MANLAYYNDAN ÖP.
Nämä beýdip tukat otyrsyn şahyr.
Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr.
Ola zöhre bolsa sen bolup tahyr.
Barda onuň edil maňlaýyndan öp.
Maňlaýdan öpeňde seretse aşak. Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap. Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap.
Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp.
Gabakdan öpeňde cytmasa gaşyn.
Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk. Onson burun diýilýän galadan aşyp, Nepese may bermän dodagyndan öp.
Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar.
Demler deme degip pysyrdaşarlar.
Elinde titrände balyk goşarlar.
Maňlaýyny degirip dyrnagyndandan öp.
Gysyp, gysyp,gysyp yenede gysyp.
Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup.
Onson gapak döşüň ak mämä basyp
Yürek bagryň bilen ýüreginden öp.
Körpäniň içine çümdürip sagryn.
Kürük towuk kimin owkala bagryn.
Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun.
Gosa ternäň bally sapagyndan öp.
Bagytlysyň, bagytlysyň bagytlysyň.
onsoň.
Niresinden öpseň öpüwer sen soň.
Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň.
Jorabyn çykarda aýagyndan öp...
Kerim Gurbannepesow