KAKA EJEM NİREDE (sonky bolumi)
aýryşdyrdy.
Heýkeliň sesi eşidildi:
— Köýnegiň ýagyrnysy çintik-çintik gara-la, bir zad-a syçrapdyr?
— Motoryň tüsseçykarynyň işidir o. — Atdanyň sesi haýyşmy, sala salyjylykmy ýa teklipmi bir äheňde çykdy. — Gaýtmaýasmy? Çagalaryň gözi ýoldadyr.
— Gaýdaly, ýöne öňürti köşege gysym-penje ot alynsa gowy bordy.
Atda:
— Häzir — diýdi-de, sargylt, gyzgylt güllere basyrynyp oturan gandymly depä tarap dyrmaşdy. Pürli, güllän gandym şahalarynyň — çalynyň bir goltugyny ulagyň oturgyjynyň yzyndaky goş-kötele niyetlenen ýörite ýere daňdy. Motora benzin berdi. Suw yaly diýilýän ulag-a ýeke depüwe, Nargözelem motoryň otlanaryna garaşyp duran yaly, ugramaga hyýallandylar. Atda motory birinji tizlige geçirdi-de, muftany ýuwaşja goýberip, gazy şoňa görä köpeltdi. Şeýdip ugrasaň, sen özüňi motoryň üstünde däl-de, hamala, sallançagyň içinde ýaly rahat duýýarsyň. Atdanyň edil häzir beýtmesi dogrusy, Nargözeliň göwnüni görmek üçinem däl, onuň başga sebäpleri bar: birinjiden, öýden gaýdyşynky ýaly, batly ugrajak bolsa, ulagyň yzky tekeri gum peşäp, yzda oturan Nargözeliň arkasyna gum sowurjak, ýakasyndan-da girse girjek, ikinjiden, duran ýeri boş gum bolansoň, batsa batmagy-da mümkin. Owarram, garnyna çenli bataýanda-da motor maşyn däl, çekip çykaryp bolýar. Atdany çekindiren zat-birinji sebäp:öňem höre-köşe bilen seýiklenen göwün ýene ynjasa,ol aýna ýaly bir zat ahyry, çeňk tutmasa, tutmaz-da! Şeýle howatyrdan halas bolan Atda:
— Obanyň gündogarsyndan eňýän uly ýola düşüp ýöräýinmi ýa gönüläýinmi?
Nargözel ulagyň aýakbasaryna dikine galan bolarly, demi edil nika günündäki ýaly, çep gulagynyň düýbi bilen ýaňagyny çawlap gitdi.
— Aýlanyp-öwrülip ýörme-de, gönüläbersene!
— Onda atasy öýüňize gatnan ýyllaryňy ýatlarsyň-da!
Nargözel Atdanyň bu sözleriniň niräni tozadýandygyny aňdy. Ulag bökjek ýerinde iki aýagyňa diklenmelidi. Şeýtseň, bir-ä özüňe rahat, ikinjiden, ruldaky üçin sürmek ýeňil, galyberse-de, ulagyň ýüki ýeňlän ýaly bolýar.
Ol:
— Bolýa — diýdi.
Motor ilerden gaýralygyna uzalyp ýatan dim-dik depeleri gördüm-bildimem etmän, sähel salymda hälki ugran ýerine öwrülip geldi. Gapyda saklanan ulagyň sesine içerden bosup çykan çagalary Atdanyň gözüne bolmasa, eýýäm horugana meňzeşdi. Çüperäkligindenmi, nämemi ýa ene hamraklygyndanmy, anha, Nargözeliň giň gujagyna olaryň birbada üçüsi sygaýypdyr.Çagalarynyň ekabyrragy, ýer ýaly ýuwaş diýilýän gyzy:
— Kaka, ejemi nireden tapdyň-a! — dýdi.
— Mamaňlardan.
Hergiz, böwrüne sanjy, ünji bolýan zatlary oýunlyga salyp ýeňledegen kakasynyň jogabyna gyzy gülüp goýberdi. Gujagyndaky çülpelerini yzyna tirkäp, meýdandan getirilen gülli gandymy goltuklap, köşege bermek üçin eýýäm ýataga barýan ejesiniň yzyndan gygyrdy:
— Eje, kakamyň diýýänini eşidýäňmi?
Nargözel gidip barşyna sagynaýynam diýmän dillendi:
— Aý, kakaňdyr-da!
Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW