KAKA EJEM NİREDE hekayan dovamy
Nargözel ne «Hawa» diýdi, ne-de «Ýok».
«Bolýa-laý!» diýen Atdanyň sesi müýnli çykdy. Bogsaklap sagylýan düýeleri bardy. Irden işe gitjek bolup durka Nargözel oňa «Bogsak çekişäý!» diýipdi. Göreniň Atda, öňem işe gyssanyp duransoň, «Sagybam bereýinmi?» diýäýmezmi. Ýeri, «Çagalaň bilen günüňi göraýsene!» diýse-hä allanäme boljak. Göwni synypdyr. Ber habary. Kakasy Esenmyrat aga pahyr «Göwün ýykmak Käbäni ýykmak bilen deňmiş»diýerdi. Synan göwnüň seýik tutmasy kyn bolýar. Atda edenini egni bilen däl-de, ýüregi bilen çekmeli ýeriniň gelendigini duýdy. Motoryny tümmege söýedi-de, gözüni bir nokada dikip oturan Nargözeliň edil gapdaljygyna baryp oturdy. Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolmaýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, Nargözeliň häzirki bolup oturşy şony tassyklaýan ýalydy. Ol ş-şu wagt owadanlyga, görk-görmege guýlan heýkele çalymdaşdy. Indi şol heýkele jan bermekde iş bardy. Nämeden gürrüň açanda boljagynyň pikirine çümen Atda özi bilip-bilmän, ak çägäniň ýüzüne Nargözeliň adyny ýazyp-bozup, ýazyp-bozup oturypdyr.
— Näme edip oturanyňy bileňok öýdýän.
Atda gulaklaryna eşidilen sözleriň gapdalyndaky gözellik heýkeliniňkidigine ynanmajak boldumy, nämemi:
— Nä-äme-e? — diýäýipdir.
Gapdalyna dikanlap seretse, heýkeliň balkyldap duran gözlerinden gaýdýan dür monjugy ýaly gözýaşlar taýly ýaňagynyň ugry bilen boýnunyň ýüzünden emenjek çukuryna tarap syrykýardy. Atda galsa ol gözýaşlary kim näme diýse-de, sapaga düzüp, monjuk edinip, boýnundan asyp gezmejekmi?Häzir oňa maý ýok. Jübüsinden elýaglygyny çykardy, çykaryşy ýaly-da yzyna saldy-da, heýkeliň eýýäm gyzaran hem pökgeren gabaklarynyň aşak etegindäki gözýaş damjalaryny hamala, ele alaýasy gelýän ýaly, usullyk bilen elledi ,ol diýenem bolmansoň, barmaklarynyň ýerine dodaklary bardy. Şorja damjalar! Heýkeliň kellejigi gursagyna ýaplandy. Atdanyň ýüregi sersdi. Ýigrimi ýyl mundan öňki guşakçözdi ýadyna düşdi. Bir tapawudy şonda ikisiniň daşy adamdan ýaňa hümerdi. Häzir weli, saýraşýan guş-gumrular bolaýmasa, bu däli daňaýmaly diýilýän gollaryň içinde Ýer bilen Çögüň arasynda ýalňyz özleri. Heýkeliň sagrysyna düşüp ýatan saçlary çöşlenip, oňa gandym gülleriidir pürleri ilişen eken. Atda olary