awadan
05.06.2024 23:45
HUDAÝSYZLAR BOLAN WAKA 2-NJİ BOLUMİ
Mähri çekinip zordan hawa diýdi. Öýlän giçlik ýola çykansoňlar garaňky gatlyşyp barýardy.
Ýolda gelýarka sürji ýolyň ugryndaky ýylgynly oýyň garşysyndaky obalyga girip ýanyndaky ýigdiň bir işin bir minut bitirýänja garaşmaklarny haýyş etdi.Mähri münen maşyny taksi bolansoň gownüne hiç zat getirmedi.Ol arkaýyn Jemal bilen ondan mundan haýalrak mesasy gurruň edip otyrdy.Ol aýnajykdan özlerini synap otyran bu iki pälýamanyň bet niýetin aňmady
Oba diýip giren maşyn ýylgynly oýyň gür ýerinde maşyn saklady.
Garaňky gowy gatlyşypdy.Öňde otyran adam maşyndan duşup yzky işigi açyp Mähriň ýanynda otyrdy.
Mähri
- siziň bu bolşyňyz nähili,diýen nyrhyňyzy berýas ahyry, nameüçin maşyny sakladyňyz ,öz işiňiz bilen bolyberiňda, maşynyň yzyna nameüçin geçdiňiz:- diýip sorady
— siz,ýaly owadan gelin barka öz işiň bilen iş bolasy ýok,balam ,biziň bar işimiz sen ahyry,diýip ol adam Mährini zor bilen ogşap bsşlady
Jemal saklanyp bilman
- gelnejem bilen işiň bolmasyn: - diýip ol adamyň eline ýapyşdy
Ol barmana ol adam Mähriň elinden tutyp,onyň garşy görkezmesine hem seretmän, maşyndan suteneklenip daşyna çykardy.
Mähri
- goýber elimi nejiz
Ol barmana şofer Jemalyň elinden tutyp
-maşyndan çykardy
Jemal gorkysyna
- gelneje,gelnejejan kömek edäý, goýber elimi diýip ol adama gygyrdy
Mähri baldyzynyň elinden tutyp barýan erkek kişä
- sizde gyz jigi, ýa gelin ýokmy, goýberiň ony haýwan degme gyza diýip gygyrdy,hudaýsyz nejiz
Jemalyň gelnejejan diýip gygyrýan sesi,hemde degme maňa degmaýdä maňa diýip ýalwarýan sesi Mähriň ýuregin dilip dilip etýardi, ýöne elinden berk saklanyp durlansoň ol adamyň elinden sypyp bilmedi.
Soňa baka Mähriň özi ýalbaryp başlady
Boýnundaky 30 gr altyn zynjyryny, iki ýuzugin sypyryp aýryp
- gyza degme, me şuny alyň ýone degmäň, beýle hudaýsyz bolmaň, beýtmaýiňda, jan dogan, gyza degmäň,gyza el degirme, meni name edesiňiz gelse edäýiň diýip ýalbaryp başlady
Ol barmana Jemalyň
- waaaaý gelnejeeeeeeeeee: - diýen sesinden soň ondan ses çykmady
Mähriň elinden berk tutyp saklap duran adam dostunyň özine garşy gelýani gorup, Mährini gabat garşyda gögerip dyran ýylgynyň duýbine ýykdy, erkeklik guýje daýanyp onyň ejiz göwresine öz göwresin atdy
Mähri
- hudaýsyz, beýtme, degme diýen sözi ýada duşýar, ýuzine urlan batly şarpygyň sarbyna ol özinden gitdi ....
25
94
awadan
05.06.2024 12:31

HUDAÝSYZLAR (bolan waka) 1-nji bölümi
Men bu pajygaly wakany bir ýigdiň durmyşda maşgala durmyşynyň ýogyz kemsitmeleri esasynda, gurruň bermegi boýynça ýazdym.
Durmyşda bolan waka we daşdan ýakyndan eşdilýän, gaýtalanýan waka
....Şajan uzyn boýly görmegeý ýigitdi. Gara saçlary maňlaýyna duşup duran ,özine gelşik beren şadyýan alçak ýigitdi
Ol Mährini gullukdaşy toý edende görüp,ony ilki gören gununden aşyk bolyp, beýleki ýigitler ýaly gyzyň yzyndan kan ylgap hem ýorman göni gudajylyga
Iberdi.
Uzak ara wagt salman hem toý etdiler.
Mähri bu öýe gelip öýiň ody bilen girip küli bilen çykdy, onyň öziniň yz ýanyny basyp duran baldyzy Jemal bilen gaty gowy göruşýardi onuň bilen jora boldy.
Jemalda gelnejesin agasynyň gelni ýaly sylap hormat goýsada ,jora ýaly bar syryn diňe gelnejesi bilen paýlaşýardy
Bu agzybir maşgala hemmeler howes edýardi. Bularyň agzybir maşgalasynda ýyla ýetmän ekiz bäbejik hem goşyldy. Şatlygyň üstune şatlyk goşyldy
Olara Wepa Sapa diýip goýdylar
Ekizjeleri bolanda kesilip alynansoň, Mährä iki üç ýyl çaga dogurmaga lukmanlar ruhsat bermedi
Mähri çagalar bilen başagaý bolyp hojalygy bile bolyberdi
Günlerde bir gün Mähra gaýyn enesi: -—daşky garyndaşlaryň biri toý edensoň, çagalary alyp galaýyn sen Jemal bilen gornip gel diýip tabşyrdy
Şajan bolsa ýatymlaýyn işdedi. Soň Mähri Jemaly alyp toýa bezenip bezlenip gitdiler. Olar toýy sagaman sogyp öýe gaýdanlarynda, yolda bir taksa münýäler. Bu natanyş taksa el galdyryp münenlerinde onyň içinde bir adam hem bar eken, bu ikisi maşynyň yzynda otyrdylar.
Taksa munenlerinden öňinde otyran adam uzak saklanyp bilman Mähra lak atyp başlady
- Owadan gelin toýdan gelýäňiz öýtýan, owadan bolyp çykypsyňyz, aýdan bolsaňyz özimiz äkidip getirerdik ahyry,gözel gelini toýa ýeke goýberýan erkek kişi kimkä?
Dowamy bar

Awtory:Nowca Like bas gollap bilersiniz (gyzykly) indiki bolumleri ucin
23
142
awadan
04.06.2024 23:55

KAKA EJEM NİREDE (sonky bolumi)
aýryşdyrdy.
Heýkeliň sesi eşidildi:
— Köýnegiň ýagyrnysy çintik-çintik gara-la, bir zad-a syçrapdyr?
— Motoryň tüsseçykarynyň işidir o. — Atdanyň sesi haýyşmy, sala salyjylykmy ýa teklipmi bir äheňde çykdy. — Gaýtmaýasmy? Çagalaryň gözi ýoldadyr.
— Gaýdaly, ýöne öňürti köşege gysym-penje ot alynsa gowy bordy.
Atda:
— Häzir — diýdi-de, sargylt, gyzgylt güllere basyrynyp oturan gandymly depä tarap dyrmaşdy. Pürli, güllän gandym şahalarynyň — çalynyň bir goltugyny ulagyň oturgyjynyň yzyndaky goş-kötele niyetlenen ýörite ýere daňdy. Motora benzin berdi. Suw yaly diýilýän ulag-a ýeke depüwe, Nargözelem motoryň otlanaryna garaşyp duran yaly, ugramaga hyýallandylar. Atda motory birinji tizlige geçirdi-de, muftany ýuwaşja goýberip, gazy şoňa görä köpeltdi. Şeýdip ugrasaň, sen özüňi motoryň üstünde däl-de, hamala, sallançagyň içinde ýaly rahat duýýarsyň. Atdanyň edil häzir beýtmesi dogrusy, Nargözeliň göwnüni görmek üçinem däl, onuň başga sebäpleri bar: birinjiden, öýden gaýdyşynky ýaly, batly ugrajak bolsa, ulagyň yzky tekeri gum peşäp, yzda oturan Nargözeliň arkasyna gum sowurjak, ýakasyndan-da girse girjek, ikinjiden, duran ýeri boş gum bolansoň, batsa batmagy-da mümkin. Owarram, garnyna çenli bataýanda-da motor maşyn däl, çekip çykaryp bolýar. Atdany çekindiren zat-birinji sebäp:öňem höre-köşe bilen seýiklenen göwün ýene ynjasa,ol aýna ýaly bir zat ahyry, çeňk tutmasa, tutmaz-da! Şeýle howatyrdan halas bolan Atda:
— Obanyň gündogarsyndan eňýän uly ýola düşüp ýöräýinmi ýa gönüläýinmi?
Nargözel ulagyň aýakbasaryna dikine galan bolarly, demi edil nika günündäki ýaly, çep gulagynyň düýbi bilen ýaňagyny çawlap gitdi.
— Aýlanyp-öwrülip ýörme-de, gönüläbersene!
— Onda atasy öýüňize gatnan ýyllaryňy ýatlarsyň-da!
Nargözel Atdanyň bu sözleriniň niräni tozadýandygyny aňdy. Ulag bökjek ýerinde iki aýagyňa diklenmelidi. Şeýtseň, bir-ä özüňe rahat, ikinjiden, ruldaky üçin sürmek ýeňil, galyberse-de, ulagyň ýüki ýeňlän ýaly bolýar.
Ol:
— Bolýa — diýdi.
Motor ilerden gaýralygyna uzalyp ýatan dim-dik depeleri gördüm-bildimem etmän, sähel salymda hälki ugran ýerine öwrülip geldi. Gapyda saklanan ulagyň sesine içerden bosup çykan çagalary Atdanyň gözüne bolmasa, eýýäm horugana meňzeşdi. Çüperäkligindenmi, nämemi ýa ene hamraklygyndanmy, anha, Nargözeliň giň gujagyna olaryň birbada üçüsi sygaýypdyr.Çagalarynyň ekabyrragy, ýer ýaly ýuwaş diýilýän gyzy:
— Kaka, ejemi nireden tapdyň-a! — dýdi.
— Mamaňlardan.
Hergiz, böwrüne sanjy, ünji bolýan zatlary oýunlyga salyp ýeňledegen kakasynyň jogabyna gyzy gülüp goýberdi. Gujagyndaky çülpelerini yzyna tirkäp, meýdandan getirilen gülli gandymy goltuklap, köşege bermek üçin eýýäm ýataga barýan ejesiniň yzyndan gygyrdy:
— Eje, kakamyň diýýänini eşidýäňmi?
Nargözel gidip barşyna sagynaýynam diýmän dillendi:
— Aý, kakaňdyr-da!

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW
20
64
awadan
04.06.2024 12:31

KAKA EJEM NİREDE hekayan dovamy
Nargözel ne «Hawa» diýdi, ne-de «Ýok».
«Bolýa-laý!» diýen Atdanyň sesi müýnli çykdy. Bogsaklap sagylýan düýeleri bardy. Irden işe gitjek bolup durka Nargözel oňa «Bogsak çekişäý!» diýipdi. Göreniň Atda, öňem işe gyssanyp duransoň, «Sagybam bereýinmi?» diýäýmezmi. Ýeri, «Çagalaň bilen günüňi göraýsene!» diýse-hä allanäme boljak. Göwni synypdyr. Ber habary. Kakasy Esenmyrat aga pahyr «Göwün ýykmak Käbäni ýykmak bilen deňmiş»diýerdi. Synan göwnüň seýik tutmasy kyn bolýar. Atda edenini egni bilen däl-de, ýüregi bilen çekmeli ýeriniň gelendigini duýdy. Motoryny tümmege söýedi-de, gözüni bir nokada dikip oturan Nargözeliň edil gapdaljygyna baryp oturdy. Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolmaýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, Nargözeliň häzirki bolup oturşy şony tassyklaýan ýalydy. Ol ş-şu wagt owadanlyga, görk-görmege guýlan heýkele çalymdaşdy. Indi şol heýkele jan bermekde iş bardy. Nämeden gürrüň açanda boljagynyň pikirine çümen Atda özi bilip-bilmän, ak çägäniň ýüzüne Nargözeliň adyny ýazyp-bozup, ýazyp-bozup oturypdyr.
— Näme edip oturanyňy bileňok öýdýän.
Atda gulaklaryna eşidilen sözleriň gapdalyndaky gözellik heýkeliniňkidigine ynanmajak boldumy, nämemi:
— Nä-äme-e? — diýäýipdir.
Gapdalyna dikanlap seretse, heýkeliň balkyldap duran gözlerinden gaýdýan dür monjugy ýaly gözýaşlar taýly ýaňagynyň ugry bilen boýnunyň ýüzünden emenjek çukuryna tarap syrykýardy. Atda galsa ol gözýaşlary kim näme diýse-de, sapaga düzüp, monjuk edinip, boýnundan asyp gezmejekmi?Häzir oňa maý ýok. Jübüsinden elýaglygyny çykardy, çykaryşy ýaly-da yzyna saldy-da, heýkeliň eýýäm gyzaran hem pökgeren gabaklarynyň aşak etegindäki gözýaş damjalaryny hamala, ele alaýasy gelýän ýaly, usullyk bilen elledi ,ol diýenem bolmansoň, barmaklarynyň ýerine dodaklary bardy. Şorja damjalar! Heýkeliň kellejigi gursagyna ýaplandy. Atdanyň ýüregi sersdi. Ýigrimi ýyl mundan öňki guşakçözdi ýadyna düşdi. Bir tapawudy şonda ikisiniň daşy adamdan ýaňa hümerdi. Häzir weli, saýraşýan guş-gumrular bolaýmasa, bu däli daňaýmaly diýilýän gollaryň içinde Ýer bilen Çögüň arasynda ýalňyz özleri. Heýkeliň sagrysyna düşüp ýatan saçlary çöşlenip, oňa gandym gülleriidir pürleri ilişen eken. Atda olary
19
64
awadan
02.06.2024 14:39

KAKA EJEM NİREDE HEKAÝA
Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady.
— Kaka, ejem gelenog-a.
Gyzynyň bu gezek gyryljygrak çykan sesi häzir höre-köşäniň ýeri däldigini aňdyrdy. Onuň sesindäki howsala Atdanyň çep gursagyna-da geçdi. Işe göterýän gaýyş bukjasyny gyzynyň eline tutduryp, başartdygyndan sep bildirmejek boldy.
— Ýeri, ol gelip-gelmän nirä gidipmiş?
— Ertirki düýe sürüp gidişi.
Atda ýantilindäki sagada seretdi. Içinden «Beh!» diýenini duýman galdy. Daşyndan başgarak hörpden gopdy.
— Gyzym, ejeňe näbeletmi? «Guba çägeleriň üstüne çyksam, Gyzyltakyrdyr Diňlide oturan ýaly bolýan» diýip, alaňlaryň biriniň depesinde oturandyr görseň — diýdi-de, ýoluny dowam ediberdi.
Şu ýere göçüp gelýänçäler kyrk dört ýaş ömründe çarwaçylykdan öwrenen zadynyň — yzçylygyň häzir onuň maňlaýyndan diremeli ýeri. Yz çykarmalydy. Anha, saga tarap bir ýolaýryt sowuldy. Ol obanyň içi bilen şähere çykýar. Yz bolsa geçenok. Çarwaçylykda ýa-da yzçylaryň dilinde muňa daşyndan yz çalmak diýilýär. Atda ýöräberdi. Saga tarap ýene bir ýolaýryt sowuldy. Ol şäheriň çetindäki uly keselhana eltýär. Bolsa-da yz geçenok. Ýol indi obanyň daşy bilen çepe öwrülip, günbatara gönükdi. Ol ýurduň demirgazyk welaýatyna gidýän uly ýola sapýardy. Ertirden soň, örä çykarylan çekene çygrynyň üstünden agaryp ýatan düýe yzyna hemem tanyş köwüş yzlaryna Atda begendi, bogazynyň ýumrusynda bolsa tokga bir zat dykyn alyp duran ýaly boldy. Bu onuň soňky döwürde tapynan zady. Sebäbini-de aňýar. Zybagözel atly özi adyndan owadan bir gelniň mertebesine tokunmasyndan soň, şeýle bolýan boldy. Häzir näme bolanda-da, görjek-eşitjek ýok. Obanyň daşy. Şonda-da özüňe basalyk beren ýagşy. Atda bogazynyň ýumrusynda tegek bolup duran zadyň öňi açylaýmaz ýaly, garşy-garşy ýuwdundy. Ol Nargözeliň öýde girip çykanda geýýänje köwşüniň yzyny tanady. Duran ýeri aklaňyň depesi bolany üçin oba tarap seretdi-seretdi-de, goluň içine tarap eňdi. Soňam ellerini agzyna tutdy-da, «Na-argöz-e-el! Aý, Na-argöz-e-el-o-ow!» diýip, ömür etmedigini edip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. «Ömür etmedigini edip» diýilmesiniň sebäbi bar. Aslynda Nargözeliň gyz ady — Ogulnar, ýöne toý gününiň ertesi gün Atdanyň ejesi pahyr oňa eýýäm « Nargözel!» diýen owadan at dakypdyr. Elbetde, munda gelin ady dessuryndan ugur alnanlygy belli zat. Ynha, Atda gelniniň özi ýaly owadan adyny säherleri ýaňlandyryp gygyrdy. Birinji gezek şeýtdi. Howanyň durulygyndan bolsa gerek, ol at ýaňlanyp , özüne öwrülip gelip duran ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, gollaryň içi-de Nargözeliň adyndan ýaňapüre-pürlenene meňzeş. Atda umydygärlik bilen näçeler gygyrsa-da, Nargözeliň ýaglygyny bulap, «Men bärde» diýip gygyrýan sesini eşidip bilmedi. Gul-gula düşdi. Bolmajagyny bilip, öýlerine tarap ylgady. Albyraňňylykdandyr-da, beýik alaňdan eňip gelýärkä, serrelip gitdi. Üst-başyny kakyşdyryp, gapyda söýelgi duran «IŽ—PLANETA-3»-iň ýangyjyny barlady. Benzin berip, depip gördi. Gumda ýaşaýarkalar goýun ýanyna münmäge hezil beren janawar ýeke depüwde otlandy. Gazy birki gaýta towlanansoň, sesi durlandy. Atda bärik göçüp gelneni bäri, münüp ýörmeýän motoryna atlandy. Gazy gatyrak berdi-de, 1-nji tizlige geçirilen motoryň muftasyny sypdyryp goýberdi. Motor duran ýerinde 180˚öwrüldi. Ýene birki gaýta gaz berip, gündogarky ýapa tutdurdy. Ýapa dyrmaşdym-dyrmaşdymda 2-nji tizlige geçirilen « IŽ» dim-dik beýigiň ýüzünde inçejik tüsse galdyryp, atylyp gitdi. Goýny motorda barýarka yzlamaga endik eden Atda Nargözeli basym tapdy.Jan barlamak üçin habar gatyp gördi.
— Ýene öýkelediňmi?
18
115
awadan
02.06.2024 11:07

MELGUN SOŇY,
Ine, ýönekeý agşamlaryň birinde biz ýene öýe sary ýöräp barýas. Ol menden bäş-alty ädim öňräkde. Gulagy ýene dykylgy, ýöne bu gezek aýdymyň keýpine başyny yralanok. Ýadaw, birneme gaharly görünýär.
Köçe çyralary ýaňy ýakyldy, ýöne sarymtyl yşygy köýüp barýan şemi ýadyňa salýar – körek hem tukat. Iriňi azyp ugran ýara mysaly, daşy gyzaryp, özi sargaran Gün agşamyň gara penjesine sykylyp, gözýetime çogup gidipdir, dessalym garaňky düşdi.
Mähelläniň bu tarapynda ne dükän, ne-de çagalar oýnar ýaly meýdança bar – çolalyk. Käte köçäň beýleki tarapynda gara salgymlar peýda bolýar, ýöne olam uly adammy ýa çagamy, umuman adam çagasymy ýa haýwanmy, düşünip ýetişmänkäň, haýsydyr bir howlyň tümlüginde sumat bolýar. Gür ýaprakly tikenekler, miwesini gaçyryp, ýeri şire-şepbik eden tut agaçlary garaňkylygy hasam goýaldýar. Hanha öýümiz, öňümdäki ýoldaşym eýýäm ýokaryk çala elini galgadýar, diýmek, bäşinji gatdan oňa seredip, garaşyp durandyrlar. Men olara görnemok, kölege ýaly bolup, hatar duran agaçlaň astynda, darajyk garaňky ýodadan ýöräp barýan.
Köçä ýetdik. Indi jaýymyz maňa tutuşlygyna görünýär. Ýokardan bize seredýän ýok. Öýündäkiler eýýämden gapyny açyk goýup, saçagy ýazyp, öý eýesine garaşýandyrlar... Diýmek, biz ikiçäk galdyk...
Agaçlykdan çykyp, köçeden geçmäge hyýallanamda, birden ýoldaşyma gabat gelip, zordan ýeňsesinden süsmän saklanyp ýetişdim. Şol gulaklykly aňkaw edil öňümde duran eken. Yzyndan ýetenimem aňşyrmady. Çep tarapdan agyr ýük maşynyň faralaryny ýakyp gelýänini görüp, aýak çeken borly, ýogsam köçäni geçeýin diýse, arkaýyn ýetişibem biljek, äwmänjik ýöräre-de ýeterlik ara bar.
Maşynyň sürüjisi ätiýaçdan zoguna basdy, ýöne süýkdürmän, ýekeje bogunluk... düýt!
Ol butnaman dur.
Gulaklary dykylgy.
Oňa bu zok geregem däl. Onsuzam ýol berjek. Awtobusda her öňýetene ornuny berşi ýaly.
Owfuldap, kellesini aýlap, boýnoňurgasyny şykyrdadýar, ýuwaşjadan sögünýär. Bajjyňy... Näme saz diňleýärkä?
Ýük maşyn deňimize ýetýänçä garaşýan-da, birden bat bilen arkasyndan depýän.
Lellim nalajedeýin, bir tüýsli ebeteýsiz büdräp, ýoluň ortasynda iki dyzyna ýykylýar. Jyňkam çykyp ýetişenok. Diňe bir şyrkyldyjyk ýaňlanýar. Bolany. Ol şyrkyldy diýýänimem – pytrap giden gulaklygyň döwülşiniň sesi bolsa gerek. Sürüji nämedir bir zady döweläp geçendigine düşünip, haýaljykdan saklanýar, ýöne motoryny söndürenok, gapysyny açyp, yzyna gaňrylýar, emma daşyna çykanok. On, on bäş sekunt eglenip, hiç hili ses-seda eşidilmänligi ýa hiç zada gözi düşmänligi üçinmi, ýa ähmiýet bermedimi, ýa gorkdumy... ýuwaşlykdan, müýni bar ýaly assajykdan ýoluny dowam etdirýär.
Men yza süýşüp, agajyň düýbünde bukulýan. Gözümiň gytagynda, ýolda bir garaň ýatandygyny aňýän, ýörite seredemok.
Maşyn uzaklaşandan soň, howlukmanjyk çola köçäni aşýan.
Bagly howlularyň gapdaly bilen ýöräp, jaýa sümülýän. Bu gezek liftde garaşyp duran adam ýok. Gaýtam özüm lifte garaşmaly bolýan.
Düwme basyldy. Lift göterildi. Ine, öýe ýetdim.
Serimde boşluk. Ýok... boşluk däl. Hemişeki pikirler... Okuwçy döwrümiz. Şol owadan gyz...
Gapy açyk eken. Içerden palawyň ysy gelýär.
– Salam, gyzym...– diýip, işigi içinden gulpladym-da, açaryny sogrup, jübime saldym. – Keýwany. Ýurt eýesi geldi!
Öňümden çykan eneli-gyz bar zatdan beter, arkamda jaýtaryp duran guýrukdan gorkana meňzeýär.

© Maksat BÄŞIMOW
16
67
awadan
01.06.2024 17:50

Hälkiñ dovamy (2) dovamy bar
Dogrusy, bu makawymyzyňam şol şahly murtdan zyýat ýeri bardyr öýdemok. Aýdypdyr ahyry ata-babalarymyz, ertir aga-inilerimizem aýdar elbetde, kimiň kimi tapjagyny, suwuňam nirä akjagyny.

Onuň bilen goňşuçylykda ýaşamak hasam ezýetli. Her gezek öýe golaýlanymyzda, ony jaýymyzyň bäşinji gatynyň balkonyndan ýaşajyk, owadanja gelni bilen üç ýaşly gyzjagazy elini bulaýlap, garşylaýar. Bu nalajedeýinem körek fonar bilen ýagtyltdym edilen, darajyk birtaraplaýyn köçäň heniz bäri tarapyndaka ökjesini galdyryp (hamala şeýdende öýüne boýy ýetäýjek ýa ýerden gopup uçaýjak ýaly), maşgalasyna posa yzyna posa ýollap başlaýar. Suwjuk günüňe ýanaýyn, ildenem utananok, ýogsam yzyndan meň gelýänimem bilip dur ahyryn.
Ine, soňam ikimiz alagaraňky köçäni aşyp, gür agaçly howlujyklaryň deňinden geçip, jaýyň arka tarapyna bararys.
Men her gezek ondan aramy açyp, garaňky tarapdan ýöreýän, ýöne lifte münende yzyndan ýetýän. Mümkin, özi wagty bilen ugraýman, liftiň gapysyny saklan bolup durýandyr? Menden minnetdarlyk alaýjak bolýandyr. Eger-eger dil ýaraýarmykam. Bäşinji gata ýetýänçäk, ol gulagyndakysyny aýyrýar, barmaklary bilen saçyny daraklaýar, soňam meň bilen hoşlaşyp, öýüne girýär. Hiç haçan hatda sypaýyçylyga salybam içeri çagyraýmaz, öýüne getirmäge gorkýarmy nämemi? Megerem, heleýini gabanýandyr.
Onuň kisesinden ýa torbasyndan açar çykaranyny göremok, öýüniň gapysy haçan görseň açykdyr. Gelýänini bilip, aýaly gapyny gulplaman goýýandyr-da.
Soňra men liftde özümiň porsy (nämäniň yslanandygyny hiç anyklabilmän geçdim), sowuk, boş, gugaryp duran tünegime ýetýänçäm, ýaňkyň ondan soňky durmuşyny göz öňüme getirýän.
Häzir ol içeri girip, «Ine, ýurt eýesi geldi!» diýip gygyran bolar, bu sese ylgap gelen gyzjagazyny göterip, ýaňagyndan ogşar, keýwanysy bilenem şapbyldaşar. Owadan gelin: «Geldiňmi, är jan?» diýip, bälçirän bolar. Üç adamlyk hojalyk öňünden taýýar kylnan aşyň başyna geçer, iýip-içerler, adamsy işde gören-eşidenleri hakynda gürrüň berer, soň maşgala bolup, diwanyň üstünde çöküşip, ekstrasenslere ýa kinojyga tomaşa ederler. Soň gyzjagazy kakasynyň gujagynda uklap galar, är-aýalam uzyn günüň surnukmasyna garamazdan, pursady gidirmezlik üçin pişik basyşyny edip, ýatym jaýyna geçer...
Fantaziýamyň iň gyzykly ýerinde her sapar liftiň gapysy açylyp, oý-hyýalymyň öňüni ýiti ysly dymyljyk duman baglar.Ol aňkaw gawunyň gowsunyň kime nesip edýänligi baradaky aýtgyň diri delili bolup ýaşap ýör. Bir tarapdan, men oňa minnetdaram. Onuň aýalyny, durmuşyny, dünýäsini göz öňüne getirmänligimde, ýaşaýşymyň gyzygy bolmazdy. Ol hakdaky oý-hyýallar maňa wiagra ýaly täsir edýär.
Özümi birwagtlar, okuwçykak bir gyzyň ugrunda ýeldirgäp ýören döwrümdäki ýaly duýup ugradym. Çynymy aýtsam, mekdepde ol gyz hakda höwes edip, hyllyk akdyrmadyk oglan ýok diýen ýalydy – ýaňky makawam şolaryň biri. Ýöne ol gyz meň çeňňegime ildi. Etjegimi edemsoňam, elden-ele geçip, öýi raýonyň belli gonakhanasyna öwrüldi. Ýöne, he-he, gonakbaşysy mendim! Ol sypanyň soňraky toba gelen bolup, namaz okap ýörşi ýadyma düşende, ýüregim bulanýar.
Garaz, şol wagtky joşgun henizem birpaýyz küýümi iýmitlendirýär.
Ol aňkawyňam durmuşy, meniňem durmuşym biri-birine meňzeş däp-dessura, üýtgewsiz düzgüne, kada görä akyp barýar, ikimizem şol bir kadrlary gaýtalanýan filmiň gahrymanlary ýaly ýaşaýas. Ýöne ol indi öz durmuşynyň baş gahrymansumagy, men bolsa – ekranda käte görnüp gidýän dublýor bolup galdym. Maňa bu rolum üçin hiç hili baýrak berilmejegi düşnükli, emma entek öňe saýlanjak bolup, halys oda-köze düşübem baramok. Ýöne guýrugyny ýamzyna gysyp oturýanlardanam däldirin men, garaňkyda, laýyk bir pursatjyga garaşyp durun. Bir ýekeje güne... ýekeje gijä tamajygym bar...
22
132
awadan
01.06.2024 13:23

MELGUN
hekaýa


Ýene mykyldap barýar.
Gasygynyň ýagy guşagyndan maýasy ýeten hamyr ýaly çogup dur. Garynlak diýmeseň, beýle bir semizem däl. Etli-ganly, deşli ýaş ýigit. Egninde haçan görseň ütüklenen, ýeňi çermelen köýnek, aýagy-da jins balakly. Boýy uzyn, dabanynyň hersi bir ýana garap, düýe patanaklan ýaly ýöreýär.
Ýanýoda geçjek bolup, kiçijik daşjagaza büdreýär. Erre!
Ýene şol äpet gulaklykda. Aýdym diňläninde, käte başyny çaýkaman saklanyp bilenok.
Soňky döwürler ýüzüni sakgala basdyrypdyr.
Adatça eňeginde iküç günde biten tüýüni syrman işe barýan adamlara-ha ilki başlyklary gulak etini iýip, azar ýamanyny berer, soňam uly köçäň gyrasynda egläp, dindardyr öýdüp, resminamasyny sorarlar, onsoň oňa derek ýüzüne özleriniňkiden has gür sakgally adamlaň suraty çekilen kagyzlar bilen sypmaly bolar.
Muň bolsa adyny tutýan ýok. Daşary ýurtlydyr öýdýärlermikä? Ýa ýüzüni nurana görýärlermikä? Aý, ýok, gulaklygyndan, sakgal-murtundan, äýneginden ýaňa ýüzi-gözem görnenok ahyryn, motosikl şleminde gezip ýören ýaly. Diňe selçeňlän saçynyň astyndaky giň maňlaýy ýalpyldap, ullakan burny sömelip durandyr.
Howwa, ýüzünüň üstünde burny bar diýýän men şoňa. Bolup ýörşüni synlamda, ýeňse damarym gataberýär. Kän gözüme ilmese, gulaklygy kellesine ýelmeşendir öýderdim, ýöne men muňa belet. Men mydama şulaň töweregindedim – ilki çagalar bagynda, soň mekdepde, ýaşaýan jaýymyzda, indi hatda edarada-da bile. Ýöne men ondan hemişe, hemme zatda üstün. Ýaşymam uly, bilimimem çuň, durmuş tejribämem ondan ýokary...
Garaz, ol uzakly gün gözümiň alnynda. Işde sazjagazlaryny diňlänok. Gep edip, kino görüp, kitap okan kişi bolup ötürýär wagtyny. Beýlekiler ýaly basa oturyp işlänok. Ýöne, ynanaýyň, bir karamçylyg-a ýüz urýar. Ýogsam bu bihepbeligi bilen aýyň soňunda normatiwleri nädip doldurýarmyşyn? Iň bolmanda, ýokary bilimem ýok ahyryn.

Ikimiz günde şol bir awtobusda işe gatnaýas. Her bir hereketini öwrendim, sorasalar, dürli ýagdaýlarda nätjegini öňündenem aýdyp bilerin: ol ýaşy kyrkdan geçenlere ýer berýär, aýal-maşgala ugrundan dik duran bolsa, ýaş gyz bolaýsa-da, oturup bilenok, ýerine hyrydar däldiklerini aýtsalaram, tutawaja ýapyşan bolup, dikdüşdiligini eder durar. Käte ünsüni başga zatlara sowup oturan beýleki ýaş ýigitlere-de onuň derdinden rahatlyk ýok, tirsegine kakan bolup: «Şu daýza ýer beräýerler, garrap dogan dälsiň-ä» diýip, utandyran bolar, ol samsyklaram zöwwe aýaga galýarlar.
Men bolsa awtobusa münenimden iň yzda ýer basyp alýan. Bärde otursaň – arkaýynçylyk, maýyp-müjrübe-de ýer bermeli bolaňok, hemme ýolagçylaram gözüň alnynda, gyz-gelin münse, synlap, aýnany açyp, şemallap, maza kyly-y-yp oturmaly. Özüm-ä oturgyçda oturan uzyn köýnekli gelin-gyzlaryň aýaga galýan mahalyny gözden sypdyramok, şo pursat ştapyllarynyň batmasyz ýerine batyşyny görmek üçin. Ha-ha. Munuň bilen gyzyklanýan ýeke men däl. Gelinleriň aglabasy turan badyna eşigini çekişdirip, gowlaşdyrýar, ýöne käsi şo durşuna çykalga tarap ýöräp gidýär, onsoň awtobusyň içindäki erkek-göbeklileriň barynyň nazary şol çaýkanýan iki gümmülüň arasyndaky uzyn çukura dikilendir.
Öňem bir halypamyzyň aýdyşy ýaly: «Bizde-de işdä bar...»Emma ýaňky aňkawymyzyň o zeýilli tomaşa bilen işi ýok. Ýa telefonyna dümtünen bolup, aýdym diňlär, ýa-da dik duran ýerinden kitap okan bolar. Okasa-da, aýdym-sazyny öçürmez – baslarynyň urgusy gulak perdesini çekiçläp durandyr, golaýyna barsaň, sazy daşyna eşidiler. Awtobus öwlüýäniň deňinden geçse-de, ne aýdymyny peselder, ne-de töwir galdyrar, makaw!
Şo bolşuna, köpçüligiň gözüne çöp atmaga-da ökde. Her kimiň dilini tapýar, her kim bilen äbede-jüýbe.
Edaramyzda murtly, hiç kim bilen jyny jyňkyryşmaýan, howany gaýçylap gepleýän ýüregedüşgünç ýaşuly bar – hatda şoň bilenem tüýi çümüşen ýeri ýok. Ine, şu meň üçin, dogrusy, iň bir geň tarapy. Özüm-ä, duz kessin, ýaňky şugulçy murta gözüm düşeninden, kellämi satanymdan geçirip, göçügimi synlanymy gowy görerin. Bir ýola ýaňky aňkaw ikimizi şol murtuň gepi üçin tas işimizden pyzypdylar. Tabşyrylan çärä barmansyňyz diýip...

Dogamy bar...
20
107
awadan
31.05.2024 21:09
NESİHATLY HEKAYA
Ümsümlik
Bir ýola bir garry bagyň saýasynda dynç almak üçin dyzyny epipdir. Ol ýere garrynyň durmuş ýörelgesi we pikirleri bilen ylalaşmaýan birnäçe jahyl ýigitler hem ýygnanyp, ýersiz-ýere oňa yrsarap başlapdyrlar. Ýöne, garry özüni parahat alyp baryp, olara barmysyňyz hem diýmändir. Garrynyň özüni parahat alyp barmagy olary has-da öjükdiripdir. Oňaýsyz ýagdaý emele gelipdir: olar garry ruhanyny kemsidipdirler, ol bolsa sesini çykarman arkaýyn otyrmyş. Ahyr, olaryň biri garra habar gatypdyr:
– Bu nä boluş, how. Biz bu gepleriň baryny saňa aýdýarysmykak öýdýäs welin… ýa-da sen eşideňokmy?
– O nähili! Eşidýän! Hut eşidýänligim üçin hem ümsümligimi saklap otyryn-da. Ýigitler, siz bir zada düşüniň, meni kemsidip kemsitmezlik siziň öz işiňiz. Ýöne, siziň samsyklygyňyzy kabul edip etmezlik welin, meniň öz ygtyýarymdaky zat. Men olary inkär edýärin, sebäbi olar kabul edeniňe degenok. Siziň aýyplamalaryňyzy kabul etmeýänligim üçin, siz olary özüňizde saklap bilersiňiz. Şeýle-de, size meni kemsitmegem gadagan edemok. Bu siziň erkinligiňiz we hukugyňyz – diýip, garry parahat jogap beripdir. Soňra bolsa, ýylgyrypdyr-da, batlary gowşap ugran jahyllara ýüzlenip: – Elbetde, siz maňa hiç-hili zeper ýetirmediňiz, hiç-hili birahatlyk döretmediňiz. Bolmasa, bireýýäm menden şu taýagy iýerdiňiz – diýip, elindäki taýagyny olara gezäpdir-de, ýerinden turmak bilen boluberipdir.
Bagban we ýazyjy
Bir bagban adygan ýazyja ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Seniň hekaýalaryňy okadym. Olar maňa diýseň ýarady. Bilýäňmi, men näme hakda pikir etdim? Isleseň men saňa täze hekaýalary ýazmaga bäş-alty sany pikir bereýin. Olaryň maňa geregi ýok. Sebäbi, men ýazyjy däl. Mümkin, sen oňat hekaýalary ýazarsyň, kitap çykararsyň, pul gazanarsyň.
Ýazyjy oňa şeýle jogap beripdir:
– Gardaş, men saňa gowusy şu iýip oturan almamy bereýin! Onda oňat dänelerem bar. Däneleriň maňa geregi ýok, sebäbi, men bagban däl. Mümkin, sen olary ekersiň, oňat almalary ýetişdirersiň, hasylyny ýygnarsyň hem-de ep-eslije gazanarsyň.
– Diňle gardaş! Seniň dişlän almaňa mätäçligim ýok. Meniň almalarym hem, alma agaçlarym hem, özüme ýetik! – diýip, bagban gaharlanyp ugrapdyr.
– Onda, sen näme üçin, meniň pikirlerim özüme ýetmeýändir öýdýärsiň? – diýip, ýazyjy ýylgyrypdyr
20
64
awadan
31.05.2024 10:31
HEKAÝA
Kämillik
Bir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujundan asylyp goýlan eken. Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken. Beýleki küýze bolsa, abat bolup, öýe çenli dolulygyna barýan eken.
Bu ýagdaý birnäçe ýyl dowam edip, zenan öýüne diňe bir ýarym küýze suw eltipdir. Elbetde, abat küýze öz üstünligine az begenmändir. Çat açan betbagt küýze bolsa, öz kemçiliginden utanyp, gynanypdyr. Sebäbi, ol zerur suwuň diňe ýarysyny getirip bilipdir. Bir gezek hälki küýze çeşmäniň başynda eýesine garap zeýrenipdir:
– Men öz ýagdaýymdan gaty utanýan, sebäbi meniň öýe çenli aralykda suwumyň deň ýarysy daşyna akyp gidýär.
Zenan ýylgyryp şeýle diýen:
– Ýodanyň sen tarapdaky gyrasynda gülleriň ösüp oturandygy, beýleki küýze tarapda bolsa, hiç hili gülüň ýokdugy, ünsüňi çekmedimi? Men seniň kemçiligiňi bilýänligim üçin hem seniň tarapyňa gülleri ekdim. Her gün biz yzymyza öwrülenimizde sen olary suwarýarsyň. Eger-de sen şeýle bolmadyk bolsaň, onda bu gözellikler asla-da bolmazdy.
Netije: Her kimiň özüne ýeterlik kemçiligi, şol bir wagtyň özünde hem şahsy aýratynlygy bolup, olar biziň durmuşymyzy gyzykly we arzyly edýär. Şoňa görä, her kimi öz bolşy ýaly kabul edip, ondaky gözellikleri görjek bolmaly.

Iş haky
Işçileriň biri öz hojaýynynyň ýanyna arz edip barypdyr:
– Hojaýyn! Sen näme üçin, Ahmede üç esse köp hak töleýäň? Ýogsam men ýalta-da däl, işleýşim hem Ahmediňkiden pes däl. Seniň bu edýäniň adalatly däl.
Nazaryny uzaklara dikip duran hojaýyn, sakgalyny sypalap, şeýle diýipdir:
– Şo ýerden bir gara görünýär. Göwnüme bolmasa, düýeleriň kerweni ýaly-la. Bar, git-de bilip gel!
Işçi alňasap gidýär. Köp wagt geçmänkä-de yzyna gelip, şeýle diýipdir:
– Dogry eken, hojaýyn! Kerwen geçip barýar.
– Niräň kerwenidigini anyklamadyňmy? Mümkin, Medineden gelýändir?
– Bilmedim.
– Bar, git-de bilip gel.
Işçi gidip, ýene-de öwrülip gelýär.
– Hojaýyn! Dogry eken, Medineden gelýän kerwen eken.
– Ýüki nämekä?
– Bilmedim.
– Bar, git-de, onam bilip gel!
Ol gidip gelip, şeýle diýýär:
– Hojaýyn, kerweniň esasy ýüki hurma eken.
– Bahasyny soramadyňmy?
– Ýok.
– Bar, ony hem bilip gel.
Şol wagt howla giren, Ahmet şeýle diýýär:
– Hojaýyn, golaýymyzdan Medinäniň hurmadan mas ýüklenen düýeleriniň kerweni geçip barýar. Arzanrak gürleşdim, alalymy?
– Alaly.
Onsoň hojaýyn birinji işçä garap, şeýle diýýär:
– Megerem, indi Ahmede näme üçin 3 esse köp hak töleýänligimiň sebäbine düşünen bolsaň gerek.
Uzak ýaşamagyň syry
Habarçylaryň birine 100 ýaşy arka atan garrynyň uzak ýaşamagynyň syrlaryny öwrenmegi tabşyrypdyrlar. Habarçy daglyk ýerde ýerleşýän obadaky ol garrynyň öýüni sorap-idäp tapypdyr we onuň 100 ýaşamagynyň syrlary barada sowal berip başlapdyr. Garry özüniň uzak ýaşamagynyň syryny hiç wagt hiç kim bilen jedelleşmändigi bilen düşündiripdir. Habarçy geň galyp:
– Eýsem, siziň bütin ömrüňizde hiç kim bilen jedelleşmändigiňiz dogrumy? – diýipdir.
– Hawa, dogry.
– Asla, hiç kim bilen jedelleşmediňizmi?
– Hiç kim bilen, hiç kim bilen!
– Be… hatda öz aýalyňyz bilenemmi?
– Hawa, öz aýalym bilenem.
– Hatda öz çagalaryňyz bilenemmi?
– Hawa, çagalarym bilenem.
– Onda 100 ýaşy arka atyp, bir gezegem jedelleşip görmänsiňiz-dä?
– Bir gezegem.
– Hiç haçan hiç kim bilenmi? – diýip, habarçy gaşyny çytyp, gaharlanyp ugrapdyr.
– Hawa-la – diýip, garry parahat jogap beripdir.
Şondan soň, sandyrap ugran habarçy:
– Ýok, siziň bütin ömrüňizde bir saparam kimdir biri bilen jedelleşmezligiňiz bolup biljek zat däl ahyryn! – diýip, gözlerini tegeläpdir.
– Hawa, jedelleşdim, jedelleşdim – diýip, garry ýylgyryp jogap beripdir-de, yzyndan hem şeýle diýipdir:
– Suwjagaz owurtlaýyň!
dowamy bar..
26
113