ayaz
02.11.2023 13:06

Dileg edeliň

Yürekden sygynyp Perwerdigäre.

Gelin musulmanlar dileg edeliň.

Ol kalba şypadyr, dertlere çäre.

Allaha sygynyp dileg edeliň.


Yurdumyz hemişe bolsun parahat.

Halkym gezsin iki dünye rahat.

Bagtly ýaşasyn her bir raýat.

Elmydama ýagsy dileg edeliň.


Kylsaň dileg köpdir ýagsydan yagşy.

Bolsun kalbymyz hem gabrymyz ýagty.

Alla dileglermiz bitirýän wagty.

Bir-birege ýagsy dileg edeliň.


Öňlerem diýenmiş bir goja dana.

Mal diýp azap berme amanat jana.

Jadygöýlik gerekmikä ynsana.

Oňa derek ýagsy dileg edeliň.


Dileg edin delil edip zähmeti.

Egsilmeýär Rehimlinin rehmeti.

Kalba salman waswaslygy,mähneti.

Ýagsy umytda ýagsy dileg edeliň.


Manysy ýokdur hiç sözi uzaltmaň.

Her dem ýatlaň Yaradany unutmaň.

Hem boş gaýtmaz Oňa golun uzadýan.

Gol uzadyp ýagşy dileg edeliň.

Gelin musulmanlar dileg edeliň.


Gerçeknazar Amannazarow

21
60
Miss_Minnosh❤️
2 Noýabr 2023
😍😍😍
ayaz
2 Noýabr 2023
@hommadowa,mmm dogry
ayaz
2 Noýabr 2023
@hommadowa, heh nätdinaý kewini geň gordülermikä😄😃😀
ayaz
2 Noýabr 2023
@hommadowa, hawwa kewin diýäs sona menzeýämi
ayaz
2 Noýabr 2023
@hommadowa, ýok gelinim jigsi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.