ayaz
07.11.2023 17:14

Bir gün sorag berdim garry atama "Baş günlik yalançy" diŷmeklik näme


Atam gürrün berdi bize howlukman Hemişe şeyderdi gównümiz ýykman


Adamzadyn ömri bolsada uzyn Baş güne bölüpdir danalar guzym


Dokuzyn dolduryp ineñde dünya Ynha muña birinji gün diyilýär


Ak mekdebe baryp berende salam Bu senin ikinji günündir balam


Yigit çykyp bolsa boylaryň derek Adama yanŷoldaş bir höwür gerek


Senem taýyn tapyp öylensen bir gün Üçünji gün bolar muny bek bilgin


Dördünji güniñem yat bekle balam Eşidilen güni sesi kiçijek çagan


Adamzadyn ömri sähelçe gündir Demin tükendimi başinji gündir.



Üýtgeýär


'Üýtgemezmiş' diýme ynsan ogluna, Aylar, günler geçip ýyllar üýtgeýär. Zat görmedik gözi düşende pula, Nebsinden daş düşüp, gullar üýtgeýär.


Her kim ýaşap bilmez bir erki bilen, Durmuş bizi oýnar müñ görki bilen. Garybyn serpaýy şol durky bilen, Baýlara gowşurlan güller üýtgeýär.


Barlyk, baýlyk näme? Dünye bize ýat... Bilini berk guşap, ýaşa adamzat, Şan-şöhrat, wezipe geldi-geçer zat, Kagyza goýulan gollar üýtgeýär.


'Serçäni hem gassap soýsa ýagsydyr', Sesi gaýnap, bişen adam bagşydyr. Kärinin ussady ömrün nagsydyr, Cyn daýhana duşsa çöller üýtgeýär.


Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa,

Öz dûýbüne gaçýar, dagdan daş gaçsa. Emma ikije gün serhetden geçse, Edep-ekram, ene diller üýtgeýär.

22
97
bellidal
8 Noýabr 2023
@mawy, bolup biler
ayaz
7 Noýabr 2023
Senem kop bilýän ekeninle gyz@mawy,
bellidal
7 Noýabr 2023
@mawy, 1gun dogulyan 2gun olyan bolsymasa
ayaz
7 Noýabr 2023
@karalewa⁰⁷, 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.