awadan
25.03.2025 12:19
Ir düşen bahar hekaýa 2-nji bölüm
Sylap şopurdan, Hydyrguly mugallymdan, Amanguly dükançydan welin, Swetlanany hemmämizem bilelikde gabanýardyk. «Şu gün günortanaralar Amanguly goltugy «şampanly» Swetlananyň jaýyna girip, agşama çen çykmandyr…», «Düýn öýlän Sylap şopur lökgesi bilen Swetlanany skwažina suwa düşürmäge äkidipdir», «Hydyrguly mugallym ýoluň ortarasynda dugtor gyz bilen iki sagat dagy gürrüňle- şip durupdyr» diýen ýaly çyndygy ýa ýalandygy näbelli ýakymsyz gürrüňler gulagymyza degende dagy, gahardan ýaňa bir ýarylybilemzokdyk. Biziň päk duýgularymyzy basgylap, şeýdip ýörendigi üçin Swetlanadan kine-de ederdik. Öz ýanymyzdan öýkelärdigem. Ýöne, ertesi sanjym üçin ýa gözumize derman guýmak üçin mekdebe baraýsa welin, ähli öýke-kinelerimizi unudardyk-da, sesimizi ýognaldybraga-da:
— Drasdy… — diýşerdik.
O-da ýylgyraga-da:
— Zdrawstwuýte, rebýata… — diýerdi. Käte bolsa: — Ne drasty, a zdrawstwuýte… — diýip, ýalnyşymyzy düzederdi.
Elbetde, onuň bilen içgin-içgin gürleşibermäge päsgel berýän esasy zadyň ýene birem — biziň rusça bilmeýändigimizdi. Onuň öz-ä türkmençäni tekiz bilenokdy. Şonuň üçinem ýeke biz däl, oba adamlarynyň hemmesem onuň bilen başardyklaryndan rusça gürleşerdiler. Aýallar-a oňa «bajy» diýip ýüzlenerdiler, erkek adamlar bolsa, hatda arabakeş Eziz aga çenli «dewuşka» diýip ýüzlenerdiler. Biz welin çat manlaýyna geçäge-de buýsanç bilen «Swetlana» diýerdik. Ýalan-ýaşryk, müň dürli bahanalar bilen medpunkta baran mahallarymyzam: «Galawa balyt, oçen balyt», «Žiwot balyt, sapsim balyt, dawaý yspyrawka» diýen ýaly şol bir lenç eden sözlerimizden başga diýere zat tapman buruljyrar oturardyk. Kä wagtam: «Swetlana, mana, ine angina» diýip agzymyzy açardyk-da, bokurdagymyzyň diwarlaryny iç ýüzünden biri-birine berk gysardyk. Şonda ol käte-hä: «Aý-ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý, kak že tak možno» diýip başyny ýaýkardy-da, üç günlük sprawkajyk bilen dermana hat ýazyp bererdi, käte-de bokurdagymyza çemçäniň sapyny sokaga-da, içini çekip: «Oý-ýoý-ýo-oý, oý-ýoý-ýo-oý, pridýotsýa napisat naprawleniýe gorodskomu polikliniku» diýerdi. Şonda biz zöwwe ýerimizden galardyk-da: «Ni-i-it!.. Ny nada!.. Naprawlenny gorot ny nada! Ýa twaýa ammanul…» diýip gygyryşardyk. «Ah, wy huligany…» diýip, eli demir çemçeli gyzarypjyk duran gyzyň goltugynyň aşagyndan sowulyp geçerdik-de, zymdyrylyp köçä çykardyk. Äpişgeden gelibem: «Daswydanýa pajalysta!..» diýşip, elimizi bulaýlardyk.
Şol gije ýene-de ählije gürrüňlerimiz Swetlana hakynda bolardy.
Amanguly dükançyny, Sylap şopury üýşüp urmak barada, gaýdyp olary Swetlananyň gapysyndan barmaz ýaly etmek barada, gerek bolsa gijelerine gezek-gezegine gapysyny garawullamak barada maslahatlaşýan gezeklerimizem bolýardy. Ýöne birimizden-birimiziň baryp şolaryň haýsydyr biriniň ýakasyndan tutany ýa Swetlana barada iki agyz pert-pert gepleşeni-hä ýadyma düşenok. Onsoňam nämüçindir şu meselede biz Hydyrguly mugallymy beýleki ikisine goşmaýardyk… Belki, onuň bu işe beýleki ikisi ýaly bäş günlük keýp üçin däl-de, çagşap galan öýüni dikeltmek üçin, maşgala edinmek üçin, garaçyny bilen ak ýüregi bilen ýapyşýandygy üçindir? Belki-de, bilim berýän mugallymymyz bolandygy üçindir? Belki!.. Kim bilýär…
…Onsoňam barybir, biziň barymyzam Swetlananyň biziňki däldigini, biziň elýeterimizden onuň has uzagrakdadygyny bilýärdik. Hatda biz ol ýowuz hakykata kaýyldygam.

Yzyny goyayynmy gyzyklymy??
13
98
yurejik
26 Mart 2025
Dowamyna garashyan🤍
alma___
26 Mart 2025
Gyzykly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.