ayaz
29.10.2023 01:29

Allaýalkasyn

Kim çagakam adym tutup enaýy,

Bir dem öz egninde göteren bolsa, Ya-da üwrap, yatan sallançagymy.

Täsin bir erteki otaran bolsa - Alla ýalkasyn!


Dümewlän çaglarym ejem pahyry.

Hoş söz bilen göwnün awlan bendani, Hem-de käbäm käte süýtsüz galanda Kim maña uzadan bolsa emmäni - Alla ýalkasyn!


Ayagyma tiken çümüp aglamda,

Kim başymy sypap dindiren bolsa,

Kişä kesek atmak günüdir diýip,

Kim çaga beynime sindiren bolsa - Alla ýalkasyn!


Zalym durmuş bizi ýetim goýanda.

Kim meniň halyma gynan bolsa.

Ajal alyp giden Kakam pahyry.

Kim halas etmäne synanan bolsa Allaýalkasyn


Bir jady duýgymy oýnap duranson, Önünde baş egip epemde dyzy.

Ak gül ýaly näzik elleri bilen.

Şarpyk çalyp, soñam näz eden gyzy- Alla yalkasyn!


...Ondan bäri diñe zamana däl-de, Seretsen adamam üýtgan ekeni.

Hawa, maýmyn bolup gaşymda oynap, Son ýanyndan ýylan bolup,çakany Alla yalkasyn!


Sebäbi ol menin gözümi açdy.

Men aldanyp adamlary tanadym. Şeydip kem-kem bu ýalança düşündim, Şeydip kem-kem kämilleşdi senedim.


Gowular gutarsa- dünýä gutarar, Dirikäler saklan olan sarpasyn. Durmuşyn tagamny gacyrman gelýän.

Ajap adamlary Allaýalkasyn!


Berdinazar Hudaýnazarow

17
57
ayaz
29 Oktýabr 2023
👍@0878, @0878,
ayaz
29 Oktýabr 2023
@12445, hawwa gowy gosgy
ayaz
29 Oktýabr 2023
Hakyky şahyra söz ýok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.