Uýalarym
Päk DÜNYAM siz, geregim siz,
GÜLLERE JAN berenim siz,
Bagt gülünden ÇEMENIM siz,
MÄHRIñIZDEN boy alanym, Uýalarym, uýalarym!
Yukaýürek, naçar dogan,
Bolman gama duçar, dogan,
Yazlar bolup yaşañ, dogan,
Sizi görsem dayanaryn, Uýalarym, uýalarym!
Yürege ýakyn, mähriban,
Sizde käbämin mähri bar.
Göwnümin gözel şähri ya,
Bagtynyza guwanaýyn, Uýalarym, uýalarym!
Şatlansam, ganat baglar siz,
Gamlansam, ýürek daglar siz,
Bir sözde göwnüm awlar siz,
Öýojagna söyelerim, Uýalarym, uýalarym!
Bahar geler size menzäp,
Bir ýyly hoş söze menzäp
Armanym ýok, egin deñläp,
Salyp bilsem saýalarym, Uýalarym, uýalarym!
Başynyz dik, ojak abat,
Yaşan munda göwni çaglap.
Bolun şat günlere şaýat,
Yaraşykly ýaýlalarym - Uýalarym, uýalarym!
Yşk!
Däl şalyk sürjek mülküm,
Yok, däl galyp biljek mülküm!
Mün gözel söydüm, mümkin...
Ah, birinin pidasy men.
Yşk!
Munda men hem bir meydan,
Saýrapdym, bolupdym şeýda.
Bu gün gamly aýdym aýdýan,
Körän kalbyn sedasy men.
Yşk!
Derya - akýan towlanyp,
Käte, ot - ýakyan lowladyp.
...Emelsizje şo-ol oglanyň
Edebi hem edasy men.
Yşk!
Gelýär söyüp ýaşasym,
Yogsam, men haýp ýaşaryn.
...Sürme ýok munda şalygy,
Yşk mülkünin gedasy men!
@Annamuhammet Kirşen