Ir düşen bahar hekaýa 3-nji bölüm Biz diňe mekdep ýyllarymyzyň çaltrak tamamlanaryna, özümiziň basymrak ýigit çykarymyza, Swetlana bilen yşk hakda sözleşere, onuň bilen tirkeşip, boýnumyz galstukly şähere gidere, Amanguly dükançy ýaly günortanaralar goltugymyz «şampanly» öýüne girip, agşamaralar ýüzümizi ýelpäp çykyp gidere ygtyýar berýän şol, elýetmez ýyllaryň, kämillik günlerimiziň, goý, gohly-galmagally bolsa bolsun — ýigitlik ýyllarymyzyň basymrak gelip ýeterine howlukýardyk. Ejelerimiziň bizi ondan üç ýyl, dört ýyl soň dogurandygy üçin, oturyp-oturyp ahmyr çekerdik.
Asmandan uçup barýan, boýny uzyn durnalar deý, gaty alysda görünýän şol, arzyly ýyllaryň gelerine, göwnüme bolmasa men has beterräk howlukýan ýalydym. Özümiň eýýämhaçan yşk deňzi içre ýüzüp ýörendigimden bihabar, şol arzyly ýyllar hakynda men has köpräk pikir edýän ýalydym.
Medpunkta gatnaý-gatnaý getirýän sprawkalarymdan ýaňa klas žurnalynyň galňap gidendigine garamazdan, okuwdan çykdygym ýene-de şol dermanyň ysy kükäp duran jaýa tarap ýönelenimi bilmän galýardym.
Belki, şonuň üçindir, soňabaka men Swetlanany ýeke bir Amanguly dükançydan, Sylap şopurdan ýa Hydyrguly mugallymdan däl, yşk derdini özüm bilen deň-derman çekişip ýören deň-duşlarymdanam gabanyp ugradym. Olaryň birinden-biri Swetlana barada sähelçejik gyşyk gürrüň edäýse-de, ýaka tutuşmakdanam gaýtmadym. Üýşmeleňlerine-de barmadym. Oduna gitmämem, ot ýygmamam goýdum. Men edil gözüniň alnynda ýatan haýsydyr bir gerekli zadyny tapman, kösenip ýören huşy kem adam ýaly, obamyzyň ortarasyndaky medpunktdan gije-gündiz girip-çykyp ýören mele gulpakly gyzy gözläp kösenýärdim. Aldajy ýaly algyr hyjuwyň derdinden gijeler tä daňdana çenli uklap bilmän, iki ýana gorsanyplar çykýardym.Meniň bu bolup ýörşüme dözmän, deň-duşlarym Swetlanadan el göterdiler. Galamlaryny çommaldyşyp ýene-de edil öňküleri ýaly oba gyzlaryna hat ýazmaga başladylar.
Göwnüme bolmasa, Sylap şopur, Amanguly dükançy, Hydyrguly mugallym baradaky gürrüňlerem ýatyşan ýaly boldy.
Men bolsam sypyndygym medpunkta tarap ylgardym. Öňkülerim ýaly ýoldaşlarym bilen däl-de, ýekebara-da baryberdim. Bardygymsaýam Swetlananyň öňünde özümi oňaýsyz duýup başladym. Gitdigiçe-de sussum peseldi. «O ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa» diýe-diýe, soňabaka agyrýa diýere ýerim galmady. Üstesine bilýänje sözlerimem gutardy. Her gezek barşym ýaly jygyldawuk stuluň üstünde çöküp näme diýjegimi bilmän, gultunyp oturmakdan başga alajym galmady. Swetlananyň käte bir berýän sowallaryna «da» ýa-da «nit» diýmäge-de göwrämde kuwwat tapylmady.
Içki harasadymdan bihabar o-da gaýtam: «Çto s toboý sluçilos? Ty že byl şustrim parnem…» diýip ýaramyň üstüne duz guýýar. Öňkimdenem beter kyn güne salýar. Adam pahyr çekinýäniňi, utanýanyňy bildirmejek boldugyňsaýy öňkiňdenem beter bulaşar ekeniň. Sesiňem, edýän hereketiňem, özüňki bolmaz ekeni.
Hawa, gün-günden güýjäp barýan ýigitlik hyjuwy meni edil tüweleýiň içine düşen ýeňiljek sypal deý gaýdyryp, pyrlandyryp, soňabaka bimahal çaglaram, gijede-girimde-de medpunktuň gapysyndan eltiberdi. Penjiresine-de golaýladyberdi. (Swetlana medpunktuň içinde ýaşaýardy hem. Diňe ertir dynç güni diýlende şähere ýatymlyk gidýärdi.) Süýem barmagymyň tirsegi aýna degjek-degjek boluberende-de, heniz süňňümden doly çykyp ýetişmedik çaga çekinjeňligi ýeňimden çekip, elimi usullyk bilen aşak salladýardy.
Şol iki güýjüň arasynda aýylganç, ýowuz göreş gidýärdi. Ikisiniň arasyndaky barha ulalyp barýan äpet ýalyn bolsa meni ýakyp-ýandyryp, alyp barýardy.Ahyram ýigitlik hyjuwy rüstem geldi.
…Ýadyma düşýär, iňrik ýaňy garalyp ugran çaglary öýden çykdym-da, göze ilmezlik üçin çolarak ýerler bilen aýlanyp, öwrülip, medpunkta bardym. Gapa egnimi ýaplap uludan demimi aldym. Sag ýumrugymy düwdüm-de, süýem barmagymyň tirsegini gapa golaýlatdym. Birdenem ýüregim çalt-çalt urup başlady. Elimi yzyna çekdim. Soň ýene golaýlatdym. Ýene çekdim. Ahyram çep elim bilen işigiň ergeneginden berk ýapyşdym-da, ysgynsyzlyk bilen gapyny kakdym. Gulagymy goýup diňşirgendim. Ýuwdundym. Bir gelen ýoluma, birem gapa tarap delmuryp durşuma bir-de gapynyň çaltrak açylyp,
Yzy bar...