Ir düşen bahar hekaýa 5-nji bölüm janymy alyp barýan derdeseriň basymrak başymdan sowulmagyny, bar zadyň basymrak birýüzli bolaryny islesem, bir-de entek abraý atly ak donum egnimden gaçmanka, bu melamatly gapydan basymrak arany açmaklygy, özümi tüm garaňkylygyň içine urup, gelen yzyma tarap ýok bolup gitmekligi küýsedim. «Ýok bolubilseýdir, ýok bolubilseýdir» diýen duýgynyň beýnimde ala-zenzele turuzýanam, dilkaw-dilkaw ýiti şöhleleriň göz öňümde iki ýana «ýalp» berýänem edil häzirki ýaly ýadyma düşýär…
Birdenem…
Birdenem gapynyň açar sokulýany «şykyrt-şykyrt» etdi. Men ogurlykda tutulan ýaly töweregims garanjakladym. Gaçmaga synanyşdym. Ýüregim agyr-agyr sarsdy. Gözlerimiň öňündäki şöhleler ýok bolup, onuň ornuny tümgaraňkylyk eýeländenem, gapy bir garyş ýaly açyldy-da, yşyndan bir tutam tylla deý sary saç göründi. Ergenekden ýapyşyp duran elimiň ysgyny gaçdy. Jaýyň içine tarap agyp gaýdybermekden gorkup, sag elimem söýä diredim. Oňa çenli gapy ýene-de birazrak açyldy-da, bulutdan çykan aý ýaly bolup, Swetlananyň sary erik deý menzi göründi. Maňa gözi düşenden olam birhili boldy. Bir zatlar diýjek bolýan ýaly dodaklaryny gymyldatdy. Boýnuny burup gözlerini gypyrjyklatdy… Eli bilen ýarym açyk ýakasyny ýapdy. Ýene-de oglanlar bolup bezzatlyk edýän bolaýmasynlar diýendir-dä… Ökjesini galdyryp egnim üstaşyry köçä seretdi. Şondan soň süýjümtik bir nazar bilen ýüzüme ýaňadandan bakdy. Üstümden gülenem bolsa bilemok, çalaja ýylgyrdy. Ýöne sesini çykarmady. Duruberdi işige söýendi-de. Agşamyň sergin şemaly degende çözlengi saçlarynyň galgap-galgap gidişi, uçlarynyň ilki meniň ýüzümi sypalap, soňam derçirän ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşişi, onam barmaklarynyň ujy bilen sylypjyk goýberişi ýa dodajygyny şo tarapa gyşardyp üfläpjik goýberişi welin, halys janymy alyp barýar. Ýüregim eräp, göwräm ýanan şem ýaly ýere siňip barýar.Bu bolup durşum Swetlananam juda geň galdyran bora çemeli. Çünki, göwnüme bolmasa, ol gözlerini tegeledi-de: «Ty çto, wypil çto li?» diýäýen ýalam bolup dur.
Ahyram, sypjyrygy bireýýämler bitip giden barmagymy çommaldanymy çalaja bilýän. Içerik nädip girenimi, derman çalynýan ýere nädip baranymy, jygyldawuk stuluň üstüne nädip çökenimi welin bilemok.
Bir görsem barmagym saralgy. Penjiräniň öňünde bolsa onluk çyra ýanyp dur. Meniň gije-gündiz arzuw edip, ýetibilmän ýören Swetlanam bolsa, gabat garşymda, şol bir mähriban bakyşy bilen, şol bir enaýy ýylgyryşy bilen ýüzüme seredip otyr.
«Nämüçin geldin?» diýip welin sorýaýanok. Gykylygam ediberenok. Şoňa-da şükür edip otyryn. Turup ötägidiberere bolsa gurbum çatanok. Gepläbereýin diýsem bolsa dil bilemok. Öňküje, däljikläp diýýän zatlarymyzy bolsa diýesim gelenok. Çünki men bu wagt bu ýere «üç günluk sprawka» üçin ýa iki barmak «naprawleniýe» almak üçin gelemok. Bu wagt meniň niýetim, küýüm başga. Hydyrguly mugallymyň sapak wagty aýdyşy ýaly,programmam» başga. Halys aljyrap oturyşyma onuň: «Tur! Ýok bol! Göteril şu taýdan!..» diýip gygyraryny, ýeňsämden südenekledip, jaýdan çykararyny isledim. Emma ondan ojagaz tamamam çykmady. Gaýtam oty-yr, possujak elleri bilen käte bir ýumşajyk ýaňaklaryny sypalap.
Uçursyz kyn güne düşdüm. Birdenem tutuş göwräm bilen galdyrap başladym. Tomsuň günüdigine garamazdan, inim üşütdi. Tikeçlerim biri-birine degip, agzymyň içinde ala-şakyrdy turuzdy. Gezek-gezegine ýere degip, otagyň içinde tozan baryny turuzýan aýaklarymy saklajak bolup, aýalarym bilen iki dyzymyň üstünden basyp oturyşyma gözlerimi agdar-düňder edip Swetlananyň ýüzüne seretdim. Ol meniň halymy ýaňy aňan ýaly garbap goşarymdan tutdy. Tutuşy ýalam syçrap ýerinden turdy. Ýüzüni ak tam edip iki ýana garanjaklady.
— Bože moý, ty že bolen!.. — diýip pyşyrdady-da, elimden tutup şähere gitmedik günleri ýatyp-turýan insizje, törki jaýyna geçirdi. Üsti ak mata bilen örtülgi ýaýly krowadyň üstünde oturdyp, goltugyma gyzgyn ölçenýän guralyny gysdyrdy. Ýaraman, delalat isläp gelen adama betgüman bolandygy üçin öz-özünden utanýan ýaly suýem barmagyny dişläp, iki ýana keýerjekledi. Ylgap gidip bir bulgur suw getirdi. Içirdi.
Dowamy bar ☘️