awadan
02.06.2024 11:07

MELGUN SOŇY,
Ine, ýönekeý agşamlaryň birinde biz ýene öýe sary ýöräp barýas. Ol menden bäş-alty ädim öňräkde. Gulagy ýene dykylgy, ýöne bu gezek aýdymyň keýpine başyny yralanok. Ýadaw, birneme gaharly görünýär.
Köçe çyralary ýaňy ýakyldy, ýöne sarymtyl yşygy köýüp barýan şemi ýadyňa salýar – körek hem tukat. Iriňi azyp ugran ýara mysaly, daşy gyzaryp, özi sargaran Gün agşamyň gara penjesine sykylyp, gözýetime çogup gidipdir, dessalym garaňky düşdi.
Mähelläniň bu tarapynda ne dükän, ne-de çagalar oýnar ýaly meýdança bar – çolalyk. Käte köçäň beýleki tarapynda gara salgymlar peýda bolýar, ýöne olam uly adammy ýa çagamy, umuman adam çagasymy ýa haýwanmy, düşünip ýetişmänkäň, haýsydyr bir howlyň tümlüginde sumat bolýar. Gür ýaprakly tikenekler, miwesini gaçyryp, ýeri şire-şepbik eden tut agaçlary garaňkylygy hasam goýaldýar. Hanha öýümiz, öňümdäki ýoldaşym eýýäm ýokaryk çala elini galgadýar, diýmek, bäşinji gatdan oňa seredip, garaşyp durandyrlar. Men olara görnemok, kölege ýaly bolup, hatar duran agaçlaň astynda, darajyk garaňky ýodadan ýöräp barýan.
Köçä ýetdik. Indi jaýymyz maňa tutuşlygyna görünýär. Ýokardan bize seredýän ýok. Öýündäkiler eýýämden gapyny açyk goýup, saçagy ýazyp, öý eýesine garaşýandyrlar... Diýmek, biz ikiçäk galdyk...
Agaçlykdan çykyp, köçeden geçmäge hyýallanamda, birden ýoldaşyma gabat gelip, zordan ýeňsesinden süsmän saklanyp ýetişdim. Şol gulaklykly aňkaw edil öňümde duran eken. Yzyndan ýetenimem aňşyrmady. Çep tarapdan agyr ýük maşynyň faralaryny ýakyp gelýänini görüp, aýak çeken borly, ýogsam köçäni geçeýin diýse, arkaýyn ýetişibem biljek, äwmänjik ýöräre-de ýeterlik ara bar.
Maşynyň sürüjisi ätiýaçdan zoguna basdy, ýöne süýkdürmän, ýekeje bogunluk... düýt!
Ol butnaman dur.
Gulaklary dykylgy.
Oňa bu zok geregem däl. Onsuzam ýol berjek. Awtobusda her öňýetene ornuny berşi ýaly.
Owfuldap, kellesini aýlap, boýnoňurgasyny şykyrdadýar, ýuwaşjadan sögünýär. Bajjyňy... Näme saz diňleýärkä?
Ýük maşyn deňimize ýetýänçä garaşýan-da, birden bat bilen arkasyndan depýän.
Lellim nalajedeýin, bir tüýsli ebeteýsiz büdräp, ýoluň ortasynda iki dyzyna ýykylýar. Jyňkam çykyp ýetişenok. Diňe bir şyrkyldyjyk ýaňlanýar. Bolany. Ol şyrkyldy diýýänimem – pytrap giden gulaklygyň döwülşiniň sesi bolsa gerek. Sürüji nämedir bir zady döweläp geçendigine düşünip, haýaljykdan saklanýar, ýöne motoryny söndürenok, gapysyny açyp, yzyna gaňrylýar, emma daşyna çykanok. On, on bäş sekunt eglenip, hiç hili ses-seda eşidilmänligi ýa hiç zada gözi düşmänligi üçinmi, ýa ähmiýet bermedimi, ýa gorkdumy... ýuwaşlykdan, müýni bar ýaly assajykdan ýoluny dowam etdirýär.
Men yza süýşüp, agajyň düýbünde bukulýan. Gözümiň gytagynda, ýolda bir garaň ýatandygyny aňýän, ýörite seredemok.
Maşyn uzaklaşandan soň, howlukmanjyk çola köçäni aşýan.
Bagly howlularyň gapdaly bilen ýöräp, jaýa sümülýän. Bu gezek liftde garaşyp duran adam ýok. Gaýtam özüm lifte garaşmaly bolýan.
Düwme basyldy. Lift göterildi. Ine, öýe ýetdim.
Serimde boşluk. Ýok... boşluk däl. Hemişeki pikirler... Okuwçy döwrümiz. Şol owadan gyz...
Gapy açyk eken. Içerden palawyň ysy gelýär.
– Salam, gyzym...– diýip, işigi içinden gulpladym-da, açaryny sogrup, jübime saldym. – Keýwany. Ýurt eýesi geldi!
Öňümden çykan eneli-gyz bar zatdan beter, arkamda jaýtaryp duran guýrukdan gorkana meňzeýär.

© Maksat BÄŞIMOW
16
67
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.