ayaz
09.11.2023 14:56

Sagbol durmuş

Sag bol, durmuş! Sag bol berenin üçin.

Şükür, saçagymda kemenok çörek.

Yöne adam Çörek bilen, adam däl,

Oña başga-da kän, Kän zatlar gerek.


Sag bol, durmuş! Sag bol bereniň üçin,

Yagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.

Yöne yagys, gara juda höwrügip,

Adamyn hasratdan ölmegi mümkin.


Sag bol durmuş! Sag bol berenin üçin.

Il deňinde yar yerinde ýar berdin.

Yöne ýaryn sacyn yassyk edinip.

Yatmak gylygyna syganok merdin.


Dahana söz berdin waspyň diýere,

Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.

Dost kyn günüň gerek,duşmanam merdiň.

Şat günümde aglap biljek ajaýyp.


Saglyk berdini, duýgy berdiñ könlüme,

Dözdün meni gysyn aňzak ýeline.

Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,

In sonunda galam berdin elime.


Bu baglaryň göni, egri hatary,

Gülleriň, günleriniň müñ hili reñiki,

Adamlaryň sary aýralyklary,

Elwan duşuşygy-bary meniñiki.


Gije-gündiz galamymy oýnatdym,

Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.

Aşagyndan çykar ýaly dal eken,

Kän zat alan ekenim men durmuşdan.


Yöne neçün Mende kinän bar ýaly,

Berenleriň alýan ýuwaş-ýuwaşdan?

Ya-da onun bolmalysy şeýlemi?

Eýýäm aýra düşdüm niçe deñ-duşdan.


Atyñ eyerinde tans oýnaýyn,

Yolbars deý bowseýin odun halkasyn,

Köp zat berdim diýip gynama meni, Berenleriň üçin taňryýalkasyn.


Pursat ber, howlukma, Gyssama meni,

Alemgosaryña bir gas kakaryn.

Önümde ak kagyz, Elimde galam.

Menem bir gün bergilemden çykaryn!


@Gurbannazar Ezizow


Biri öwüt berdi...


Biri öwüt berdi: „Agras bol!“ diýip,

Agras boldum bilmän agraslyk çägin.

Biri diýdi:

„Beýdip dommarlyp ýörme,

Gülüp oýnap gezjek ýetginjek çagyň“.


Gezdim däli derýa ýaly owsunyp,

Bu bolşumam halamady käbiri.

Gulagyma çawuş çakdy ogrynça:

„Il gün näme diýer bolşuň nähili“.


Biri diýdi „Öz hakyňa kaýyl bol!“

Biri diýdi „Aç ölersiň beýitseň!“

Biri diýdi „Puluň guly bolmagyn!“

Biri diýdi „Puluň bilen beýik sen!“


Garaz, bir zat diýse özümden özge,

Sözlerne ynanyp , gamak deý gaýdym.

Adamlygyna sarpa goýup, kämahal.

Çem gelen adamy ýaşuly saýdym.


Bu gün ýürek diýär : „BU bolşuň gülkünç,

Öz ykbalyň özüň edin agyry“

... Men bu dünýä gudrat bolup inmedim,

Menem çig süýt emen adam ahyry.


Awtory - Muhammetmyrat Kömekow

9
32
ayaz
08.11.2023 12:23

Uýalarym


Päk DÜNYAM siz, geregim siz,

GÜLLERE JAN berenim siz,

Bagt gülünden ÇEMENIM siz,

MÄHRIñIZDEN boy alanym, Uýalarym, uýalarym!


Yukaýürek, naçar dogan,

Bolman gama duçar, dogan,

Yazlar bolup yaşañ, dogan,

Sizi görsem dayanaryn, Uýalarym, uýalarym!


Yürege ýakyn, mähriban,

Sizde käbämin mähri bar.

Göwnümin gözel şähri ya,

Bagtynyza guwanaýyn, Uýalarym, uýalarym!


Şatlansam, ganat baglar siz,

Gamlansam, ýürek daglar siz,

Bir sözde göwnüm awlar siz,

Öýojagna söyelerim, Uýalarym, uýalarym!


Bahar geler size menzäp,

Bir ýyly hoş söze menzäp

Armanym ýok, egin deñläp,

Salyp bilsem saýalarym, Uýalarym, uýalarym!


Başynyz dik, ojak abat,

Yaşan munda göwni çaglap.

Bolun şat günlere şaýat,

Yaraşykly ýaýlalarym - Uýalarym, uýalarym!



Yşk!

Däl şalyk sürjek mülküm,

Yok, däl galyp biljek mülküm!

Mün gözel söydüm, mümkin...

Ah, birinin pidasy men.


Yşk!

Munda men hem bir meydan,

Saýrapdym, bolupdym şeýda.

Bu gün gamly aýdym aýdýan,

Körän kalbyn sedasy men.


Yşk!

Derya - akýan towlanyp,

Käte, ot - ýakyan lowladyp.

...Emelsizje şo-ol oglanyň

Edebi hem edasy men.


Yşk!

Gelýär söyüp ýaşasym,

Yogsam, men haýp ýaşaryn.

...Sürme ýok munda şalygy,

Yşk mülkünin gedasy men!


@Annamuhammet Kirşen

21
96
ayaz
07.11.2023 17:14

Bir gün sorag berdim garry atama "Baş günlik yalançy" diŷmeklik näme


Atam gürrün berdi bize howlukman Hemişe şeyderdi gównümiz ýykman


Adamzadyn ömri bolsada uzyn Baş güne bölüpdir danalar guzym


Dokuzyn dolduryp ineñde dünya Ynha muña birinji gün diyilýär


Ak mekdebe baryp berende salam Bu senin ikinji günündir balam


Yigit çykyp bolsa boylaryň derek Adama yanŷoldaş bir höwür gerek


Senem taýyn tapyp öylensen bir gün Üçünji gün bolar muny bek bilgin


Dördünji güniñem yat bekle balam Eşidilen güni sesi kiçijek çagan


Adamzadyn ömri sähelçe gündir Demin tükendimi başinji gündir.



Üýtgeýär


'Üýtgemezmiş' diýme ynsan ogluna, Aylar, günler geçip ýyllar üýtgeýär. Zat görmedik gözi düşende pula, Nebsinden daş düşüp, gullar üýtgeýär.


Her kim ýaşap bilmez bir erki bilen, Durmuş bizi oýnar müñ görki bilen. Garybyn serpaýy şol durky bilen, Baýlara gowşurlan güller üýtgeýär.


Barlyk, baýlyk näme? Dünye bize ýat... Bilini berk guşap, ýaşa adamzat, Şan-şöhrat, wezipe geldi-geçer zat, Kagyza goýulan gollar üýtgeýär.


'Serçäni hem gassap soýsa ýagsydyr', Sesi gaýnap, bişen adam bagşydyr. Kärinin ussady ömrün nagsydyr, Cyn daýhana duşsa çöller üýtgeýär.


Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa,

Öz dûýbüne gaçýar, dagdan daş gaçsa. Emma ikije gün serhetden geçse, Edep-ekram, ene diller üýtgeýär.

22
98
ayaz
04.11.2023 18:41

Boş wagtym gelen pikir

Biziň çagalygymyz hezil geçipdir,

Hezil günler basym geçer bolmanam. Kyn durmuşyň agyr yükün göterip,

Yatdan çykarypdyrys çyndan gülmänem.


Yaşamana owadan ýer bu dünýe,

Näme etseň, näme ekseň çykyp dur.

Bu gün maňa salam beren adamlar,

Erte ýylan ýaly elden çakyp dur.


İndi hiçkimede ynam galmady,

Bir-birini aldaýalar adamlar.

Dünýäň lezzetini duýýan azalyp, Köpelipdir, durmuşyndan ýadanlar.


İndi söygi, dostluk pully bolupdyr,

Niçün şeyle bolýar olam näbelli.

Jüwinde baş manat puluň bolmasa,

Öýündenem çykyp bolanok indi.


Kuwwat Yazmuhammedow 861346989

25
88
ayaz
02.11.2023 13:06

Dileg edeliň

Yürekden sygynyp Perwerdigäre.

Gelin musulmanlar dileg edeliň.

Ol kalba şypadyr, dertlere çäre.

Allaha sygynyp dileg edeliň.


Yurdumyz hemişe bolsun parahat.

Halkym gezsin iki dünye rahat.

Bagtly ýaşasyn her bir raýat.

Elmydama ýagsy dileg edeliň.


Kylsaň dileg köpdir ýagsydan yagşy.

Bolsun kalbymyz hem gabrymyz ýagty.

Alla dileglermiz bitirýän wagty.

Bir-birege ýagsy dileg edeliň.


Öňlerem diýenmiş bir goja dana.

Mal diýp azap berme amanat jana.

Jadygöýlik gerekmikä ynsana.

Oňa derek ýagsy dileg edeliň.


Dileg edin delil edip zähmeti.

Egsilmeýär Rehimlinin rehmeti.

Kalba salman waswaslygy,mähneti.

Ýagsy umytda ýagsy dileg edeliň.


Manysy ýokdur hiç sözi uzaltmaň.

Her dem ýatlaň Yaradany unutmaň.

Hem boş gaýtmaz Oňa golun uzadýan.

Gol uzadyp ýagşy dileg edeliň.

Gelin musulmanlar dileg edeliň.


Gerçeknazar Amannazarow

21
60
ayaz
31.10.2023 01:23

Ýaşap ýörseň bu zeminiň üstünde.

Şatlykly günler bar gaýgyly gün bar.

Ýöne şatlygymyz gamly günden kän.

Ana şoň üçin hezil owadan dünýe.


Hemme adam deň bolaýsa näderdi.

Müň şükür akyl ba nadan ba güň ba.

Bir meňzeş owazdan gulak ýadardy.

Müň dürli owazly owadan dünýe.


Käte-käte gama batýa başym.

Ähli gaýgy hasrat boýnuňa münýä.

Şol wagt ylgapjyk çykar perzendiň.

Unutdyr gaýgyny owadan dünýe.


Agyr eken ýakynlaňdan aýrylmak.

Her ölüm bir ýaşyň goparyp zyňýa.

Adam pahyr galyberjek ejizläp.

Ýene derman bolýa owadan dünýe.


Başga kän bir gepiň çekjek bolmansoň.

Öýdäkä igenip hezil edinýäň.

Ýöne ýekeje gün öýde bolmasa.

Görküni gaçyrýa owadan dünýe.


Juwan wagtyň söýeniňi aljaksyň.

Goşa ýürek gaýnap dowam edilýä.

Ýene il deňinde Kaka boljaksyň.

Şeýdip aýlanyp dur owadan dünýe.

16
142
ayaz
30.10.2023 15:58

MAHMAL SAHRAM SEN BOLUP,. BAHAR MAŇA BAKANDA,. HOWLUKMADYM HIÇ ZADA.

EJEM BAR DIYIP JAHANDA


YRSARADYM, NAZ ETDIM,

BETDIM, NAHILI BETDIM!

HERNÄ KEJINE GITDIM,

EJEM BAR DIYIP JAHANDA.


NAME DIYSEŇ TAPYLÝAR,

NÄME ETSEM HAKYM BAR.

BOLDUM SAŇA HÖKÜMDAR,

EJEM BAR DIYIP JAHANDA.


ONA YETSEMEM ÇAGA,

ONDAN ÖTSEMEM ÇAGA.

WAGTYM YOK ULALMAGA,

EJEM BIR DIYIP JAHANDA.


ELLÄ YETMÄN EJE JAN,

Gözün YUMLAN MAHALDA,

ÖZÜM ALDAP KÄN GEZDIM,

EJEM BAR DIYIP JAHANDA.


YOGSAM BOYUN ALYPDYM,

HEMME ZADY BILIRDIM.

...A MEN DÜNYA GELIPDIM,

EJEM BAR DIYIP JAHANDA.


BERDİNAZAR HUDAÝNAZAROW

20
43
ayaz
29.10.2023 01:29

Allaýalkasyn

Kim çagakam adym tutup enaýy,

Bir dem öz egninde göteren bolsa, Ya-da üwrap, yatan sallançagymy.

Täsin bir erteki otaran bolsa - Alla ýalkasyn!


Dümewlän çaglarym ejem pahyry.

Hoş söz bilen göwnün awlan bendani, Hem-de käbäm käte süýtsüz galanda Kim maña uzadan bolsa emmäni - Alla ýalkasyn!


Ayagyma tiken çümüp aglamda,

Kim başymy sypap dindiren bolsa,

Kişä kesek atmak günüdir diýip,

Kim çaga beynime sindiren bolsa - Alla ýalkasyn!


Zalym durmuş bizi ýetim goýanda.

Kim meniň halyma gynan bolsa.

Ajal alyp giden Kakam pahyry.

Kim halas etmäne synanan bolsa Allaýalkasyn


Bir jady duýgymy oýnap duranson, Önünde baş egip epemde dyzy.

Ak gül ýaly näzik elleri bilen.

Şarpyk çalyp, soñam näz eden gyzy- Alla yalkasyn!


...Ondan bäri diñe zamana däl-de, Seretsen adamam üýtgan ekeni.

Hawa, maýmyn bolup gaşymda oynap, Son ýanyndan ýylan bolup,çakany Alla yalkasyn!


Sebäbi ol menin gözümi açdy.

Men aldanyp adamlary tanadym. Şeydip kem-kem bu ýalança düşündim, Şeydip kem-kem kämilleşdi senedim.


Gowular gutarsa- dünýä gutarar, Dirikäler saklan olan sarpasyn. Durmuşyn tagamny gacyrman gelýän.

Ajap adamlary Allaýalkasyn!


Berdinazar Hudaýnazarow

17
57
ayaz
28.10.2023 00:45

MANLAYYNDAN ÖP.

Nämä beýdip tukat otyrsyn şahyr.

Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr.

Ola zöhre bolsa sen bolup tahyr.

Barda onuň edil maňlaýyndan öp.


Maňlaýdan öpeňde seretse aşak. Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap. Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap.

Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp.


Gabakdan öpeňde cytmasa gaşyn.

Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk. Onson burun diýilýän galadan aşyp, Nepese may bermän dodagyndan öp.


Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar.

Demler deme degip pysyrdaşarlar.

Elinde titrände balyk goşarlar.

Maňlaýyny degirip dyrnagyndandan öp.


Gysyp, gysyp,gysyp yenede gysyp.

Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup.

Onson gapak döşüň ak mämä basyp

Yürek bagryň bilen ýüreginden öp.


Körpäniň içine çümdürip sagryn.

Kürük towuk kimin owkala bagryn.

Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun.

Gosa ternäň bally sapagyndan öp.


Bagytlysyň, bagytlysyň bagytlysyň.

onsoň.

Niresinden öpseň öpüwer sen soň.

Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň.

Jorabyn çykarda aýagyndan öp...


Kerim Gurbannepesow

10
19
ayaz
27.10.2023 00:29

Eje

Mähribanym Käbäm edeýin waspyň.

Ýüzleriň mydama mähirli baksyn.

Senden aldym mydam halallyk pähmin.

Sypasaň başymy dünýäm ýaz Eje.


Agaran saçlaryň meňzetdim gara.

Durmuş ýoluň bizden açmasyn ara.

Mätäç etmediň sen namarda ýada.

Edenleriň üçin minnetdar Eje.


Ulalytdyň 5 çaga 4 gyz 1 ogul.

Kakamyň ýoklugun bildirmediň hiç.

Pelegiň oýnuny gerniňde çekip.

Nusga bolduň ýoldan geçene Eje.


Ataş aýdar egýän başym öňüňde.

Karzym kändir ödär ogluň törüňde.

Gurhanda ýazykdyr mukaddesligiňiz.

Dabanyňda gördüm jenneti Eje.


GOŞGYNYŇ AUTORY: KAKAMYRADOW ATAŞ

18
51