ayaz
09.11.2023 14:56

Sagbol durmuş

Sag bol, durmuş! Sag bol berenin üçin.

Şükür, saçagymda kemenok çörek.

Yöne adam Çörek bilen, adam däl,

Oña başga-da kän, Kän zatlar gerek.


Sag bol, durmuş! Sag bol bereniň üçin,

Yagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.

Yöne yagys, gara juda höwrügip,

Adamyn hasratdan ölmegi mümkin.


Sag bol durmuş! Sag bol berenin üçin.

Il deňinde yar yerinde ýar berdin.

Yöne ýaryn sacyn yassyk edinip.

Yatmak gylygyna syganok merdin.


Dahana söz berdin waspyň diýere,

Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.

Dost kyn günüň gerek,duşmanam merdiň.

Şat günümde aglap biljek ajaýyp.


Saglyk berdini, duýgy berdiñ könlüme,

Dözdün meni gysyn aňzak ýeline.

Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,

In sonunda galam berdin elime.


Bu baglaryň göni, egri hatary,

Gülleriň, günleriniň müñ hili reñiki,

Adamlaryň sary aýralyklary,

Elwan duşuşygy-bary meniñiki.


Gije-gündiz galamymy oýnatdym,

Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.

Aşagyndan çykar ýaly dal eken,

Kän zat alan ekenim men durmuşdan.


Yöne neçün Mende kinän bar ýaly,

Berenleriň alýan ýuwaş-ýuwaşdan?

Ya-da onun bolmalysy şeýlemi?

Eýýäm aýra düşdüm niçe deñ-duşdan.


Atyñ eyerinde tans oýnaýyn,

Yolbars deý bowseýin odun halkasyn,

Köp zat berdim diýip gynama meni, Berenleriň üçin taňryýalkasyn.


Pursat ber, howlukma, Gyssama meni,

Alemgosaryña bir gas kakaryn.

Önümde ak kagyz, Elimde galam.

Menem bir gün bergilemden çykaryn!


@Gurbannazar Ezizow


Biri öwüt berdi...


Biri öwüt berdi: „Agras bol!“ diýip,

Agras boldum bilmän agraslyk çägin.

Biri diýdi:

„Beýdip dommarlyp ýörme,

Gülüp oýnap gezjek ýetginjek çagyň“.


Gezdim däli derýa ýaly owsunyp,

Bu bolşumam halamady käbiri.

Gulagyma çawuş çakdy ogrynça:

„Il gün näme diýer bolşuň nähili“.


Biri diýdi „Öz hakyňa kaýyl bol!“

Biri diýdi „Aç ölersiň beýitseň!“

Biri diýdi „Puluň guly bolmagyn!“

Biri diýdi „Puluň bilen beýik sen!“


Garaz, bir zat diýse özümden özge,

Sözlerne ynanyp , gamak deý gaýdym.

Adamlygyna sarpa goýup, kämahal.

Çem gelen adamy ýaşuly saýdym.


Bu gün ýürek diýär : „BU bolşuň gülkünç,

Öz ykbalyň özüň edin agyry“

... Men bu dünýä gudrat bolup inmedim,

Menem çig süýt emen adam ahyry.


Awtory - Muhammetmyrat Kömekow

9
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.