Ir düşen bahar hekaýa 4-nji bölümAk tam bolan ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: «Nawernoýe nado pozwat skoruýu…» diýdi. Gapa tarap topulandanam men ellerimi serdim-de: «Ni-i- -it!..» diýip jynssyz gygyrdym. Ol sakga durdy. Bärsine öwrüldi. Bir bökende ýanyma geldi. Gabat garşymda dikejegine çökdi. Bir elini dyzymyň üstünde goýdy-da, beýleki eliniň aýasy bilen maňlaýymy, duluklarymy elledi. Gözlerimiň içine çiňerilip-çiňerilip seretdi. Goltugymdaky guraly ýyldyrym çaltlygynda sogrup aldy-da, gözleriniň önüne eltdi. Diňe şondan son agyr howpdan sowulan adamyň süňňügowşaklygy bilen başyny aşak sallady-da: «Owf, slawa bogu…» diýip, ýaňadandan ýüzüme seretdi. Ýerinden turdy. «Ah, kak ty napugal menýa, a?» diýip üstüme egildi. Şonda onuň çözlengi saçlarynyň ujy ýene-de ýüzümi ýelpäp gitdi. Ýakymly zenan ysam burnuma urdy-da, süňňüme öňki gowuşgynlyga-da meňzeş bolmadyk, nähilidir bir nämälim, süýjümtik lezzetiň humary aralaşdy. Synalarym göz-göz bolup barýanam bolsa, göwrämiň bir ýerinde gurp göründi. Göwnüm galkdy. Ýüregim ersdi. Kuwwatlandym. Galpyldymam galdy. Häliden bäri duluklarymy «lap-lap» gyzdyryp, gabaklarymy ýerden götertmän duran agyr perde-de ýüzümden sypyrlan ýaly boldy. Galan ömrüme, zenan bilen ikiçäk galan pursatym, özümi nalajedeýin ýa batyrgaý alyp barjakdygymy kesgitleýji, aýgytly pursat geldi. Men ýa-ha tä çykyp gidýänçäm şu oturyşyma, ýere bakyp, çym-gyzyl bolup oturmalydym, ýa-da…
Men başymy galdyrdym. Henizem üstüme eglip duran Swetlananyň ýakasyndan görnüp duran ter mämelerine, ak alkymyna, kä ýeri jugra-jugra hal bolup duran tämiz boýnuna, gülgün öwsüp duran ýaňakla- ryna, dykyzja dyzlaryna, boldumly butlaryna, tekizje topuklaryna göz açyp-ýumasy salym syn edip oturdym-da, gyz tarapa ýyldyz deý süýnüp giden ýüregimiň ýelginine laňňa ýerimden galdym-da, sen-men ýok, boýnundan aslyşdym. Ululygy bolaýsa arakesme wagty «kişmiş» oýnaýan kiçijik, daşy rezin gatyşykly gytyksy, akja matadan edilen, gatyja pökgimizçe barly-ýokly, dykyzlygam bolubilse şonçarak, uçlary dürteripjik duran ter göwüsleri kükregime degendenem süňňüme henize çenli özume mälim bolmadyk, ýakymly agraslyk aralaşdy. Häliden bäri agzymdan çykara gelip duran ýüregimiň üsti süýjäp-süýjäp gitdi. Böwedi ýarylan sil ýaly endamymdan şaglap çykan derimi daş-töweregime seçelendirip durşuma Swetlananyň ýüzünden, gözünden emelsizlik bilen ogşadym. Birdenem egnimden biri çekäge-de: «Eý, nädip dursuň-e-eý…» diýen ýaly, «has-has» edip yza çekildim. Agyr düýşden oýanan ýaly, eden işime ökünip aşak bakdym. Utandym. Swetlananyň gözlerinden gizlenmek üçin ýüzümi iki ýana sypajaklatdym. Onuň hemişekileri ýaly: «Ah, ty huligan!…» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyraryna, eline ilen zady aýlap, bu ederini bilmez bikemal başymdan salaryna garaşdym. Bir bökende jaýdan çykyp, içl çöp-çalamdan doly garaňkylyga siňmek üçin, açyk duran penjirä tarap topuldym.
Emma gyz goýbermedi. Elimden şapba tutdy-da: «Sadis» diýdi. Oturdym. Özem oturdy. Aşak bakdy. Dodaklaryny dişläp uludan demini aldy. «Oý, ne mogu…» diýip, elleri bilen ýüzüni tutdy. Şeýdip ep-esli oturansoň usullyk bilen ýöräp gitdi-de, «şykyrt» etdirip daşky gapyny içinden ildirdi. Gelip äpişgäni ýapdy. Tutusyny çekdi. Soň ýene-de ýanyma geldi. Gapdalymda oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Dermanyň ysy gelip duran ýumşajyk, mähirli elleri bilen ýene-de başymy sypalady. Maňlaýyma düşüp duran saçlarymy barmaklary bilen darap, yzyna gaňtardy. Süýem barmagynyň uçjagazlaryny ýaňy bir garalyp ugran murtjagazymyň üstünden ýöredibem bir enaýy owaz bilen:
— Na kakom klasse ty uçişsýa, malçik?.. — diýdi.
Bu sorag maňa: «Sen kim, men kim? Hetdiňi tanasaň bolmadymy?» diýen manyda eşidildi. Göwnüme şol wagt Amanguly dükançy gapydan giräge-de, goltugyndan bir çüýşe «şampan» çykaryp stoluň üstünde goýaýjak ýaly, birdenem maňa gözi düşup: «Ehe-he-ýeý, bujagazy» diýip, hahahaýlaberjek ýaly bolup duýuldy. Meniň şu bolup oturyşym hakdaky gülkuli gürrüňler bilen, Sylap şopuryň oba adamlaryny, Hy- dyrguly mugallymyň mugallymlary gülüşdirip durşy göz öňüme gelende bolsa, öňkümdenem beter aljyradym.
Yzy bar ☘️