awadan
28.03.2025 14:26
Ir düşen bahar hekaýa 6-nji bölüm
Meniň ýerimden turaga-da: «Men çaga däl! Okuwçam däl! Men mekdebi bireýýäm gutardym. Özümem üç ýyl bäri pylan ýerde işläp ýörün» diýäýesim geldi. «Näme iş edýäň?» diýip soraýsa dagy pylan iş edýän diýer ýaly, aňymda özüme borluk kärjagazam agtardym. Hiç bolmanda onunjyda okaýan diýesim geldi. Emma nädip diýjek? Kimiň edil haýsy klasda okaýandygyny bilmese-de, mekdebiň okuwçylarynyň barysyna ol bäş barmagy ýaly belet ahyry. Şonuň üçinem men her näçe kynam bolsa:
— Dewýatym klasym… — diýip, dogrujamy aýtmly boldum. Bokurdagymy arçadym. Uly adamlaryňky ýaly elimi agzyma eltip, gysymyma üsgürindim.
Bolsa-da şondan soň Swetlana hiç hili sorag bermedi. Gaýtam şeýle bir ýumşajyk, şeýle bir mähirli aýasy bilen maňlaýymdan sypalap:
— Çego ty tak ýežişsýa? A? Nu-ka, podnimi golowu. Ty že uže mužçina, wzroslyý çelowek… — diýdi.
Diýen sözleriniň hemmesine düşündim. Edil turkmençä düşünişim ýaly düşündim. Şol iki agyz hoş söz meni göz açyp-ýumasy salymyň içinde oglanlykdan saýlady. Uly adamlaryň hataryna goşdy. Şonda men özümi ilkinji gezek çaga däl-de, bu dünýäniň ähli aladalaryna, ajysyna-süýjüsine hemmeler bilen deň derejede şärikli, hakyky adam hasap etdim. Ruhy taýdan kämilleşdim. Ýigit çykdym. Oba arasynda telpegini gyşyk geýip, gaýşarylyp gezýän jahyllar bilen egin deňleşdirip, bir köçeden ýöremäge özümi hakly-hukukly saýdym.
Birdenem Swetlananyň possujak dodaklary ýaňagymy daglap goýberdi. Soň ýene… Ondan soň ýene-de…. Ýene-de…
Bar zat edil düýşdäki ýaly boldy. Ýol açyldy. Men ýa, alla diýdim-de, özümi gyzyň gujagyna ýaňadandan okladym. Ýöne bu gezek başkym ýaly oglan bolup, çal beýni çaga bolup däl-de, kämil bolup, jahyl bolup okladym…
…Elbetde, şol döwürler deň-duşlarymyň ýanynda agzyboşluk edip aýdyşym ýaly: «Olam meni daşymdan söýüp ýör ekeni, bararyma garaşyp ýör ekeni» diýip, men siziň öňüňizde-hä ýalan sözläp biljek däl. Rastymy diýjek. Ol maňa öňden aşyk ekenimi, ýa baranymdan soň aşyk boldumy, ýa bolup oturyşyma dözmän, oglan göwnümi ýykmazlyk üçin göwnüm üzre agypmy, onçasyny biljek däl. Ony men şu çaka çenli özümem bilemok. Belki, Swetlananyň özem bilýän däldir. O hakda biziň aramyzda gürrüňem bolanok. Belki, bolmalam däldir. Belki, düşündirmek geregem däldir. Belki, bu bir mukaddes syrdyr, Belki, bu syr syrlygyna-da galmalydyr. Belki, şeýledir, belki-de, şeýle däldir, onçasyny bilemok. Men diňe Swetlananyň meni gara ýerden garbap alaga-da, gök asmana tarap uçuryp goýberenini bilýän. Başga zady bilemok.
Hawa, men şol gezek oglan bolup giren gapymdan jahyl bolup çykdym. Gögele bolup giren gujagymdan kämil bolup çykdym.
Ýöne hemme zat terligine, tämizligine galdy.
Hemme zat şol günüň ertesem, birigünem, soňky günem, soňkusy günem terligine galdy.
Men her gije gün ýaşyp, iňrik garalandan soň şol bir gelýänje çolaja ýollarym bilen aýlanyp, öwrülip, orta atylan ak aşyk ýaly obamyzyň ortarasynda agarypjyk oturan çaklaňja jaýyň gapysyndan barýardym. Gapyny eda bilen kakýardym. Iki gezek eşidilýän ýoňsuzja «şykyrdydan» soň bir sereden sähel gowrak açylan gapydan ýantaklap girýärdim. Girişim ýalam maňa garaşa-garaşa gözleri ýolumda galan mele gulpakly gyzyň gyzgyn gujagyna dolýardym.
Şondan soň uzynly gije men oňa obamyz, obamyzyň adamlary, gün-güzeranymyz, däp-dessurlarymyz, edim-goýumlarymyz hakda heziller edip gürrüň bererdim. Öz gezeginde olam dogduk mekany alyslarda galan Kuban sähralyklary, urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwürleri barada gürrüň bererdi. Kakasynyň uruşda, ejesiniň şähere bomba düşende ýogalandygyny, özünden uly gyz doganyny bolsa ýitirendigini, onuň niredediginden heniz-henizlerem bihabardygyny, ýöne tä, ömri ötinçä gözlejekdigini aýdyp ugranda bolsa gözlerinde ýaş görünerdi. Sähelçe wagtyň içinde öýden-öwzardan, ata-eneden, mähriban dogandan aýrylyp ýetim galandygy zerarly çagalar öýünde önüp-ösmeli bolandygy üçin gamlanardy. Birdenem başyny silkip goýbererdi-de:

Yzy bar ☘️
8
65
yurejik
28 Mart 2025
🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.