Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 11- nji bölüm
Şolar ýaly agyr ýüki hem horja gerdenleri bilen täk özüniň çekip-çydap bilendigi üçin gujur-gaýratyna, adamkärçiligine sarpa goýdum. Öz-özümi ýigrendim. Näletledim. Omalak-çomalak edip öňümden çykan oguljygymy gujagyma gysdym. Ýaňajyklaryndan öpdüm. Ejem bilen, jigilerim bilen howul-hara salamlaşdym, düýn öýlän egnimden uçan Tawus guşumy, ömri bilen ömrümi dowam etdirjek jigerbendimi başga gapydan däl-de, öz umytly ojagymyň gapysyndan tapandygym üçin hudaýa ýüz-müň şükür etdim-de, alty aýlyk ýoldan aşyp gelen argyn argyşçy ýaly özümi kölegede ýazylan keçäniň ustüne goýberdim.
Men indi arkaýyn. Hemme zat ýerinde. Uly-il ýaly, menem ýene-de deňli-derejeli adam. Meniňem maşgala ýerinde maşgalam, öý ýerinde öýüm, ogul, ýerinde oglum bar.
Irden turup sagyma seretsem — ulymy görerin, soluma seretsem — kiçimi.
Şu zatlar uçin men diňe Tawusa minnetdar. Ölinçäm hyzmatyny etsem-de, eziz balasynyň, mukaddes ojagynyň, arassa içerisiniň hatyrasyna şeýle agyr gussany gursagynda göterip ýören bu belent ýürekli zenanyň öňündäki borçdan çykyp bilmejegim çyn. Şondan soň durmuş ýene-de öňki akymy bilen akyp ugrady. Oba göçüp geldik. Bolup geçen wakalar hakynda, Mähri hakynda Tawus ikimizem başardygymyzdan dil ýarmazlyga çalyşdyk. Mährem gaýdyp gara bermedi. Kanikul döwürleri işe girdim bahanasy bilen oba-da gelmedi. Geläýse-de, biziňkä gelmedi. Tawusam ol bar wagty öýlerine gitmänini kem görmedi. Biziň garrylarymyzam, Tawusyň hossarlaram bu ýagdaýy iki uýanyň arasyna düşen bolgusyz öýkeleşikdir öýtdüler. Seýran jan ýaňy bir üç tigirlije welosiped sürmäge ýaran wagtlaram gyzjagazymyz boldy, Adyna Gulälek dakdyk. Birdenem şo-ol, köne keseli gozgady-da, Tawus ýene-de tapyr-tupur ýykyldy. Özem bu gezek çyny bilen ýykyldy. Haly erbetleşdi. Egbarlady. Keselhanadan-keselhana, dogtordan-dogtora ylgadym. Bolmady. Ahyram tapdan düşen ezizimi gollarymda göterip öýe getirdim. Bir gysym bolan göwresini düşegiň üstünde emaý bilen goýanymda saklanyp bilmedim. Ol şonda Aşgabatdan göçüp baralymyz bäri birinji gezek gözlerime seretdi-de, horja barmaklaryny titredip gözlerimi süpürdi.
— Goý, aglama… — diýdi. Çagajyklaryny sorady. Hersini bir tarapynda oturdyp başjagazlaryny sypalady. Ýeke-ýeke ogşady. Soň maňa seredip ysgynsyz ýylgyrdy-da, şondan artyk oturara mejaly ýetmän özüni düşege goýberdi.
Çagajyklarymdan, aýalymdan gözýaşymy gizläp, aralarynda çök düşüp oturyşyma: «Durmuşyňy öz eliň bilen bozjak bolup, gudurap ýörmek geregem däl ekeni. Wagty gelse o zatlary ýowuz tebigatyň özi bizden soraşmanam etjek ekeni…» diýip oýlandym. Tawusyň bar güýjüni Mähri ikimiziň beren ezýetlerimize sarp edendigini göwnüme getirip, özümi jenaýatkär duýdum.
…Bir günem ol meni ýanyna çagyrdy-da, halys ysgyndan gaçan inçejik sesi bilen:
— Mährini çagyr… Görüp bir galaýyn… — diýdi.
Her näçe kyn düşse-de, habar etdim. Emma geler öýtmedim. Aradan üç-dört gün geçdem welin, gapy açyldy-da, burnuma tanyş, ýakymly ys urdy. Başymy galdyrdym. Mähri! Durky bilen titräp, aglap dur. Eginleri silkinýär. Iki elem ýüzünde. Men ýerimden turdum.
— Gel, geç, Mähri. Ine, şujagaz ýere geçäý… – diýdim-de, hassanyň ýanyndan ýer görkezdim. Öz sesimi welin, özüm tanamadym.
Hossarynyň gelenini duýandan, Tawus ýumulgy gözlerini zordan açdy. Inçejik gollaryny göterip, gujagyny gerdi.
Mähri:
— Waý, doganjygym!.. — diýip, ulili bilen gygyrdy-da, özüni uýasynyň üstüne oklady. Reňki öçen ýüzüni bagryna basyp aglady.
— Ahyry geldiňmi jigim? Geler-geler diýip, gözlerim ýoluňda galdy — diýdi-de, gurbunyň çatdygyna görä, Tawusam aglady.
Olaryň aglaşyp oturyşlaryny görüp Seýranam aglady. Heniz mana düşmeýänem bolsa, bir çetde däbşenekläp ýatan gyzjagazymyzam aglady. Men Seýranyň elinden tutdum-da, Gülälegi goluma alyp daş çykdym. Aýlaň-çaýlaň etdim. Goňşy-golamlar bilen gümür-ýamyr etdim. Ynjalman ýene-de yzyma dolandym. Bosagadan ätlänimdenem Tawusyň:
Dowamy bar ☘️