Hälkiñ dovamy (2) dovamy bar
Dogrusy, bu makawymyzyňam şol şahly murtdan zyýat ýeri bardyr öýdemok. Aýdypdyr ahyry ata-babalarymyz, ertir aga-inilerimizem aýdar elbetde, kimiň kimi tapjagyny, suwuňam nirä akjagyny.
Onuň bilen goňşuçylykda ýaşamak hasam ezýetli. Her gezek öýe golaýlanymyzda, ony jaýymyzyň bäşinji gatynyň balkonyndan ýaşajyk, owadanja gelni bilen üç ýaşly gyzjagazy elini bulaýlap, garşylaýar. Bu nalajedeýinem körek fonar bilen ýagtyltdym edilen, darajyk birtaraplaýyn köçäň heniz bäri tarapyndaka ökjesini galdyryp (hamala şeýdende öýüne boýy ýetäýjek ýa ýerden gopup uçaýjak ýaly), maşgalasyna posa yzyna posa ýollap başlaýar. Suwjuk günüňe ýanaýyn, ildenem utananok, ýogsam yzyndan meň gelýänimem bilip dur ahyryn.
Ine, soňam ikimiz alagaraňky köçäni aşyp, gür agaçly howlujyklaryň deňinden geçip, jaýyň arka tarapyna bararys.
Men her gezek ondan aramy açyp, garaňky tarapdan ýöreýän, ýöne lifte münende yzyndan ýetýän. Mümkin, özi wagty bilen ugraýman, liftiň gapysyny saklan bolup durýandyr? Menden minnetdarlyk alaýjak bolýandyr. Eger-eger dil ýaraýarmykam. Bäşinji gata ýetýänçäk, ol gulagyndakysyny aýyrýar, barmaklary bilen saçyny daraklaýar, soňam meň bilen hoşlaşyp, öýüne girýär. Hiç haçan hatda sypaýyçylyga salybam içeri çagyraýmaz, öýüne getirmäge gorkýarmy nämemi? Megerem, heleýini gabanýandyr.
Onuň kisesinden ýa torbasyndan açar çykaranyny göremok, öýüniň gapysy haçan görseň açykdyr. Gelýänini bilip, aýaly gapyny gulplaman goýýandyr-da.
Soňra men liftde özümiň porsy (nämäniň yslanandygyny hiç anyklabilmän geçdim), sowuk, boş, gugaryp duran tünegime ýetýänçäm, ýaňkyň ondan soňky durmuşyny göz öňüme getirýän.
Häzir ol içeri girip, «Ine, ýurt eýesi geldi!» diýip gygyran bolar, bu sese ylgap gelen gyzjagazyny göterip, ýaňagyndan ogşar, keýwanysy bilenem şapbyldaşar. Owadan gelin: «Geldiňmi, är jan?» diýip, bälçirän bolar. Üç adamlyk hojalyk öňünden taýýar kylnan aşyň başyna geçer, iýip-içerler, adamsy işde gören-eşidenleri hakynda gürrüň berer, soň maşgala bolup, diwanyň üstünde çöküşip, ekstrasenslere ýa kinojyga tomaşa ederler. Soň gyzjagazy kakasynyň gujagynda uklap galar, är-aýalam uzyn günüň surnukmasyna garamazdan, pursady gidirmezlik üçin pişik basyşyny edip, ýatym jaýyna geçer...
Fantaziýamyň iň gyzykly ýerinde her sapar liftiň gapysy açylyp, oý-hyýalymyň öňüni ýiti ysly dymyljyk duman baglar.Ol aňkaw gawunyň gowsunyň kime nesip edýänligi baradaky aýtgyň diri delili bolup ýaşap ýör. Bir tarapdan, men oňa minnetdaram. Onuň aýalyny, durmuşyny, dünýäsini göz öňüne getirmänligimde, ýaşaýşymyň gyzygy bolmazdy. Ol hakdaky oý-hyýallar maňa wiagra ýaly täsir edýär.
Özümi birwagtlar, okuwçykak bir gyzyň ugrunda ýeldirgäp ýören döwrümdäki ýaly duýup ugradym. Çynymy aýtsam, mekdepde ol gyz hakda höwes edip, hyllyk akdyrmadyk oglan ýok diýen ýalydy – ýaňky makawam şolaryň biri. Ýöne ol gyz meň çeňňegime ildi. Etjegimi edemsoňam, elden-ele geçip, öýi raýonyň belli gonakhanasyna öwrüldi. Ýöne, he-he, gonakbaşysy mendim! Ol sypanyň soňraky toba gelen bolup, namaz okap ýörşi ýadyma düşende, ýüregim bulanýar.
Garaz, şol wagtky joşgun henizem birpaýyz küýümi iýmitlendirýär.
Ol aňkawyňam durmuşy, meniňem durmuşym biri-birine meňzeş däp-dessura, üýtgewsiz düzgüne, kada görä akyp barýar, ikimizem şol bir kadrlary gaýtalanýan filmiň gahrymanlary ýaly ýaşaýas. Ýöne ol indi öz durmuşynyň baş gahrymansumagy, men bolsa – ekranda käte görnüp gidýän dublýor bolup galdym. Maňa bu rolum üçin hiç hili baýrak berilmejegi düşnükli, emma entek öňe saýlanjak bolup, halys oda-köze düşübem baramok. Ýöne guýrugyny ýamzyna gysyp oturýanlardanam däldirin men, garaňkyda, laýyk bir pursatjyga garaşyp durun. Bir ýekeje güne... ýekeje gijä tamajygym bar...