awadan
24.03.2025 16:06
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa Soñy
— …Ýok, ýok, men senden hiç zady gaty göremok, jigim… Hijiňizdenem gaty göremok… Öz maňlaýymdan görýän. Baryp-ha mekdepde okaýarkagam bilýärdim-ä, men seniň çaga kalbyňy kimiň eýeländigini. Ýöne onuňam seni gowy görýändigini welin, bilmendirin… Bilen bolsam… …Seniň beýle tükeniksiz derde uçranyňy soň bildim… Ýok, in sonky gezek däl? Ilki başda, adamyň bilen aýrylyşyp Aşgabada baran günüň bildim… Ýöne Tawus kine edýändir öýdüp özüňi horlamagynyň, jigim… bu durmuşdyr bi… — diýýän sesleri üzlem-saplam gulagyma ildi.
Men gürrüňlerini eşidenligimi bildirmezlik üçin yza çekildim. Ardynjyradym. Ýuwaşlyk bilen bardym-da, Seýrany ejesiniň gapdalynda oturtdym. Gyzjagazyny gujagyna berdim. Aňyrsy görnüp duran aýalary bilen jüýjejikleriniň arka-boýnuny sypalaşdyryp, gözüne ýaş aýlap ýatyşyna, Tawus gurak-gurak ýuwdunyp:
— Wah, ysjagazyňyzdan aýlanaýyn… — diýdi. Çalaja iňledi. Bokurdagy dolup esli mahal sesini çykarmady. Mahal-mahal Mähriniň ýüzüne naýynjar seretdi. Birdenem Mähriniň boýnundan asyldy-da, telim wagt bäri hut şu sözleri aýtmak üçin garaşyp ýatan ýaly, inçeden uzyn, zaryn bir owaz bilen: — Çagajyklarymy hiç kime beräýmegin! Özüň eýelik etginiň… — diýdi.
Bu onuň: «Şu gapydan uzagyndan girip-çykmak nesibämde ýok ekeni, jan dogan. Gitmeli boldum. Seniň yhlasyň zor çykdy. Seňki çyn bolup çykdy. Men bu öýde ötegçi ekenim, myhman ekenim, bu öýüň hakyky eýesi sen ekeniň! Öň bir ýalnyşlyk bolupdyr, ine, indi o-da düzeldi. Men gidemsoň şu içerä, çagajyklaryma özüň eýelik et. Öý eýesiniň başy ýaş. Barybir, bu öý boş durmaz. Her niçik bolsa-da, sen meniň dözmezimsiň, gyýmazymsyň. Ynjytmaga gözleriň gyýmaz. Şu meniň senden iň soňky haýyşym şu, doganjygym» diýdigidi.
Bu panydan-bakyýa tarap ugran, ajal kerwenine ýük uran ýolagçynyň iň soňky haýyşydy.
Tebigatyň öz kanuny bar. Biz oňa emr edip bilmeýäris. Tawus gitdi. Iki sany gül ysly eýjejik çagany özünden nyşan goýup, dünýeden ötdi.
Şolaryň hatyrasyna okuwynam taşlady-da, Mähri gyzymyz Gülälejigi, oglumyz Seýran jany edil öz bagryndan önen perzendi ýaly edip saklady. El süýdüni berip ulaltdy. Edil Tawusyň sargap gidişi ýaly çagalaryma ene, özüme ýanýoldaş boldy. Obamyzda açylan keselhana işe ýerleşdi.
Ýyllar geçdi. Çagalar ulalyşyp, ajy aýralygyň ýüreklere salan yzasam kem-kemden köşeşdi. Aýrylyşdy. Mähridenem iki sany oguljygymyz boldy. Näbelet adamlar olary Seýran bilen Gülälekden känbir tapawutlandyrybam bilenoklar.
Görer göze hemme zadymyz düz, durmuşda hiç hili kemçiligimiz ýok ýaly.
Emma käte-käte oturyp pikir edýän welin, göwnüme bolmasa, Tawus biçäre Mähri ikimiziň otdan-da beter ýakyp barýan gyzgyn söýgümiziň howruna döz gelibilmän, bizi bagtyýar etmek üçin, hut öz erkine aramyzdan sogrulyp giden ýaly, öz ornuny Mährä, hakykatdanam, meýletinlik bilen beren ýaly bolup dur.
Muny ýeke men däl, Mährem duýýar. Ol hem öz uýasynyň bagtyny onuň elinden öz eli bilenjik gaňryp alan ýaly, onuň bu dünýäniň salkyn şemalyndan şeýle ir mahrum bolmagyna hut özi sebäpkär bolan ýaly gije-gündiz ýanyp-bişip ýör. Oýlanýar. Ölçeýär. Pikir edýär. Öz ýüzünden, mähriban ejeleriniň keşbini gözleýän ýaly gözlerine dikanlap-dikanlap, ahyram uludan demlerini alşyp turup gidýän Seýran jan bilen Gülälejegime seredip gözlerine ýaş aýlaýar. Ejir çekýär. Hut şol çagajyklaryň hatyrasy üçinem, bir tarapy ýegşerilen bu horaşaja içeriniň keşigini çekip ýör.
Howwa, diňe şolaryň hatyrasy üçin. Çünki Tawusyň keç ykbalynyň hasabyna gurnalan, birmahallar bizin ikimiz üçinem elýetmez bolup görnen bu durmuşyň indi biziň üçin hiç hili mazasy ýok. Öýüň içindäki her bir zat bize Tawusy, onuň gysga ömrüni, pes pälini, belent mertebesini, adamkärçiligini ýatladyp dur.
Inçe duýgularymyzyň ugruna gidip, edip ýören şol gödeňsi hereketlerimiziň barysynyňam, hut şu hasratly günleri golaýlaşdyrmak üçin ekendigi barada oýlananymda welin, Tawus görgüli henizem sesini çykarman, bir burçda ýüzüme seredip oturan ýaly, onuň belent mertebesiniň öňünde müýnürgeýän, arassa, päk ruhunyň öňünde müň mertebe ötünç soraýan.

Soñy
9
135
awadan
25 Mart 2025
@flowers_, Okanyňyza şat ❤️
flowers_
25 Mart 2025
Gozume yaş aylandy, gyzykly eken👍
flowers_
25 Mart 2025
Gowy adam ir gidýa diýleni...
alma___
24 Mart 2025
Ellerine saglyk. Gyzykly ekeni. Ýenede gowy hekaýalara garaşýan
awadan
24 Mart 2025
Juma HUDAÝGULY. Hekaýalar
awadan
24 Mart 2025
Juma HUDAÝGULY. Hekaýalar
awadan
24 Mart 2025
süýji pursatlar indi maňa ömürlik jeza bolar. Şonuň şeýle boljakdygyna şek-şübhe ýok. Bolubam bilmez. Çünki, bize görä has akylly-başly görünýän bu gelşikli dünýede çigidiň gabygy ýalyjak hem bihasap zat ýok.
awadan
24 Mart 2025
ynamyny syndyranym üçin, ýüregine daglar goýup, gül dek göwnüne kül sependigim uçin çekýän derdi-azarlarym welin, üstünden asyrlar geçse-de egsilmez. Tawusyň ýüzüne gara çekip, erkimi elimden alan şol
awadan
24 Mart 2025
Howwa, wagt geçer, aýlar aýlanyp, ýyllar dolanap. Köp zatlar könelişer. Bu ýeňil düşmedik durmuş ýoluna deň gadam basan başdaşym, syrdaşym, mähriban ýoldaşym Tawusyň maňa bolan çäksiz söýgüsni ýele sowrup
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.