KAKA EJEM NİREDE HEKAÝA
Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady.
— Kaka, ejem gelenog-a.
Gyzynyň bu gezek gyryljygrak çykan sesi häzir höre-köşäniň ýeri däldigini aňdyrdy. Onuň sesindäki howsala Atdanyň çep gursagyna-da geçdi. Işe göterýän gaýyş bukjasyny gyzynyň eline tutduryp, başartdygyndan sep bildirmejek boldy.
— Ýeri, ol gelip-gelmän nirä gidipmiş?
— Ertirki düýe sürüp gidişi.
Atda ýantilindäki sagada seretdi. Içinden «Beh!» diýenini duýman galdy. Daşyndan başgarak hörpden gopdy.
— Gyzym, ejeňe näbeletmi? «Guba çägeleriň üstüne çyksam, Gyzyltakyrdyr Diňlide oturan ýaly bolýan» diýip, alaňlaryň biriniň depesinde oturandyr görseň — diýdi-de, ýoluny dowam ediberdi.
Şu ýere göçüp gelýänçäler kyrk dört ýaş ömründe çarwaçylykdan öwrenen zadynyň — yzçylygyň häzir onuň maňlaýyndan diremeli ýeri. Yz çykarmalydy. Anha, saga tarap bir ýolaýryt sowuldy. Ol obanyň içi bilen şähere çykýar. Yz bolsa geçenok. Çarwaçylykda ýa-da yzçylaryň dilinde muňa daşyndan yz çalmak diýilýär. Atda ýöräberdi. Saga tarap ýene bir ýolaýryt sowuldy. Ol şäheriň çetindäki uly keselhana eltýär. Bolsa-da yz geçenok. Ýol indi obanyň daşy bilen çepe öwrülip, günbatara gönükdi. Ol ýurduň demirgazyk welaýatyna gidýän uly ýola sapýardy. Ertirden soň, örä çykarylan çekene çygrynyň üstünden agaryp ýatan düýe yzyna hemem tanyş köwüş yzlaryna Atda begendi, bogazynyň ýumrusynda bolsa tokga bir zat dykyn alyp duran ýaly boldy. Bu onuň soňky döwürde tapynan zady. Sebäbini-de aňýar. Zybagözel atly özi adyndan owadan bir gelniň mertebesine tokunmasyndan soň, şeýle bolýan boldy. Häzir näme bolanda-da, görjek-eşitjek ýok. Obanyň daşy. Şonda-da özüňe basalyk beren ýagşy. Atda bogazynyň ýumrusynda tegek bolup duran zadyň öňi açylaýmaz ýaly, garşy-garşy ýuwdundy. Ol Nargözeliň öýde girip çykanda geýýänje köwşüniň yzyny tanady. Duran ýeri aklaňyň depesi bolany üçin oba tarap seretdi-seretdi-de, goluň içine tarap eňdi. Soňam ellerini agzyna tutdy-da, «Na-argöz-e-el! Aý, Na-argöz-e-el-o-ow!» diýip, ömür etmedigini edip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. «Ömür etmedigini edip» diýilmesiniň sebäbi bar. Aslynda Nargözeliň gyz ady — Ogulnar, ýöne toý gününiň ertesi gün Atdanyň ejesi pahyr oňa eýýäm « Nargözel!» diýen owadan at dakypdyr. Elbetde, munda gelin ady dessuryndan ugur alnanlygy belli zat. Ynha, Atda gelniniň özi ýaly owadan adyny säherleri ýaňlandyryp gygyrdy. Birinji gezek şeýtdi. Howanyň durulygyndan bolsa gerek, ol at ýaňlanyp , özüne öwrülip gelip duran ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, gollaryň içi-de Nargözeliň adyndan ýaňapüre-pürlenene meňzeş. Atda umydygärlik bilen näçeler gygyrsa-da, Nargözeliň ýaglygyny bulap, «Men bärde» diýip gygyrýan sesini eşidip bilmedi. Gul-gula düşdi. Bolmajagyny bilip, öýlerine tarap ylgady. Albyraňňylykdandyr-da, beýik alaňdan eňip gelýärkä, serrelip gitdi. Üst-başyny kakyşdyryp, gapyda söýelgi duran «IŽ—PLANETA-3»-iň ýangyjyny barlady. Benzin berip, depip gördi. Gumda ýaşaýarkalar goýun ýanyna münmäge hezil beren janawar ýeke depüwde otlandy. Gazy birki gaýta towlanansoň, sesi durlandy. Atda bärik göçüp gelneni bäri, münüp ýörmeýän motoryna atlandy. Gazy gatyrak berdi-de, 1-nji tizlige geçirilen motoryň muftasyny sypdyryp goýberdi. Motor duran ýerinde 180˚öwrüldi. Ýene birki gaýta gaz berip, gündogarky ýapa tutdurdy. Ýapa dyrmaşdym-dyrmaşdymda 2-nji tizlige geçirilen « IŽ» dim-dik beýigiň ýüzünde inçejik tüsse galdyryp, atylyp gitdi. Goýny motorda barýarka yzlamaga endik eden Atda Nargözeli basym tapdy.Jan barlamak üçin habar gatyp gördi.
— Ýene öýkelediňmi?