýändigine geň galdy. Ol bir eýýam, Andersene ölüm diläp, Paýrsyň ölümini meýilnamalaşdyran wagty ganhora öwrülipdi. Hyýalynda edýän jenaýatyny hakyky durmuşda amala aşyrmak, oň üçin müşgil bolmady diýen ýaly.

Ertesi hat gelmedi. Hat, aradan bir gün geçensoň geldi. Bukja ep-esli galyňdy: içinden on bäş sany ýüz dollarlyk pul bilen kagyz çykdy.

Bu gezek hat özgeripdi. Hemişeki ýaly:

“SAG BOLUŇ!” diýen setirden soňra:

“TÄZE IŞIŇIZ GÖWNÜŇIZE ÝARADYMY?”diýen sözler bardy.


© Lourens BLOK

27
431
bismark01
25 Sentýabr 2023
@gül🥀_, nesip bolsa
bismark01
25 Sentýabr 2023
@gül🥀_, haa Alla şypa bersin gowylasarsyñla
bismark01
25 Sentýabr 2023
@gül🥀_, wii bagyslarsyñda dusundim:(
bismark01
25 Sentýabr 2023
@gül🥀_, nm sebabden solan guli goyupsyn adyn yzyndan
bismark01
25 Sentýabr 2023
@gül🥀_, basdym hemmesinede :)
bismark01
24 Sentýabr 2023
@gül🥀_, su guna dync alyan basga wagtlar okuw
bismark01
24 Sentýabr 2023
@gül🥀_, hmm mlds
bismark01
24 Sentýabr 2023
@gül🥀_, sen nmler edyañ bu gunler
bismark01
24 Sentýabr 2023
@bismark01, yene 1 ay girmerinmikam oytyan
bismark01
24 Sentýabr 2023
@gül🥀_, Yok girmedim okuw bn basagay
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.