awadan
28.03.2025 14:26
Ir düşen bahar hekaýa 6-nji bölüm
Meniň ýerimden turaga-da: «Men çaga däl! Okuwçam däl! Men mekdebi bireýýäm gutardym. Özümem üç ýyl bäri pylan ýerde işläp ýörün» diýäýesim geldi. «Näme iş edýäň?» diýip soraýsa dagy pylan iş edýän diýer ýaly, aňymda özüme borluk kärjagazam agtardym. Hiç bolmanda onunjyda okaýan diýesim geldi. Emma nädip diýjek? Kimiň edil haýsy klasda okaýandygyny bilmese-de, mekdebiň okuwçylarynyň barysyna ol bäş barmagy ýaly belet ahyry. Şonuň üçinem men her näçe kynam bolsa:
— Dewýatym klasym… — diýip, dogrujamy aýtmly boldum. Bokurdagymy arçadym. Uly adamlaryňky ýaly elimi agzyma eltip, gysymyma üsgürindim.
Bolsa-da şondan soň Swetlana hiç hili sorag bermedi. Gaýtam şeýle bir ýumşajyk, şeýle bir mähirli aýasy bilen maňlaýymdan sypalap:
— Çego ty tak ýežişsýa? A? Nu-ka, podnimi golowu. Ty že uže mužçina, wzroslyý çelowek… — diýdi.
Diýen sözleriniň hemmesine düşündim. Edil turkmençä düşünişim ýaly düşündim. Şol iki agyz hoş söz meni göz açyp-ýumasy salymyň içinde oglanlykdan saýlady. Uly adamlaryň hataryna goşdy. Şonda men özümi ilkinji gezek çaga däl-de, bu dünýäniň ähli aladalaryna, ajysyna-süýjüsine hemmeler bilen deň derejede şärikli, hakyky adam hasap etdim. Ruhy taýdan kämilleşdim. Ýigit çykdym. Oba arasynda telpegini gyşyk geýip, gaýşarylyp gezýän jahyllar bilen egin deňleşdirip, bir köçeden ýöremäge özümi hakly-hukukly saýdym.
Birdenem Swetlananyň possujak dodaklary ýaňagymy daglap goýberdi. Soň ýene… Ondan soň ýene-de…. Ýene-de…
Bar zat edil düýşdäki ýaly boldy. Ýol açyldy. Men ýa, alla diýdim-de, özümi gyzyň gujagyna ýaňadandan okladym. Ýöne bu gezek başkym ýaly oglan bolup, çal beýni çaga bolup däl-de, kämil bolup, jahyl bolup okladym…
…Elbetde, şol döwürler deň-duşlarymyň ýanynda agzyboşluk edip aýdyşym ýaly: «Olam meni daşymdan söýüp ýör ekeni, bararyma garaşyp ýör ekeni» diýip, men siziň öňüňizde-hä ýalan sözläp biljek däl. Rastymy diýjek. Ol maňa öňden aşyk ekenimi, ýa baranymdan soň aşyk boldumy, ýa bolup oturyşyma dözmän, oglan göwnümi ýykmazlyk üçin göwnüm üzre agypmy, onçasyny biljek däl. Ony men şu çaka çenli özümem bilemok. Belki, Swetlananyň özem bilýän däldir. O hakda biziň aramyzda gürrüňem bolanok. Belki, bolmalam däldir. Belki, düşündirmek geregem däldir. Belki, bu bir mukaddes syrdyr, Belki, bu syr syrlygyna-da galmalydyr. Belki, şeýledir, belki-de, şeýle däldir, onçasyny bilemok. Men diňe Swetlananyň meni gara ýerden garbap alaga-da, gök asmana tarap uçuryp goýberenini bilýän. Başga zady bilemok.
Hawa, men şol gezek oglan bolup giren gapymdan jahyl bolup çykdym. Gögele bolup giren gujagymdan kämil bolup çykdym.
Ýöne hemme zat terligine, tämizligine galdy.
Hemme zat şol günüň ertesem, birigünem, soňky günem, soňkusy günem terligine galdy.
Men her gije gün ýaşyp, iňrik garalandan soň şol bir gelýänje çolaja ýollarym bilen aýlanyp, öwrülip, orta atylan ak aşyk ýaly obamyzyň ortarasynda agarypjyk oturan çaklaňja jaýyň gapysyndan barýardym. Gapyny eda bilen kakýardym. Iki gezek eşidilýän ýoňsuzja «şykyrdydan» soň bir sereden sähel gowrak açylan gapydan ýantaklap girýärdim. Girişim ýalam maňa garaşa-garaşa gözleri ýolumda galan mele gulpakly gyzyň gyzgyn gujagyna dolýardym.
Şondan soň uzynly gije men oňa obamyz, obamyzyň adamlary, gün-güzeranymyz, däp-dessurlarymyz, edim-goýumlarymyz hakda heziller edip gürrüň bererdim. Öz gezeginde olam dogduk mekany alyslarda galan Kuban sähralyklary, urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwürleri barada gürrüň bererdi. Kakasynyň uruşda, ejesiniň şähere bomba düşende ýogalandygyny, özünden uly gyz doganyny bolsa ýitirendigini, onuň niredediginden heniz-henizlerem bihabardygyny, ýöne tä, ömri ötinçä gözlejekdigini aýdyp ugranda bolsa gözlerinde ýaş görünerdi. Sähelçe wagtyň içinde öýden-öwzardan, ata-eneden, mähriban dogandan aýrylyp ýetim galandygy zerarly çagalar öýünde önüp-ösmeli bolandygy üçin gamlanardy. Birdenem başyny silkip goýbererdi-de:
Yzy bar ☘️
8
65
awadan
28.03.2025 07:57
Ir düşen bahar hekaýa 4-nji bölüm
Ak tam bolan ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: «Nawernoýe nado pozwat skoruýu…» diýdi. Gapa tarap topulandanam men ellerimi serdim-de: «Ni-i- -it!..» diýip jynssyz gygyrdym. Ol sakga durdy. Bärsine öwrüldi. Bir bökende ýanyma geldi. Gabat garşymda dikejegine çökdi. Bir elini dyzymyň üstünde goýdy-da, beýleki eliniň aýasy bilen maňlaýymy, duluklarymy elledi. Gözlerimiň içine çiňerilip-çiňerilip seretdi. Goltugymdaky guraly ýyldyrym çaltlygynda sogrup aldy-da, gözleriniň önüne eltdi. Diňe şondan son agyr howpdan sowulan adamyň süňňügowşaklygy bilen başyny aşak sallady-da: «Owf, slawa bogu…» diýip, ýaňadandan ýüzüme seretdi. Ýerinden turdy. «Ah, kak ty napugal menýa, a?» diýip üstüme egildi. Şonda onuň çözlengi saçlarynyň ujy ýene-de ýüzümi ýelpäp gitdi. Ýakymly zenan ysam burnuma urdy-da, süňňüme öňki gowuşgynlyga-da meňzeş bolmadyk, nähilidir bir nämälim, süýjümtik lezzetiň humary aralaşdy. Synalarym göz-göz bolup barýanam bolsa, göwrämiň bir ýerinde gurp göründi. Göwnüm galkdy. Ýüregim ersdi. Kuwwatlandym. Galpyldymam galdy. Häliden bäri duluklarymy «lap-lap» gyzdyryp, gabaklarymy ýerden götertmän duran agyr perde-de ýüzümden sypyrlan ýaly boldy. Galan ömrüme, zenan bilen ikiçäk galan pursatym, özümi nalajedeýin ýa batyrgaý alyp barjakdygymy kesgitleýji, aýgytly pursat geldi. Men ýa-ha tä çykyp gidýänçäm şu oturyşyma, ýere bakyp, çym-gyzyl bolup oturmalydym, ýa-da…
Men başymy galdyrdym. Henizem üstüme eglip duran Swetlananyň ýakasyndan görnüp duran ter mämelerine, ak alkymyna, kä ýeri jugra-jugra hal bolup duran tämiz boýnuna, gülgün öwsüp duran ýaňakla- ryna, dykyzja dyzlaryna, boldumly butlaryna, tekizje topuklaryna göz açyp-ýumasy salym syn edip oturdym-da, gyz tarapa ýyldyz deý süýnüp giden ýüregimiň ýelginine laňňa ýerimden galdym-da, sen-men ýok, boýnundan aslyşdym. Ululygy bolaýsa arakesme wagty «kişmiş» oýnaýan kiçijik, daşy rezin gatyşykly gytyksy, akja matadan edilen, gatyja pökgimizçe barly-ýokly, dykyzlygam bolubilse şonçarak, uçlary dürteripjik duran ter göwüsleri kükregime degendenem süňňüme henize çenli özume mälim bolmadyk, ýakymly agraslyk aralaşdy. Häliden bäri agzymdan çykara gelip duran ýüregimiň üsti süýjäp-süýjäp gitdi. Böwedi ýarylan sil ýaly endamymdan şaglap çykan derimi daş-töweregime seçelendirip durşuma Swetlananyň ýüzünden, gözünden emelsizlik bilen ogşadym. Birdenem egnimden biri çekäge-de: «Eý, nädip dursuň-e-eý…» diýen ýaly, «has-has» edip yza çekildim. Agyr düýşden oýanan ýaly, eden işime ökünip aşak bakdym. Utandym. Swetlananyň gözlerinden gizlenmek üçin ýüzümi iki ýana sypajaklatdym. Onuň hemişekileri ýaly: «Ah, ty huligan!…» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyraryna, eline ilen zady aýlap, bu ederini bilmez bikemal başymdan salaryna garaşdym. Bir bökende jaýdan çykyp, içl çöp-çalamdan doly garaňkylyga siňmek üçin, açyk duran penjirä tarap topuldym.
Emma gyz goýbermedi. Elimden şapba tutdy-da: «Sadis» diýdi. Oturdym. Özem oturdy. Aşak bakdy. Dodaklaryny dişläp uludan demini aldy. «Oý, ne mogu…» diýip, elleri bilen ýüzüni tutdy. Şeýdip ep-esli oturansoň usullyk bilen ýöräp gitdi-de, «şykyrt» etdirip daşky gapyny içinden ildirdi. Gelip äpişgäni ýapdy. Tutusyny çekdi. Soň ýene-de ýanyma geldi. Gapdalymda oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Dermanyň ysy gelip duran ýumşajyk, mähirli elleri bilen ýene-de başymy sypalady. Maňlaýyma düşüp duran saçlarymy barmaklary bilen darap, yzyna gaňtardy. Süýem barmagynyň uçjagazlaryny ýaňy bir garalyp ugran murtjagazymyň üstünden ýöredibem bir enaýy owaz bilen:
— Na kakom klasse ty uçişsýa, malçik?.. — diýdi.
Bu sorag maňa: «Sen kim, men kim? Hetdiňi tanasaň bolmadymy?» diýen manyda eşidildi. Göwnüme şol wagt Amanguly dükançy gapydan giräge-de, goltugyndan bir çüýşe «şampan» çykaryp stoluň üstünde goýaýjak ýaly, birdenem maňa gözi düşup: «Ehe-he-ýeý, bujagazy» diýip, hahahaýlaberjek ýaly bolup duýuldy. Meniň şu bolup oturyşym hakdaky gülkuli gürrüňler bilen, Sylap şopuryň oba adamlaryny, Hy- dyrguly mugallymyň mugallymlary gülüşdirip durşy göz öňüme gelende bolsa, öňkümdenem beter aljyradym.
Yzy bar ☘️
10
87
awadan
27.03.2025 17:25
Ir düşen bahar hekaýa 5-nji bölüm
janymy alyp barýan derdeseriň basymrak başymdan sowulmagyny, bar zadyň basymrak birýüzli bolaryny islesem, bir-de entek abraý atly ak donum egnimden gaçmanka, bu melamatly gapydan basymrak arany açmaklygy, özümi tüm garaňkylygyň içine urup, gelen yzyma tarap ýok bolup gitmekligi küýsedim. «Ýok bolubilseýdir, ýok bolubilseýdir» diýen duýgynyň beýnimde ala-zenzele turuzýanam, dilkaw-dilkaw ýiti şöhleleriň göz öňümde iki ýana «ýalp» berýänem edil häzirki ýaly ýadyma düşýär…
Birdenem…
Birdenem gapynyň açar sokulýany «şykyrt-şykyrt» etdi. Men ogurlykda tutulan ýaly töweregims garanjakladym. Gaçmaga synanyşdym. Ýüregim agyr-agyr sarsdy. Gözlerimiň öňündäki şöhleler ýok bolup, onuň ornuny tümgaraňkylyk eýeländenem, gapy bir garyş ýaly açyldy-da, yşyndan bir tutam tylla deý sary saç göründi. Ergenekden ýapyşyp duran elimiň ysgyny gaçdy. Jaýyň içine tarap agyp gaýdybermekden gorkup, sag elimem söýä diredim. Oňa çenli gapy ýene-de birazrak açyldy-da, bulutdan çykan aý ýaly bolup, Swetlananyň sary erik deý menzi göründi. Maňa gözi düşenden olam birhili boldy. Bir zatlar diýjek bolýan ýaly dodaklaryny gymyldatdy. Boýnuny burup gözlerini gypyrjyklatdy… Eli bilen ýarym açyk ýakasyny ýapdy. Ýene-de oglanlar bolup bezzatlyk edýän bolaýmasynlar diýendir-dä… Ökjesini galdyryp egnim üstaşyry köçä seretdi. Şondan soň süýjümtik bir nazar bilen ýüzüme ýaňadandan bakdy. Üstümden gülenem bolsa bilemok, çalaja ýylgyrdy. Ýöne sesini çykarmady. Duruberdi işige söýendi-de. Agşamyň sergin şemaly degende çözlengi saçlarynyň galgap-galgap gidişi, uçlarynyň ilki meniň ýüzümi sypalap, soňam derçirän ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşişi, onam barmaklarynyň ujy bilen sylypjyk goýberişi ýa dodajygyny şo tarapa gyşardyp üfläpjik goýberişi welin, halys janymy alyp barýar. Ýüregim eräp, göwräm ýanan şem ýaly ýere siňip barýar.Bu bolup durşum Swetlananam juda geň galdyran bora çemeli. Çünki, göwnüme bolmasa, ol gözlerini tegeledi-de: «Ty çto, wypil çto li?» diýäýen ýalam bolup dur.
Ahyram, sypjyrygy bireýýämler bitip giden barmagymy çommaldanymy çalaja bilýän. Içerik nädip girenimi, derman çalynýan ýere nädip baranymy, jygyldawuk stuluň üstüne nädip çökenimi welin bilemok.
Bir görsem barmagym saralgy. Penjiräniň öňünde bolsa onluk çyra ýanyp dur. Meniň gije-gündiz arzuw edip, ýetibilmän ýören Swetlanam bolsa, gabat garşymda, şol bir mähriban bakyşy bilen, şol bir enaýy ýylgyryşy bilen ýüzüme seredip otyr.
«Nämüçin geldin?» diýip welin sorýaýanok. Gykylygam ediberenok. Şoňa-da şükür edip otyryn. Turup ötägidiberere bolsa gurbum çatanok. Gepläbereýin diýsem bolsa dil bilemok. Öňküje, däljikläp diýýän zatlarymyzy bolsa diýesim gelenok. Çünki men bu wagt bu ýere «üç günluk sprawka» üçin ýa iki barmak «naprawleniýe» almak üçin gelemok. Bu wagt meniň niýetim, küýüm başga. Hydyrguly mugallymyň sapak wagty aýdyşy ýaly,programmam» başga. Halys aljyrap oturyşyma onuň: «Tur! Ýok bol! Göteril şu taýdan!..» diýip gygyraryny, ýeňsämden südenekledip, jaýdan çykararyny isledim. Emma ondan ojagaz tamamam çykmady. Gaýtam oty-yr, possujak elleri bilen käte bir ýumşajyk ýaňaklaryny sypalap.
Uçursyz kyn güne düşdüm. Birdenem tutuş göwräm bilen galdyrap başladym. Tomsuň günüdigine garamazdan, inim üşütdi. Tikeçlerim biri-birine degip, agzymyň içinde ala-şakyrdy turuzdy. Gezek-gezegine ýere degip, otagyň içinde tozan baryny turuzýan aýaklarymy saklajak bolup, aýalarym bilen iki dyzymyň üstünden basyp oturyşyma gözlerimi agdar-düňder edip Swetlananyň ýüzüne seretdim. Ol meniň halymy ýaňy aňan ýaly garbap goşarymdan tutdy. Tutuşy ýalam syçrap ýerinden turdy. Ýüzüni ak tam edip iki ýana garanjaklady.
— Bože moý, ty že bolen!.. — diýip pyşyrdady-da, elimden tutup şähere gitmedik günleri ýatyp-turýan insizje, törki jaýyna geçirdi. Üsti ak mata bilen örtülgi ýaýly krowadyň üstünde oturdyp, goltugyma gyzgyn ölçenýän guralyny gysdyrdy. Ýaraman, delalat isläp gelen adama betgüman bolandygy üçin öz-özünden utanýan ýaly suýem barmagyny dişläp, iki ýana keýerjekledi. Ylgap gidip bir bulgur suw getirdi. Içirdi.
Dowamy bar ☘️
8
79
awadan
27.03.2025 13:36
Ir düşen bahar hekaýa 3-nji bölüm
Biz diňe mekdep ýyllarymyzyň çaltrak tamamlanaryna, özümiziň basymrak ýigit çykarymyza, Swetlana bilen yşk hakda sözleşere, onuň bilen tirkeşip, boýnumyz galstukly şähere gidere, Amanguly dükançy ýaly günortanaralar goltugymyz «şampanly» öýüne girip, agşamaralar ýüzümizi ýelpäp çykyp gidere ygtyýar berýän şol, elýetmez ýyllaryň, kämillik günlerimiziň, goý, gohly-galmagally bolsa bolsun — ýigitlik ýyllarymyzyň basymrak gelip ýeterine howlukýardyk. Ejelerimiziň bizi ondan üç ýyl, dört ýyl soň dogurandygy üçin, oturyp-oturyp ahmyr çekerdik.
Asmandan uçup barýan, boýny uzyn durnalar deý, gaty alysda görünýän şol, arzyly ýyllaryň gelerine, göwnüme bolmasa men has beterräk howlukýan ýalydym. Özümiň eýýämhaçan yşk deňzi içre ýüzüp ýörendigimden bihabar, şol arzyly ýyllar hakynda men has köpräk pikir edýän ýalydym.
Medpunkta gatnaý-gatnaý getirýän sprawkalarymdan ýaňa klas žurnalynyň galňap gidendigine garamazdan, okuwdan çykdygym ýene-de şol dermanyň ysy kükäp duran jaýa tarap ýönelenimi bilmän galýardym.
Belki, şonuň üçindir, soňabaka men Swetlanany ýeke bir Amanguly dükançydan, Sylap şopurdan ýa Hydyrguly mugallymdan däl, yşk derdini özüm bilen deň-derman çekişip ýören deň-duşlarymdanam gabanyp ugradym. Olaryň birinden-biri Swetlana barada sähelçejik gyşyk gürrüň edäýse-de, ýaka tutuşmakdanam gaýtmadym. Üýşmeleňlerine-de barmadym. Oduna gitmämem, ot ýygmamam goýdum. Men edil gözüniň alnynda ýatan haýsydyr bir gerekli zadyny tapman, kösenip ýören huşy kem adam ýaly, obamyzyň ortarasyndaky medpunktdan gije-gündiz girip-çykyp ýören mele gulpakly gyzy gözläp kösenýärdim. Aldajy ýaly algyr hyjuwyň derdinden gijeler tä daňdana çenli uklap bilmän, iki ýana gorsanyplar çykýardym.Meniň bu bolup ýörşüme dözmän, deň-duşlarym Swetlanadan el göterdiler. Galamlaryny çommaldyşyp ýene-de edil öňküleri ýaly oba gyzlaryna hat ýazmaga başladylar.
Göwnüme bolmasa, Sylap şopur, Amanguly dükançy, Hydyrguly mugallym baradaky gürrüňlerem ýatyşan ýaly boldy.
Men bolsam sypyndygym medpunkta tarap ylgardym. Öňkülerim ýaly ýoldaşlarym bilen däl-de, ýekebara-da baryberdim. Bardygymsaýam Swetlananyň öňünde özümi oňaýsyz duýup başladym. Gitdigiçe-de sussum peseldi. «O ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa» diýe-diýe, soňabaka agyrýa diýere ýerim galmady. Üstesine bilýänje sözlerimem gutardy. Her gezek barşym ýaly jygyldawuk stuluň üstünde çöküp näme diýjegimi bilmän, gultunyp oturmakdan başga alajym galmady. Swetlananyň käte bir berýän sowallaryna «da» ýa-da «nit» diýmäge-de göwrämde kuwwat tapylmady.
Içki harasadymdan bihabar o-da gaýtam: «Çto s toboý sluçilos? Ty že byl şustrim parnem…» diýip ýaramyň üstüne duz guýýar. Öňkimdenem beter kyn güne salýar. Adam pahyr çekinýäniňi, utanýanyňy bildirmejek boldugyňsaýy öňkiňdenem beter bulaşar ekeniň. Sesiňem, edýän hereketiňem, özüňki bolmaz ekeni.
Hawa, gün-günden güýjäp barýan ýigitlik hyjuwy meni edil tüweleýiň içine düşen ýeňiljek sypal deý gaýdyryp, pyrlandyryp, soňabaka bimahal çaglaram, gijede-girimde-de medpunktuň gapysyndan eltiberdi. Penjiresine-de golaýladyberdi. (Swetlana medpunktuň içinde ýaşaýardy hem. Diňe ertir dynç güni diýlende şähere ýatymlyk gidýärdi.) Süýem barmagymyň tirsegi aýna degjek-degjek boluberende-de, heniz süňňümden doly çykyp ýetişmedik çaga çekinjeňligi ýeňimden çekip, elimi usullyk bilen aşak salladýardy.
Şol iki güýjüň arasynda aýylganç, ýowuz göreş gidýärdi. Ikisiniň arasyndaky barha ulalyp barýan äpet ýalyn bolsa meni ýakyp-ýandyryp, alyp barýardy.Ahyram ýigitlik hyjuwy rüstem geldi.
…Ýadyma düşýär, iňrik ýaňy garalyp ugran çaglary öýden çykdym-da, göze ilmezlik üçin çolarak ýerler bilen aýlanyp, öwrülip, medpunkta bardym. Gapa egnimi ýaplap uludan demimi aldym. Sag ýumrugymy düwdüm-de, süýem barmagymyň tirsegini gapa golaýlatdym. Birdenem ýüregim çalt-çalt urup başlady. Elimi yzyna çekdim. Soň ýene golaýlatdym. Ýene çekdim. Ahyram çep elim bilen işigiň ergeneginden berk ýapyşdym-da, ysgynsyzlyk bilen gapyny kakdym. Gulagymy goýup diňşirgendim. Ýuwdundym. Bir gelen ýoluma, birem gapa tarap delmuryp durşuma bir-de gapynyň çaltrak açylyp,
Yzy bar...
10
103
awadan
25.03.2025 12:19
Ir düşen bahar hekaýa 2-nji bölüm
Sylap şopurdan, Hydyrguly mugallymdan, Amanguly dükançydan welin, Swetlanany hemmämizem bilelikde gabanýardyk. «Şu gün günortanaralar Amanguly goltugy «şampanly» Swetlananyň jaýyna girip, agşama çen çykmandyr…», «Düýn öýlän Sylap şopur lökgesi bilen Swetlanany skwažina suwa düşürmäge äkidipdir», «Hydyrguly mugallym ýoluň ortarasynda dugtor gyz bilen iki sagat dagy gürrüňle- şip durupdyr» diýen ýaly çyndygy ýa ýalandygy näbelli ýakymsyz gürrüňler gulagymyza degende dagy, gahardan ýaňa bir ýarylybilemzokdyk. Biziň päk duýgularymyzy basgylap, şeýdip ýörendigi üçin Swetlanadan kine-de ederdik. Öz ýanymyzdan öýkelärdigem. Ýöne, ertesi sanjym üçin ýa gözumize derman guýmak üçin mekdebe baraýsa welin, ähli öýke-kinelerimizi unudardyk-da, sesimizi ýognaldybraga-da:
— Drasdy… — diýşerdik.
O-da ýylgyraga-da:
— Zdrawstwuýte, rebýata… — diýerdi. Käte bolsa: — Ne drasty, a zdrawstwuýte… — diýip, ýalnyşymyzy düzederdi.
Elbetde, onuň bilen içgin-içgin gürleşibermäge päsgel berýän esasy zadyň ýene birem — biziň rusça bilmeýändigimizdi. Onuň öz-ä türkmençäni tekiz bilenokdy. Şonuň üçinem ýeke biz däl, oba adamlarynyň hemmesem onuň bilen başardyklaryndan rusça gürleşerdiler. Aýallar-a oňa «bajy» diýip ýüzlenerdiler, erkek adamlar bolsa, hatda arabakeş Eziz aga çenli «dewuşka» diýip ýüzlenerdiler. Biz welin çat manlaýyna geçäge-de buýsanç bilen «Swetlana» diýerdik. Ýalan-ýaşryk, müň dürli bahanalar bilen medpunkta baran mahallarymyzam: «Galawa balyt, oçen balyt», «Žiwot balyt, sapsim balyt, dawaý yspyrawka» diýen ýaly şol bir lenç eden sözlerimizden başga diýere zat tapman buruljyrar oturardyk. Kä wagtam: «Swetlana, mana, ine angina» diýip agzymyzy açardyk-da, bokurdagymyzyň diwarlaryny iç ýüzünden biri-birine berk gysardyk. Şonda ol käte-hä: «Aý-ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý, kak že tak možno» diýip başyny ýaýkardy-da, üç günlük sprawkajyk bilen dermana hat ýazyp bererdi, käte-de bokurdagymyza çemçäniň sapyny sokaga-da, içini çekip: «Oý-ýoý-ýo-oý, oý-ýoý-ýo-oý, pridýotsýa napisat naprawleniýe gorodskomu polikliniku» diýerdi. Şonda biz zöwwe ýerimizden galardyk-da: «Ni-i-it!.. Ny nada!.. Naprawlenny gorot ny nada! Ýa twaýa ammanul…» diýip gygyryşardyk. «Ah, wy huligany…» diýip, eli demir çemçeli gyzarypjyk duran gyzyň goltugynyň aşagyndan sowulyp geçerdik-de, zymdyrylyp köçä çykardyk. Äpişgeden gelibem: «Daswydanýa pajalysta!..» diýşip, elimizi bulaýlardyk.
Şol gije ýene-de ählije gürrüňlerimiz Swetlana hakynda bolardy.
Amanguly dükançyny, Sylap şopury üýşüp urmak barada, gaýdyp olary Swetlananyň gapysyndan barmaz ýaly etmek barada, gerek bolsa gijelerine gezek-gezegine gapysyny garawullamak barada maslahatlaşýan gezeklerimizem bolýardy. Ýöne birimizden-birimiziň baryp şolaryň haýsydyr biriniň ýakasyndan tutany ýa Swetlana barada iki agyz pert-pert gepleşeni-hä ýadyma düşenok. Onsoňam nämüçindir şu meselede biz Hydyrguly mugallymy beýleki ikisine goşmaýardyk… Belki, onuň bu işe beýleki ikisi ýaly bäş günlük keýp üçin däl-de, çagşap galan öýüni dikeltmek üçin, maşgala edinmek üçin, garaçyny bilen ak ýüregi bilen ýapyşýandygy üçindir? Belki-de, bilim berýän mugallymymyz bolandygy üçindir? Belki!.. Kim bilýär…
…Onsoňam barybir, biziň barymyzam Swetlananyň biziňki däldigini, biziň elýeterimizden onuň has uzagrakdadygyny bilýärdik. Hatda biz ol ýowuz hakykata kaýyldygam.
Yzyny goyayynmy gyzyklymy??
13
98
awadan
25.03.2025 09:05
Ir düşen bahar hekaýa 1-nji bölüm
…Meniň «biz» diýýänim — klasdaşlarym. Klasdaş oglanlarym.
Ine, onsoň biz sapaga taýýarlanjak bahanasy bilen, her agşam birimiziňkide üýşerdik-de, oglanlygyň çüýşe deý dury, kir-kimirsiz tämiz asmany bilen hemişelik hoşlaşýandygymyzdan, ýigitligiň galagoply, köp-köp garamatlardan doly haý-haýly ýyllaryna golaýlaşýandygymyzdan bihabar, elimiz kagyz-galamly, pelteli çyranyň daşyna egrilişip oturyşymyza edil, ertir ot ýygmak üçin haýsy käle gitsek gowy boljakdygy ýa tamdyr oduny ilerki gumuň niresinden ýygsak has amatlyrak boljakdygy barada maslahatlaşyşymyz ýaly, haýsymyzyň haýsy gyza hat bermelidigimiz barada, kimiň kime has ky- bapdaşyrakdygy, has ylaýygrakdygy barada maslahatlaşardyk. Belli bir netijä gelibilmänem dagaşardyk. Bu aýgytly meseläniň gutarnykly çözgüdini her gezek ertire, birigüne goýardyk. Hamala özümizi agyr melamatdan alyp galýandygymyz üçin begenýän ýaly, biri-birimiziň ýüzümize seredişip, demimizi uludan alardyk.
Ýöne, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary bir örüm edilip sagrysyndan goýberilen, asman bilen reňkdeş päkize gözlerinden yşk nury saçylyp duran Swetlana atly gyzyň obamyzdaky medpunkta işe gelmegi bilen, biziň ojagaz gürrüňlerimiziň hörpi düýbünden üýtgedi. Öz oba gyzlarymyz hakyndaky süýji-süýji gürrüňleriň ornuny Swetlananyň owadanlygy, päkizeligi, golaýyndan geçeniňde üstünden burk urýan ýakymly ysyň başyňy aýlap, enter-pelegiňi öwrüp barşy, eýýämhaçan Swetlananyň daşynda pyr-pyr aýlanyp ýören Sylap şopuryň aýdyşy ýaly, nädeniňde onuň çep goltugyndan girip, sag goltugyndan çykyp boljakdygy baradaky gürrüňler eýeledi…
Şol gürrüňleriň arasyna böwşeňlik düşdügem, haýsymyzyň Swetlana has mynasypdygymyzy herimiz öz ýanymyzdan kesgitlemekçi bolýan ýaly, biri-birimiziň ýüzümize assyrynlyk bilen seredişerdik. «Ine, biz, haýsymyzy saýlasaň saýla» diýiläýende Swetlananyň haýsymyzy saýlap tutjakdygy barada oýlanardyk. Meniň aňlyşyma görä, herimizem öz ýanymyzdan onuň diňe özümizi saýlap tutjakdygyna ýüregimiz bilen ynanardyk. Özümizden beýlekileriň «göreş meýdanyny» meýletinlik bilen taşlap gidibermeýändigine diýseň geň galardyk Şeýle-de bolsa biri-birimize syr bildirmezdik.
Ýöne biziň barymyzy edil, çapyp barýan atyň ýüzüne urlan ýaly edýän başga bir zat bardy. O-da başlygyň lökgesini sürýän Sylap şopuryň bize görä has dilewarlygam, Swetlananyň ýanyna goltugy sowgatly gün yrman şäherden gatnaýan dükançy Amangulynyň bize görä pulluraklygam, ýa bolmasa birki ýyllykda aýaly ýogalan Hydyrguly mugallymyň rus dili mugallymamyz Natalýa Nikolaýewna öýlenjek bolup oda-köze düşüşi ýaly, Swetlananyňam daşynda pelesaň urubererinden dörän gorkam däl-de, Swetlananyň bizden üç-dört ýaş ululygydy.
Daş gulakdan eşidişimize görä ol ýedinjiden soň meduçilişşäni gutarypdyr-da, göni şu ýere işe gaýdypdyr. Gaýdypdyr däl-de, şo döwürlerde ýoň bolşy ýaly iberilipdir. Iberilen ýeriňden bolsa, iki ýyl işlemän gitmek bolanokmyşyn. Ýogsam gelen günleri yssa çydaman, raýon keselhanasynyň baş wraçy Gurbanaly aganyň kabinetinde üç sagat dagy aglanmyşynam, «dat, men ýanar oduň içine düşdüm, yzyma gitjek» diýip.
Şol gürrüňleri eşidip bizem bir oturýardyk — ýaşymyzy hasaplap, bir oturýardyk — barybir onuň biz ýetişýänçäk obamyzy terk edip gitjekdigini ýa ekabyrrak ýigitleriň birine «ýal» boljakdygyny ýatlap… «Wah, arman, kakam aldyrmaz, ýogsam-a…» diýip, içimizde tä, dargaşýançak içini tutup gözlerini ýaşardyp oturýanymyzam, bardy-geldi bagty işläp Swetlana öýlenäýse dagy gaýynlarynyňka baryp gelmek uçin näçerek ýol geçmeli boljakdygyny masştab boýunça hasaplaý-hasaplaý, ahyram gara der bolan maňlaýyny SSSR-iň syýasy kartasyna diräp uklap galýanymyzam bardy.
Dowamy bar ☘️
12
127
awadan
24.03.2025 16:06
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa Soñy
— …Ýok, ýok, men senden hiç zady gaty göremok, jigim… Hijiňizdenem gaty göremok… Öz maňlaýymdan görýän. Baryp-ha mekdepde okaýarkagam bilýärdim-ä, men seniň çaga kalbyňy kimiň eýeländigini. Ýöne onuňam seni gowy görýändigini welin, bilmendirin… Bilen bolsam… …Seniň beýle tükeniksiz derde uçranyňy soň bildim… Ýok, in sonky gezek däl? Ilki başda, adamyň bilen aýrylyşyp Aşgabada baran günüň bildim… Ýöne Tawus kine edýändir öýdüp özüňi horlamagynyň, jigim… bu durmuşdyr bi… — diýýän sesleri üzlem-saplam gulagyma ildi.
Men gürrüňlerini eşidenligimi bildirmezlik üçin yza çekildim. Ardynjyradym. Ýuwaşlyk bilen bardym-da, Seýrany ejesiniň gapdalynda oturtdym. Gyzjagazyny gujagyna berdim. Aňyrsy görnüp duran aýalary bilen jüýjejikleriniň arka-boýnuny sypalaşdyryp, gözüne ýaş aýlap ýatyşyna, Tawus gurak-gurak ýuwdunyp:
— Wah, ysjagazyňyzdan aýlanaýyn… — diýdi. Çalaja iňledi. Bokurdagy dolup esli mahal sesini çykarmady. Mahal-mahal Mähriniň ýüzüne naýynjar seretdi. Birdenem Mähriniň boýnundan asyldy-da, telim wagt bäri hut şu sözleri aýtmak üçin garaşyp ýatan ýaly, inçeden uzyn, zaryn bir owaz bilen: — Çagajyklarymy hiç kime beräýmegin! Özüň eýelik etginiň… — diýdi.
Bu onuň: «Şu gapydan uzagyndan girip-çykmak nesibämde ýok ekeni, jan dogan. Gitmeli boldum. Seniň yhlasyň zor çykdy. Seňki çyn bolup çykdy. Men bu öýde ötegçi ekenim, myhman ekenim, bu öýüň hakyky eýesi sen ekeniň! Öň bir ýalnyşlyk bolupdyr, ine, indi o-da düzeldi. Men gidemsoň şu içerä, çagajyklaryma özüň eýelik et. Öý eýesiniň başy ýaş. Barybir, bu öý boş durmaz. Her niçik bolsa-da, sen meniň dözmezimsiň, gyýmazymsyň. Ynjytmaga gözleriň gyýmaz. Şu meniň senden iň soňky haýyşym şu, doganjygym» diýdigidi.
Bu panydan-bakyýa tarap ugran, ajal kerwenine ýük uran ýolagçynyň iň soňky haýyşydy.
Tebigatyň öz kanuny bar. Biz oňa emr edip bilmeýäris. Tawus gitdi. Iki sany gül ysly eýjejik çagany özünden nyşan goýup, dünýeden ötdi.
Şolaryň hatyrasyna okuwynam taşlady-da, Mähri gyzymyz Gülälejigi, oglumyz Seýran jany edil öz bagryndan önen perzendi ýaly edip saklady. El süýdüni berip ulaltdy. Edil Tawusyň sargap gidişi ýaly çagalaryma ene, özüme ýanýoldaş boldy. Obamyzda açylan keselhana işe ýerleşdi.
Ýyllar geçdi. Çagalar ulalyşyp, ajy aýralygyň ýüreklere salan yzasam kem-kemden köşeşdi. Aýrylyşdy. Mähridenem iki sany oguljygymyz boldy. Näbelet adamlar olary Seýran bilen Gülälekden känbir tapawutlandyrybam bilenoklar.
Görer göze hemme zadymyz düz, durmuşda hiç hili kemçiligimiz ýok ýaly.
Emma käte-käte oturyp pikir edýän welin, göwnüme bolmasa, Tawus biçäre Mähri ikimiziň otdan-da beter ýakyp barýan gyzgyn söýgümiziň howruna döz gelibilmän, bizi bagtyýar etmek üçin, hut öz erkine aramyzdan sogrulyp giden ýaly, öz ornuny Mährä, hakykatdanam, meýletinlik bilen beren ýaly bolup dur.
Muny ýeke men däl, Mährem duýýar. Ol hem öz uýasynyň bagtyny onuň elinden öz eli bilenjik gaňryp alan ýaly, onuň bu dünýäniň salkyn şemalyndan şeýle ir mahrum bolmagyna hut özi sebäpkär bolan ýaly gije-gündiz ýanyp-bişip ýör. Oýlanýar. Ölçeýär. Pikir edýär. Öz ýüzünden, mähriban ejeleriniň keşbini gözleýän ýaly gözlerine dikanlap-dikanlap, ahyram uludan demlerini alşyp turup gidýän Seýran jan bilen Gülälejegime seredip gözlerine ýaş aýlaýar. Ejir çekýär. Hut şol çagajyklaryň hatyrasy üçinem, bir tarapy ýegşerilen bu horaşaja içeriniň keşigini çekip ýör.
Howwa, diňe şolaryň hatyrasy üçin. Çünki Tawusyň keç ykbalynyň hasabyna gurnalan, birmahallar bizin ikimiz üçinem elýetmez bolup görnen bu durmuşyň indi biziň üçin hiç hili mazasy ýok. Öýüň içindäki her bir zat bize Tawusy, onuň gysga ömrüni, pes pälini, belent mertebesini, adamkärçiligini ýatladyp dur.
Inçe duýgularymyzyň ugruna gidip, edip ýören şol gödeňsi hereketlerimiziň barysynyňam, hut şu hasratly günleri golaýlaşdyrmak üçin ekendigi barada oýlananymda welin, Tawus görgüli henizem sesini çykarman, bir burçda ýüzüme seredip oturan ýaly, onuň belent mertebesiniň öňünde müýnürgeýän, arassa, päk ruhunyň öňünde müň mertebe ötünç soraýan.
Soñy
9
135
awadan
23.03.2025 19:17
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 11- nji bölüm
Şolar ýaly agyr ýüki hem horja gerdenleri bilen täk özüniň çekip-çydap bilendigi üçin gujur-gaýratyna, adamkärçiligine sarpa goýdum. Öz-özümi ýigrendim. Näletledim. Omalak-çomalak edip öňümden çykan oguljygymy gujagyma gysdym. Ýaňajyklaryndan öpdüm. Ejem bilen, jigilerim bilen howul-hara salamlaşdym, düýn öýlän egnimden uçan Tawus guşumy, ömri bilen ömrümi dowam etdirjek jigerbendimi başga gapydan däl-de, öz umytly ojagymyň gapysyndan tapandygym üçin hudaýa ýüz-müň şükür etdim-de, alty aýlyk ýoldan aşyp gelen argyn argyşçy ýaly özümi kölegede ýazylan keçäniň ustüne goýberdim.
Men indi arkaýyn. Hemme zat ýerinde. Uly-il ýaly, menem ýene-de deňli-derejeli adam. Meniňem maşgala ýerinde maşgalam, öý ýerinde öýüm, ogul, ýerinde oglum bar.
Irden turup sagyma seretsem — ulymy görerin, soluma seretsem — kiçimi.
Şu zatlar uçin men diňe Tawusa minnetdar. Ölinçäm hyzmatyny etsem-de, eziz balasynyň, mukaddes ojagynyň, arassa içerisiniň hatyrasyna şeýle agyr gussany gursagynda göterip ýören bu belent ýürekli zenanyň öňündäki borçdan çykyp bilmejegim çyn. Şondan soň durmuş ýene-de öňki akymy bilen akyp ugrady. Oba göçüp geldik. Bolup geçen wakalar hakynda, Mähri hakynda Tawus ikimizem başardygymyzdan dil ýarmazlyga çalyşdyk. Mährem gaýdyp gara bermedi. Kanikul döwürleri işe girdim bahanasy bilen oba-da gelmedi. Geläýse-de, biziňkä gelmedi. Tawusam ol bar wagty öýlerine gitmänini kem görmedi. Biziň garrylarymyzam, Tawusyň hossarlaram bu ýagdaýy iki uýanyň arasyna düşen bolgusyz öýkeleşikdir öýtdüler. Seýran jan ýaňy bir üç tigirlije welosiped sürmäge ýaran wagtlaram gyzjagazymyz boldy, Adyna Gulälek dakdyk. Birdenem şo-ol, köne keseli gozgady-da, Tawus ýene-de tapyr-tupur ýykyldy. Özem bu gezek çyny bilen ýykyldy. Haly erbetleşdi. Egbarlady. Keselhanadan-keselhana, dogtordan-dogtora ylgadym. Bolmady. Ahyram tapdan düşen ezizimi gollarymda göterip öýe getirdim. Bir gysym bolan göwresini düşegiň üstünde emaý bilen goýanymda saklanyp bilmedim. Ol şonda Aşgabatdan göçüp baralymyz bäri birinji gezek gözlerime seretdi-de, horja barmaklaryny titredip gözlerimi süpürdi.
— Goý, aglama… — diýdi. Çagajyklaryny sorady. Hersini bir tarapynda oturdyp başjagazlaryny sypalady. Ýeke-ýeke ogşady. Soň maňa seredip ysgynsyz ýylgyrdy-da, şondan artyk oturara mejaly ýetmän özüni düşege goýberdi.
Çagajyklarymdan, aýalymdan gözýaşymy gizläp, aralarynda çök düşüp oturyşyma: «Durmuşyňy öz eliň bilen bozjak bolup, gudurap ýörmek geregem däl ekeni. Wagty gelse o zatlary ýowuz tebigatyň özi bizden soraşmanam etjek ekeni…» diýip oýlandym. Tawusyň bar güýjüni Mähri ikimiziň beren ezýetlerimize sarp edendigini göwnüme getirip, özümi jenaýatkär duýdum.
…Bir günem ol meni ýanyna çagyrdy-da, halys ysgyndan gaçan inçejik sesi bilen:
— Mährini çagyr… Görüp bir galaýyn… — diýdi.
Her näçe kyn düşse-de, habar etdim. Emma geler öýtmedim. Aradan üç-dört gün geçdem welin, gapy açyldy-da, burnuma tanyş, ýakymly ys urdy. Başymy galdyrdym. Mähri! Durky bilen titräp, aglap dur. Eginleri silkinýär. Iki elem ýüzünde. Men ýerimden turdum.
— Gel, geç, Mähri. Ine, şujagaz ýere geçäý… – diýdim-de, hassanyň ýanyndan ýer görkezdim. Öz sesimi welin, özüm tanamadym.
Hossarynyň gelenini duýandan, Tawus ýumulgy gözlerini zordan açdy. Inçejik gollaryny göterip, gujagyny gerdi.
Mähri:
— Waý, doganjygym!.. — diýip, ulili bilen gygyrdy-da, özüni uýasynyň üstüne oklady. Reňki öçen ýüzüni bagryna basyp aglady.
— Ahyry geldiňmi jigim? Geler-geler diýip, gözlerim ýoluňda galdy — diýdi-de, gurbunyň çatdygyna görä, Tawusam aglady.
Olaryň aglaşyp oturyşlaryny görüp Seýranam aglady. Heniz mana düşmeýänem bolsa, bir çetde däbşenekläp ýatan gyzjagazymyzam aglady. Men Seýranyň elinden tutdum-da, Gülälegi goluma alyp daş çykdym. Aýlaň-çaýlaň etdim. Goňşy-golamlar bilen gümür-ýamyr etdim. Ynjalman ýene-de yzyma dolandym. Bosagadan ätlänimdenem Tawusyň:
Dowamy bar ☘️
12
122
awadan
23.03.2025 15:27
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 10-nji bölüm
Begenipdim. Ýalňyşandygyma, ters ýola duşendigime, oturan bir parahat dunýäni gowgaýa salandygyma, ine, şumatjyk seniň aldyranyň bar ýaly bolup öýden çykyp giden pursadyň düşündim. Seniň ýürek tarlaryňyň diňe şol iki ynsanyň ýürek tarlaryna baglydygyna, ony hiç bir güýjüň ýolup bilmejekdigine, ýoljak bolmaklygyň bolsa dünýäde iň bir aýylganç günäleriň biridigine, ikimiziň bu bolup ýörşümiziň bolsa häki bir, dunýäniň gül-abadan wagty, ediläýýän messepsizlikdigine düşündim. Ýeri gelende, maşgala, öý-öwzar, çaga diýlen zadyň ornuny hiç bir zadyň, hatda bir gezek ýitirilip, ikinji gezek tapylan ilkinji söýgüniňem tutup bilmejekdigine göz ýetirdim.
Şol iki ynsanyň ornuny men-ä däl, hatda ataň-eneň hem tutup bilmejekdigine-de, ata üçin — çaganyň, bala üçin — atanyň, goç ýigit üçin arassa öýüň nämedigine-de, bir abat öýi bozmaklygyň nähili el- hençdigine-de göz ýetirdim. Şonuň üçinem gidýän. Meniň günäm uly. Günämi boýnuma alýaryn. Ýöne seniňem günäň uludyr. Ilkinji gezek boýnuňa bökenimde, mert duragada: «Samsyk bolma» diýen bolsaň, ýylan bolup araňyza sokulanymda: «Ýok bol, alahöwren!» diýip, taýaklap kowan bolsaň, bu masgaraçylyklar bolmazdy. Emma sen nebsiňe buýrup bilmediň. Senem öz inçe duýgularyňa buýrup bilmediň. Gaýtam ugruna gitdiň. Üstüme süründiň. Öz paýyňa kanagat etmän, kimiň käsesine el uzatdyň. Saklap bilmänem dökdüň. Bu zatlara men-ä indi düşünýän, a sen berin irräk düşünäýmeli ekeniň-dä? Ýa henizem düşüneňokmy? Zyýany ýok, düşünersiň. Hälem bir pille. Git! Oba git! Bar-da, Tawusyň aýagyna ýykyl! Ýalbar! Belki, ol günäňi geçer!
Geçerem. Çünki ol biz ýaly doňýürek däldir. Biz ýagşylyga ýamanlyk etdik. «Söýgi — kör bormuş» diýýärdiler, ýöne biziň munymyz söýgümikä? Men indi bu ömrümde-hä Tawusyň gözüne görnüp bilmen. Senem meni ideme. Uýamyň bagtyny garaldyp, çagasyny ýetim goýup, bir öýi weýran edip gurnalan durmuş maňa hiç haçanam ezýetden başga zat bermez…»
Men ýerimden turdum-da, hamala ýaňky sözleri Mähri edil gapdaljygymda, ýaňagyny kibtime ýaplap oturyşyna aýdýan ýaly, öýüň içinden onuň keşbini, gözlerini, gara saçlaryny gözledim.
Emma gara neşterler gezelmedi. Gara saçlar tolkun atmady. Ýumşak gabaklar humaý gözleriň üstüni emaý bilen örtmedi. «Tawus geläýmesin ýene…» diýen howsalaly, süýji sözler eşidilmedi. Ter be- denini titredip Mährim ustüme sürünmedi. Gutardy! Bar zat gutardy!
Dek düýnem men «mukaddes öý» atly bir uly şähriň soltanydym — bu gün gedaý galdym. Bir agyr ýygnyň serdarydym — nökersiz galdym. Oglum barka ogulsyz, gelnim barka gelinsiz galdym.
Mähri bolsa derwüşiň düýşune giren peýker ýaly, tykyrdap barýan arabamy çep ganatynyň bir ujy bilen bir kakanda düňderdi-de, duşumdan geçdi ötägitdi.
Uzynly gijäni daş işikde, derwezä göz dikip geçirdim. Öýe girip öwran-öwran Mähriniň hatyny okadym. Içimdenem gaýtaladym. Ahyram, uludan demimi aldym-da: «Dogry aýdýaň, Mähri! Seňki dogry — diýdim. — Gaş bezejek bolup göz çykaranyňdan peýda ýok. Beýdip gurnalan durmuş, hakykatdanam, ezýet berer».
Şol günüň ertesi ir bilen oba gitdim. Öýe golaýlanymdanam, akly-gyzylly towuklaryň arasynda joňkuldapjyk ýören oguljygymy görüp uludan demimi aldym. Kölegede ejem bilen çaý içişip oturan Tawus meni görenden çäýnegini göterdi-de, gaşyny çytyp öýe girdi. Ejemiň gep-gürrünlerinden çen tutup, Tawusyň hiç kime hiç zat aýtmandygny aňdym. «Gezmäge geldim. Ogluňyzam bu gün-erte geljek» diýipdir.
Üstümden agyr ýük aýryldy. Dünýäm giňedi. Çepiksije, keselbent gelnimiň ýanynda kiçeldim. Özüme görä ony kän mert, özümi bolsa ejiz saýdym.Nalajedeýin saýdym. Geçirimliligi, parasatlylygy üçin, yhlasyna ikilik edendigim üçin öler ýaly utandym. Gele-gelmäne ili örüzibermändigi üçin, käbir haýýar heleýler ýaly, gapy baryny kakyp, şermendelige salybermändigi üçin köp-köp minnetdar boldum.
Dowamy bar ☘️
13
100
awadan
22.03.2025 18:45
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 10-nji bölüm
Ol welin, göwnüm üçinem dönüp bakmady. Assajykdan ýöräp barşyna howlukman awtobusa mündi. Men ejesiniň elinde oturan ýerinde: «Däd-de… däd-de…» diýip henizem maňa tarap gollaryny galkyjakladyp ýetişibildiginden depirjikleýän oguljygyma elimi serdim. «Seýran jan!.. Oglum!..» diýjek boldum. Emma dilim zybana gelmedi.
Ona çenlem awtobus ugrady. Şol awtobusyň içi bilen meniň ähli baýlygym, maly-mülküm, göz-guwanjym, daýanjym, söýenjim, jigerbendim bolan Seýran janam, başyny başyma deňäp, meniň bilen ömür atly uzak ýola baş goşan başdaşym, ýanýoldaşym Tawusam gitdi.
Bir mähremlerimiň giden tarapyna, birem Mähriniň galan tarapyna owsun atyp, serimsal bolup durşuma, darka ikä bölünen ýüregimiň haýsyna tarap gitjegimi bilmän kösendim.
Tawusyň bolup gidişinden çen tutsaň, indi oňa tarap ýoluň ýokdugy, ähli ýalbar-ýakarlaryň puçdugy görnüp durdy.
Elbetde, hiý birini öler ýaly äsgermezçilik edersiň-de, günäň geçilermi…
Ahyram esli wagt bäri uzyn-uzyn signal berip duran taksiniň içine kürsäp girdim.
— Sür!
— Nirä?
— Yza sür! Şähere!
Gaýtdyk. Ýolboýam «Wagt geçer, Mähriniň yssy mähri boşap galan kalbymy doldurar. Göwnümi göterer. Bu ajy aýralygyň yzasy kem-kemden aýrylyşar, hemme zat gülala-güllük bolar. Baharda duýdansyz öwsen şemal deý bir säwlik bilen birmahallar duşundan geçip giden söýgiňe täzeden gowuşmaklygyň hatyrasyna şunça jebre dözmezlik aýp däl. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Bu zatlara Seýran jan ulalansoň düşüner. Kem-kemden Tawusam düşüner. Belki, eýýämem düşünendir» diýip içimi gepletdim. Öz-özüme göwünlik berdim. Ömürlik ýitirendirin öýdüp ýören bagtymy täzeden gaýdyp berendigi üçin ykbalymdan müňdebir razy boldum. Men: «Ine, bararyn, Mähri öňümden ylgap çykar, böküp boýnuma zyňar, özi zerarly öýünden bizar bolup giden doganjygyna nebsi agyryp aglar, yzyndanam ujy nepis hünjülerden doly gara neşterlerini garagyma sanjar-da: «Geldiňmi, mähribanym! Şu pursata men, gör, nijembir ýyllap garaşdym. Gel, geç, ynha, çaý demläp goýdum. Iç! Özüňem, ine, şujagaz ýere geç — diýip, ikimizi betnamlyk ýoluna ataran diwany görkezer, ýüzümi-gözümi sypalap: — Ine-gana mähriňden bir ganaýyn, kaddy-kamatyňa bir guwanaýyn, meniň galtamanjygym»— diýer» diýip göwün ýüwürtdim. Şu gijäniň lezzeti ho-ol, pynhan oturgyçda oturyp, ilkinji gezek gol boýna salyşan gijämizden has lezzetli bolar öýtdüm. Emma bary tersine bolup çykdy. Mähri öňümden çykmady. Içerde aglap ýatandyr öýdüp öýe girdim. Bary-ýogy üç otagdan ybarat jaýyň içinde aldyranym bar ýaly iki ýana elewräp ýörşüme:
— Mähri! Mährijemal!.. — diýip gygyrdym.
Janhowluma howlynň burçundaky odur-budur oklanýan köneje kümä çenli barladym. Birdenem duş tarapdan şirrildi eşidildi. Bu wagtlar duşa düşülýän wagtyň däldigini bilip duranam bolsam, bir bökemde bardym-da, gapyny zarp bilen çekdim. Ozaldanam bahana bolsa gopjak bolup duran gapy çekişim ýaly, güpürdäp gaýtdy. Badyna menem gaýtdym. Ýeňsäm ýere degdi. Hyk-çoklap zordan ýerimden turdum. Bar zadyn keýpiňe, göwnüňe görä bolup durýandygyna geň galyp durşuma, henizem şirrildäp duran kranyň nurbatyny gazap bilen towladym. Oturyp çilim çekdim. Şol gezek telbe edip dälireden, meni şunça garamatlyklaryň üstünden elten mermer deý ak, titräp duran ter bedeni gez öňüme getirip, uludan demimi aldym. Özümi bu tükeniksiz köýlere salyp ýören ykbalyma nägilelik bildirdim. Hudaýa şikaýat etdim. «Nämüçin meni beýle ryswa etdin?!» diýip, nalyndym.
Ümürde ýöreýän ýaly girip-çykyp ýörşüme, diwanyň üstünde ýatan kagyza gözüm düşdi. Garbap aldym. Gatyny açdym. Hat. Mähriniň haty. Gözýaş degip, bulaşan ýerleri bildirip dur. Okap başladym…
«…Hemmesine günäkär men. Başdanaýak barysyna men sebäpkär. Men muňa öň düşünmändirin. Düşünjegem bolmandyryn. Muny men ýaňyja, Tawus oguljygynyn elinden tutup gidende-de aňmandym. Bu hökman şeýle bolaýmalydyr öýdüpdim. Hemme zat öz-özünden düzeldi, bar zat ugrukdy, ýerli-ýerine geldi diýip oýlanypdym.
Dowamy bar ☘️
14
141