bismark01
15.03.2024 23:04
Hiç haçan arzuwdan ýüz döndermeli däldir! Naharyň bedenimizi iýmitlendirişi ýaly, arzuwlar hem ruhumyzy iýmitlendirýär.
Durmuşda umytlarymyzyň kül-peýekun bolşuny näçe gezek başdan geçirsek, näçe görsek hem, biz barybir arzuw etmegimizi dowam etdirmelidiris.
Paulo Koelo.

Adamdan: «Bagt näme?» diýip sora, şonda sen oňa iň ýetmeýän zadyň nämedigini bilersiň…

Pikiriň nirä ymtylýan bolsa, Durmuşyň hem şol tarapa hereket edýändir…

Ömür - bu bir taraplaýyn hereketli köçe. Onda yzyňa dolanyp bolmaýar… Adam hem edil kerpiç ýaly, kem-kem bişip, gataýar…
Jorj Bernard Şo

Siziň wagtyňyz çäklidir, şonuň üçinem ony özgäniň durmuşy bilen ýaşamak synanyşygyna sarp etmäň.
Stiw Jobs

Adamyň hem uçara meňzeş taraplary bolýar. Uçar ýerden hem ýöräp bilýär, ýöne özüniň uçardygyny subut etmek üçin, ol howa göterilmeli bolýar. Biz hem şeýle: eger biz öz-özümizden belende galyp bilmesek, uçup bilýändigimizi hiç kim duýmaz.

Mähirden doly ýürek dünýäniň ähli paýhasyndan hem has gymmatlydyr.
Çarlz Dikkens

Gözýaşyň hem öz wezipesi bolarmyş. Soňundan geljek ýylgyryş üçin arassalaýyş geçermiş!..
Hz. Möwlana

Bagtlylygyň hem ýokançlyk häsiýeti bardyr. Siz näçe bagtyýar bolsaňyz, daş-töweregiňizdäkiler hem şonça bagtlydyr.

Kiçijek açar bilen ullakan sandygy açyp bolýandyr. Jaýdar söz hem açar ýalydyr, dogry saýlamagy başarsaň, islendik göwni açyp, islendik agzy hem ýapmak mümkindir..

Her bir zady tüýs wagtynda etmek gerek. Düýnki gün has irdi, ertir has giç bolar.
Bernar Werber
27
55
bismark01
21 Mart 2024
@asking, profiliñdaki suratdaky gyz haysy kinoda oynayar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.